(Seýitmyrat Geldiýewe)
Gowzar öýtdüm duýgularyň yzasy,
Gowşa:r öýtdüm kirişleri gussamyň.
Ynamyňdan yza galsam – agsasam,
Ýazygymy öteweri, ussadym.
Söýdüm adamlary, söýdüm durmuşy,
Ýetdiginden mähir berdim köp kişä.
Gussa batdym gussalyny göremde,
Has köp şatlyk berdim keýpi kök kişä.
Bugdaý nanym bolmasa-da, käteler
Bugdaý sözmi paýlap berdim gysganman.
Eýýäm saçlarymda akja "zer" gördüm,
(Haýran, wagt bir ýere-hä gyssanýar.)
Ynanardym dünýäň baky ýazdygna
Dertsiz çaglam – has oglantak mahalym.
Indi gyşda güýzler üçin aglaýan
Hem begenýän geljekdigne baharyň.
Kagyza egisdim bölejik derdi,
Dertlerimi aýyp görme, ussadym.
Gowzar öýtdüm duýgularyň yzasy,
Gowşa:r öýtdüm kirişleri gussamyň...
05.03.2014ý.
Sapa Hommadow
Ussadym
-
ODINOKIY
4 years ago
- Oldumi bu gosgy duzulen adam
-
Pegas
4 years ago
- ODINOKIY, şükür, aýatda.
-
Real.123.
4 years ago
- Gowy gosgy
-
Ahmedik_97
4 years ago
- Sapa aga awtory ozinizmi?
-
LadaKalina.
4 years ago
- sagbol gowy duzupsin
-
A93
4 years ago
- Goşgy ýaş wagtyň ýazylan ekeni, ýogsa, ussat bilen gussa diýen kapiýa saňa gelişenok diýjek boldum 😊
-
yashalym
4 years ago
- Fewralyn nacesine toyun
-
Pegas
4 years ago
- @Ahmedik_97, hawa.
@A93, häzirem garry däl)
-
Pegas
4 years ago
- @yashalym, bilmedim.
-
yashalym
4 years ago
- Bilmesen nadip toýyn dygyny bilyan
-
Pegas
4 years ago
- @yashalym, ony aýtdylar maňa 😁
-
Ahmedik_97
4 years ago
- Gowy eken+++
-
Ahmedik_97
4 years ago
- Mana diyyadin welin, gonshynyz mendenem gaharjan oydyan... Agam bey diysem gaharlanman, dogrymy aydyan...
-
Pegas
4 years ago
- @Ahmedik_97, ýok-la. Giňiş oglan ol realda. Ýuwaş hemem.
-
yashalym
4 years ago
- Pegas kim aýtdy. Söýgüni yitirip. Oylenmezligi ýüregine duwdunmi
-
Ahmedik_97
4 years ago
- Belliklerinize ters teswir yazanym uchin bagyshlan. Gahar kapyr diyipdirler. "Hichden gich yagshy" diyipdirler. Gijem bolsa otunch sorayyn diydim...
-
Ahmedik_97
4 years ago
- Yashalym sen adyn kim?
-
Ahmedik_97
4 years ago
- Yyl we nireli...
-
Ahmedik_97
4 years ago
- 08,01,2021 0:17
soho 4 years ago- +++