Gorkmak gerek däldir, gara dumandan,
Gorkmak gerek däldir, jübiń boş çagy.
Beýik sepgitlerden gorkmak gerek däl,
Batgalykdan gorkan, zabyz etmez dagy.
Söýmek-söýülmekden gorkmak, gerek däl,
Gorkmak gerek ýalan, gybatdan şerden.
Ömürlik bir zatdan gorkmaly bolsa,
Enäń gözýaşyndan heser et, her dem.
Gyşyñ añzagyndan, gorkmak gerek däl,
Gorkmak gerek kalbyñ sowaşmagyndan.
Heder et dosturap ýüzüñe gülip,
Şol dostuñ arkañdan söweşmeginden.
Gorkmak gerek däldir, daýaw göwreden,
Içini pis basan, kiçijikden gork.
Hiç çekinme, hiç çekinme wepa berjek köpekden,
Goh edip, boş üýrýän güjüjekden gork.
Mazarlykdan gorkma, gorkma ölümden,
Dirilerden hergiz ätiýaçly bol.
Özüñkini ýitirmeklikden gorksañ,
Özgäñ malyna-da, uzatmagyl gol.
Ilkinji nobatda özüñe ynan,
Dyz çökmek gerek däl özgäñ öñünde.
Ýoldaky böwetden, gorkmak ne derkar,
Ynam ýaşap ýörkä ýeriñ ýüzünde.
Gorkmak gerek däldir, agyr zähmetden,
Ýeñil üstünlikden gorkmaklyk gerek.
Çekinme urgudan, dogruçyllykdan,
Damja ýalan gepden, gork oña derek.
Sen ýetip bilmeseñ, beýik sepgide,
Bardyr onuñ özün ýetirmeklik hem.
Öñe ýöremekden gorkmagyn hergiz,
Gorkmak gerek ýoluñ, ýitirmeklikden.
Gorkyñ ýüzine gül, gaçmagyn kyndan,
Gorkmak gerek diñe, içki gorkyñdan!
Awtory: Kerim Hallyýew
Gorkmak gerek däl...
-
yekejam.
3 years ago
- Kerim Hallyyewmi bira bolmaly yalnysmasam
-
yekejam.
3 years ago
- Kerim Hallyyew bolmaly awtory
-
FanB...
3 years ago
- Kerim Hallyýew awtoryy
-
Mr.WriTer
3 years ago
- ++++
-
wagt
3 years ago
- Bu goşgy Halyl agañkam däl, Kerimiñkem däl...
Goşgy rus şahyry Ýewgeniý Ýewtuşenko diýen şahyryñky. Kerim diñe onuñ öñ başga biri tarapyndan edilen terjimesiniñ yzyna özünden birki bendi goşup, öz adyndan yayratdy.. ))
-
wagt
3 years ago
- Не надо бояться густого тумана,
Не надо бояться пустого кармана.
Не надо бояться ни горных потоков, ни топей болотных, ни грязных подонков!
Не надо бояться тяжёлой задачи, а надо бояться дешёвой удачи.
Не надо бояться быть честным и битым, а надо бояться быть лживым и сытым!
Умейте всем страхам в лицо рассмеяться - лишь собственной трусости надо бояться!
1978 г.
Евгений ЕВTУШЕНКО.
http://kitapcy.com/news/2019-03-30-6157
-
DonMaxx
3 years ago
- Kerim Hallyny halamogay juyje yaly bolup
-
BeZZaT.
3 years ago
- Hahaaaaa
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- +++like
-
FanB...
3 years ago
- Öñemä gaty bir halamokdym. Ýöne ozi yazyandyr diyip pikir edyadim welin Bu goşgynyñ açyklamasyndan soñ wooobshe yigrendim
-
wagt
3 years ago
- Kim nirden näme ogurlaýar...
Kim edebiyat ogrusy... bilesi gelen kitapcy.com-a gelibermeli ))
-
FanB...
3 years ago
- Wagt aga sen kitapcy.comyñ adminimi ya moderimi ya duybuni tutujylaryñ birimi ya soñ satyn alyp adminlik edyañmi?
Şu barada aydaysañ hoşal bolardym
-
wagt
3 years ago
- Bûtin bu soraglaryñy jogaplamagy zerurlygy yok hasaplaýaryn..
Okyja diñe çeper edebiyat gyzykly bolmalymyka diyyärin...
-
FanB...
3 years ago
- Ceper edebiyat bilenem gyzyklanyan yone bilesim geldi. Zyyany yok jogaplamadygyñ uçin oyke kine edemok
LadaKalina. 3 years ago- ++++++