Salam dostlar. Men bu blogymda @Döwsypat00 agzanyň sowallaryna jogaplamaga synanyşdym.
Jogap bermezden ozal tekiz ýerçileriň dürli tapawutly garaýyşlarynyň bardygy sebäpli jogaplary üns berip okamagy maslahat berýän. Sebäbi biribirine gapma-garşy pikirler hem bar olaryň barsyny bu mwzukda alyp çykmaga synanyşdym!

1Älem nähili peýda bolan?
Astronomiýa we astrofizika görä älem takmynan 17 milliard ýyl ozal ,,Big Bang" atly hadysadan soň emele gelip, giňelmegini dowam edýär. Tekiz ýerçileriň garaýyşynda ilki gije döreýär, soň gündiz, soň ýer, gün we aý hemde ýyldyzlar. Soň asman gümmezi. Aý, gün ýyldyzlar asman gümmeziniň üst tarapynda asman gümmeziniň aňyrsy suw bilen gurşalan. (Tapawutly garaýyşlarda bar.)

2.Aý-gün nähli peýda bolan?
Tekiz ýere görä gündizligi döredýän gün däl. Aý we gün klassiki tekiz ýere görä maddanyň plazma haly olar plazmadan emele gelen. Başga teoriýa görä Aý bir gaty tprak (daş) jisimdir. Ol teoriýada aý toprak we daşlardan emele gelen.

3.Asmandaky ýyldyzlar nireden peýda bolan?
Asmanda bolandygy sebäpli asmandan peýda bolan, olar astrofizikada hem tekiz ýerde hem maddanyň plazma haly.

4.Ýer nähili peýda bolan we ýeriň ýaşy näçe?
Astrofizika görä dürli aasman jisimleriniň çaknşmasyndan ýer emele gelen, ýaşy bolsa 4.543 mlrd ýyl bolan. Tekiz ýere görä Ýer dürli maddalaryň gaýnap reaksiýa bermegi netijesinde emele gelen. Ýaş meselesinde belli bir karara gelinmedik

5.Materikler nähili usulda peýda bolan?
Geologik ylymlara we Alfred Wegeneriň teoriýasyna görä gadymda äpet Pangeýa materigi bolan we olar tektoniki plitalaryň hereketi sebäpli böleklere bölünen. Tekiz ýer muny doly inkär edýär, materikler ýer döräli bäri bar. Materikler aslynda galplaşdyrylan link: https://drive.google.com/u/0/uc?id=1r9lUWkmkWe90VlvqxUzwXJT5xB-oEPhY&export=download

6.Ýer titremeler,wulkan atylmalar we suw joşmalaryny nähili düşündirip bolar?
Tekiz ýerçileriň ylmyna görä jogap berjek, beýlekinem ýazsam uzyn jogap boljak.
Aslynda tekiz ýerde asman gümmezi bir magnetik galkandyr. Ana şol magnetik galkan ýerastyndaky metallary ýuwaş-ýuwaş ýokara çekýär. (Ýer üstündäki metallar täsir etmezliginiň sebäbi magnetik galkan we ýer, ýeriň soňunda bitişik ýagdaýda) ýer titremesi we wulkan şeýle bolup geçýär. Suw joşmasynyň tekiz ýer bilen hiç hili baglanşygy ýok.

7.Ýer bir zadyň üstünde durmy ýa asmanda hiç zada daýanyksyz durmy?
Tekiz ýere görä ýer hiçzadyň üstünde duranok we asylgy hem duranok. Astrofizikada bolsa ýer kosmos giňişligini büküp, güniň büken boşlugynda hereket edýär.

8.Ýeriň diametri näçe?
Tekiz ýerdede, togalakdada ýeriň diametri, 12,742 km.

9.Global ýylylyk sebäpli ýer ýüzüni orap duran buzluklar erese,nähili betbagtçylyklar ýüze çykyp biler?
Dünýäniň köp bölegini suw basar. Başgada sosial, ykdsady we şm ulgamlara zeper ýeter.

10.Atmosfera diňe ýerde barmy ýa,bütün älem giňişliginde barmy?Diňe ýerde bar bolsa,ýer atmosferasyny nähili saklap dur?
Atmsfera gümmez bilen ýeriň arasynda, ony asman gümmezi saklaýar.

11.Gün bn Aý näme sebäpden ýerden uzaklaşman,diňe ýeriň daşyndan aýlanyp dur.(Nýutony mason,bütündünýä dartylma kanunynam ýalan diýipdiň)?
Asman gümmezi magnetik galkandyr aý we güniň öz hereket edýän galkany bar, şol sebäpden.

12.Seniň tekiz ýer kartaňda merkezde Russiýa dur,Afrika bolsa gapdala buzluklara ýakyn ýerde ýerleşen.Beýle bolsa Russiýa yssy ýurt,Afrikada sowuk ýurt bolmazmydy?
Bu barada ýalňyşdyň merkezde demirgazyk polýus bar, gün onuň töwereginde hereketlenýär. Şu ýagdaýa gowy akyl ýetirseň sowalyň jogabyny özüň tapýaň. Magellan hem merkeziň töwereginde hereketlenip giden ýerine dolanyp gelýär.

13.Gün bilen Aýyň diametri näçe?
Togalak ýere görä gün diametri - 1.3927 million km, aý diametri - 3,474.2 km. Tekiz ýerde aýyňam güniňem diametri 51,5 km.

14.Günüň gyzgynlygy näçe gradus?
Meniň şahsy teoriama görä onuň gyzgynlygy bary ýogy +10-15 gradus. Muny bir blogymda düşündirerin. Astronomiýada güniň gyzgynlygy 5,778 Kelwin.

15.Aýyň öz ýagtysy barmy?Aýyň ýagtysy bolsa onda näme üçin gyzgynlyk ýok?
Tekiz ýere görä aýy tekiz hasaplaýanlar aýyň öz ýagtylygy bardygyny öňe sürýär, Aýy togalak ýa-da sferik hasaplaýan tekiz ýerçiler bolsa Aý ýagtylygyny günden alýanyny öňe sürýär. Aýyň ýagtysynyň bardygynyň öňe sürýän pikirine görä ol gyzgynlyk berenok, diňe ýagtylyk berýär.

16.Gün öz energiýasyny nirden alýar?
Bir teoriýa görä gün öz energiýasyny gün tutulmasynda alýar, başga bir teoriýa görä gün energiýasyny öz hereket edýän magnetik galkanyndan alýar.

17.Ýer ýüzünde adam nähil peýda bolan?
Tekiz ýerçireriň käbir başlangyç öwrenijileri ewlusiýany kabul edýär. Filosofik tekiz ýere görä adam hikmet üçin ýaradylan...

soňy. düşünmedik meseleriňizi ýenede sorap bilersiňiz!

Bilim, Khanture tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir