1. Eger ynsan köp, biderek we manysyz gürläni üçin pul tölemeli bolsa, onda ol beýle gürrüňlerden daşda durardy.
2. Alymdan nadanlyga garaşmaýşyň ýaly, nadandan
hem haýyr işe garaşma!
3. Ynsanyň ylym bilen gazanan gazanjy aýdymçynyň aýdym aýdyp ýa-da tansçynyň tans edip gazanan gazanjyndan köp esse lezzetlidir.
4.Eger kimdir birini öwseň, çendan aşa öwme, sebäbi ol saňa ýokardan sereder we seni pes adam hasap eder.
5. Eger sen ylma hyzmat edýän bolsaň, onda hiç haçan bu edýän işiňe ökünme. Sebäbi galan adamlar soň saňa hyzmat ederler.
6. Içigara, bahyl adamlar ejiz adamlardyr. Olaryň içigaralygyna şonuň ýaly jogap bermeli däldir.
7. Hiç kimiň ýanynda baýlygyň bilen öwünme! Sebäbi öwünjeňligiň peýdadan köp zyýan getirmegi ahmal.
8. Tagta münmän, «men hökümdar» diýme. Sebäbi
duşmanlaryň alyndan we hilesinden ýaňa, ol tagta ýetmezligiň mümkin.
9. Günäkär bolup kimdir birinden ötünç sorap, özüňden göwnüň hoş bolup begeneniňden, eden işiňe
gynanyp, ökünip aglanyň ýagşydyr.
10. Ýagşy bilen ýamanyň tapawudyny bilmedik, öwgi bilen sögünjiň tapawudyny hem bilmez.
Internet sahypalaryndan toplap paýlaşan - Perhat Sabirovv
Halan bolsaňyz kommentariýada pikirleriňizi ýazmagyňyzy soraýaryn!
9.01.2021ý 22:41
Düşünersiň düşünjäň düşünjäm bilen deň bolanda (Manyly sözler, täzelerinden)
-
™Serdar™
3 years ago
- haladym +
-
#Bandit
3 years ago
- mlds Perhat +++
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- "Ladakalina, ™Serdar™, #Bandit" Minnetdar dostlar!
#Bandit, Mümkin bolsa nomeriňizi ýazaýyň. Garşy bolmasaňyz ýakyndan tanşyp gürleşerdik!
-
aynura
3 years ago
- Janym gowy temalary paylasyanyz
-
#Bandit
3 years ago
- @Perhat Sabirovv men telfonymy yitirdim sonun ucin komyuterden giryan indi basym telfon almaly sonda habarlasarys dost!
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- aynura, Men nädip siziň janyňyz bolýan?
#Bandit, Bolýa dost))
-
aynura
3 years ago
- Perhat men sizi soyyarin, siz meni tanamarsynyz. Yone men sizi chyn yuregimden soyyan
-
Zalymm
3 years ago
- Gowy yazypsyñ agam +++ gullukdan name habar.
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- aynura, Internetde hiç hili söýgi bolmaz. Siziň bu söýgi diýip duranyňyz möwjäp barýan duýgularyňyzy köşeşdirmek üçin ulanjak bolýan bir mekirligiňiz((
Zalymm, Minnetdar. Gulluga maý aýyndaky möwzüme galdyrdylar karantinde ýatan wagtym.bedenimden kemçilik tapyp. Ýöne maý aýynda okuwa hem synanşmak niýetim bar!
-
FanB...
3 years ago
- Sps Perhadik yetireniñe. Sular yaly gowja temalardan paylasyp dur. Elleriñe saglyk.
-
FanB...
3 years ago
- @Fanatik 10.01.2021. 1:16
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- Sag boluň Nazar aga!
LadaKalina. 3 years ago- +++ gaty gowy