Indi ahmyr çekmek hebesdir, hebes!
Perwanaň hijrany boýn aldy, dünýäm.
Öýkene ýetenok azajyk nepes,
Köňül kölüm eýýäm boýlandy, dünýäm.
Ýolumyz sowamy, özümiz tersmi —
bilemok.
Bilýänim: söwdamyz şertli...
Derdimiz dermana dep boljak dertmi?!
Ah, dermansyzlygy söýlendi, dünýäm.
Ýene-de nijeme ahmyr bar içde,
Hemmesem gam bilen gowruldy, bişdi.
Şu mahal ýene-de ýadyma düşdüň...
Aýralygyň toýy toýlandy, dünýäm.
Kalba damja bilen siňýäň ýagyşda,
Ýüregmiň agysy „diňýär“ ýagyşda...
Bolmady.
Ölmedim.
Ýöne bagyşla:
Aşygyň bir zyba öýlendi, dünýäm...
Sapa HOMMADOW
„Şu mahal ýene-de ýadyma düşdüň...“
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- ++++
27.01.2021ý 0:19
-
DonMaxx
4 years ago
- men bola Sapa+++
-
ZET-PRO2003
4 years ago
- bett, sps ýetireniňize :-)
-
wagt
4 years ago
- Talyplar.coma gireniñde nrgözel goşgularyñ gapdalynda biri birlerine agyzlaryndan gelen hapa paýyş sözli wejera bloglara gözüñ düşýär welin, şeker sepilen bok göz öñüne gelýär.
-
wagt
4 years ago
- @Pegas yaly az sanly agzanyñ açyan az sanly saldamlyja bloglary barybir talyplar.comy bu bokçulykdan saylamaga ejiz gelýär.
-
wagt
4 years ago
- Biz-ä indi şolañ wejera bloglarynyñ aşagyna "sögünmäñ" diyip yazmaga-da utanýarys.
-
Wonderfull
4 years ago
- +++++
-
Bayramsoltan
4 years ago
- Hachan oylenip yon sen 😒
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- Şeker sepilen bok göz öñüne gelýär.
)))))))
-
soho
4 years ago
- gaty gowy yazypsyn @Pegas.
-
Rose.991
4 years ago
- Gowy goshgy+++
LadaKalina. 4 years ago- bahh+