A=Ateist M=Musluman
M: Sen näme Allaha ynanaňokmy?
A: Gurhan we hadyslary okadym, biri-birine ters, çatak düşýän ýerleri köp. Bu bir ýaradanyň kitaby bolup bilmez.
M: Onda bu älemi kim ýaratdy?
A: Älemiň ýaradylandygy barada ýekeje-de subut ýokdur. Ýöne ylmy teoriýalar bar. Bilim muňa düşünmek we düşündirmek üçin delil ýygnaýar, bilim mydama gözlegde.
M: Bu ajaýyp sazlaşyk tötänden döredi diýýäňmi?
A: Bu sazlaşytk ajaýyp däl. Yzgiderli ýyldyzlar sönýär, garadeşikler planetalary we ýyldyzlary ýuwudýar, asteroidler planetalary oka tutýar, 65 milýon ýyl mundane ozal dinozawrlar bir asteroid sebäpli ýer ýüzünden ýok bolup gitdiler. Tötänden ýaşap ýörüs, haçan bu ýerde ýaşaýyşyň gutarjagyny bilip bilemzok.
M: Ýeri sen adamyň organizimini göreňokmy? Seň ewolýusiýaňa görä belki-de gözümiz kellämizde däl-de belkem g*tümizde bolardy.
A: Ewolýusiýa barada haýsy kitaplary okadyň, bu barada name bilýäň?
M: ...................................
A: Mendeli okadyňmy? Genetika ýa-da biologiýa barada näme bilýäň?
M: ...................................
A: Bilmeýän mowzugyň barada piker ýöretme!
M: Ewolýusiýa görä gözümiz ýeňsede bolardy ýa-da köp ulanylany üçin jynsy organymyzam 70 metre barardy )))
A: Ýok bolmazdy. Genetika bilimine az-owlak düşünýän bolsadyň bu zatlary diýmezdiň. Mysal üçin, genetikler ABŞ-da geçilere möýüň genini ornaşdyrdylar we bu geçilerden möý kerebi aldylar. Ençeme keseliň çäresini genetika bilimi saýasynda tapýarys. Ewolýusiýa sebäpli her ýyl milliardlap dollar derman gözleglerine we senagatyna sarp edilýär. Sebäbi wiruslar yzgiderli dermanlara garşy immunitet edinýär we täze dermanlaryň tapylmagy zerur bolýar. Yzgiderli bu ulgam işläp durmasa belki-de adamzat tohumy ýok bolup gidip biler.
M: Ýeri gurhandaky iki deňiziň biri-birine garyşmaýşyna name diýýäň?
A: Onýaly deňiz ýok, sebäbi iki suw, hatda süýji we duzly suwam biri birine garyşman durup bilmez. Temperaturalaryna we dykyzlyklaryna görä garyşma wagty tapawutlanyp biler, ýöne garyşarlar.
M: Görüp bilmeýäniň üçin Allah ýok diýýäň, name aklyňy görüp bilýäňmi?
A: Akyl beýnidäki elektro-himiki reaksiýadyr. Muny beýni skan edýän enjamlar bilen görkezip bilerler we aklyň barlygyny-ýoklugyny ýönekeý matematika soragy bilen hem bilip bilersiň. Ýagny 2+2=4 diýýän birinde minimum şertlere-de gabat gelýän akyl bardyr we muny bize subut etdigi bolar.
M: Ýeri “birden bar bolaýsa?!” diýibem gorkäňokmy?
A: “Birden bar bolaýsa?!” diýmegem ýoklugyny boýnuňa almakdyr. Bir-de, subutsyz orta atylan zatlaryň ýokdugyny subut etmek delil hökman däl. Bu sebäpden “birden bar bolaýsa?!” diýen badyňa “haýsy taňry bar bolaýsa?” diýip soraryn senden. Dünýäde dürli halklaryň ynanýan 4000 töwerek taňrysy bar. Bular “taňry” pikiriniň adamzadyň jahyllygyndan we gorkylaryndan dörändigini subut edýär. Saňa-da iň gysga wagtda gurhany we hadyslary okamagy we soraglamagy maslahat berýärin. Iň bolmanda bu samsyk gorkylaryňdan gutularsyň.
Ateist we musulmanyň gürrüňi
-
Rakuten
4 years ago
- ))
-
ETIKA
4 years ago
- Täsin gepleshik yone adam mydamada ozunden yokary ylahy guyjiñ baryny duyya...!!!
-
Panturkist
4 years ago
- @ETIKA, adam özünden ýokary güýjiň bardygyny duýmak däl ol, bolmagyny islemek. Mysal üçin adam dogulanynda beýläk mydama ýanynda özünden güýçli birini görýär, ene-atasy, doganlary we ş.m. Bu psihologiýa bilen ulalansoň, özi uly adam bolanda ýene özünden ýokarda şol "ULY"-a mätäçlik duýýar edil çagaka eje-kakasyna bolan mätäçligi ýaly. Ol "ULY" aslynda bolmasa-da mätäçlikden bolmagyny isleýär we bardyr diýip kabul edýär.
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- @Panturkist, Bir soragym bardy jogaplasaňyz!
Näme üçin dünýäde Allahyñ gudratlary bar? Näme üçin biziñ bu gün bilip ýören zadymyz 1400 yyl ozal Kurany Kerimde ýazylan?
-
Panturkist
4 years ago
- @Perhat:
1) Mysal üçin, haýsy gudrat?
2) 1400 ýyl mundan ozal gurhanyň bilip biziň häzir bilýän zadymyz näme? Mysal berseň has gowy bolardy.
-
Rakuten
4 years ago
- Panturkist, Siz oz aýdyşyñyzdan ateist bolyañyzda, meni hem gyzyklandyryan soragymy jogap berseñiz,
1. Näme üçin musulmançylykda oglan çagany sünnetlemek asyrlar boýy dowam edip gelse-de ylym ony arassaçylyk we beýleki taraplary... üçin edilýändigini ýañy ýakynda subut etdi?
2. Näme üçin ylym adam maýmyndan döredi diýsede, adamyñ toprakdan döredileni hakykata golaý bolup dur. Sebabi ene göwresindaki çagany toprakda biten Miweleri iyip bäbeginiñ yetmeyan düzümini doldurýar. Dinde şeyle diyip subut edilýar.
Eger adam maýmyndan dörän bolsa maýmyn nämeden döredikä?
3. Näme üçin köp Taryhy şahsyýetler taryhda beýan edilende 100% doly beýan edilenok käbir maglumatlary her materiýalda bir hili ýazylan, käbiri gizlin syr ýaly bolup galýa Köp şahsyyetleriñ näçe ýaşap we nähili ölendigi barada toçna aýdyp bilenoklar( mysal ucin Aleksandr Makedonski, Gitler)
Muhammet pygamberiñ we onuñ egindeşleriniñ ömür ýoly takyk beýan edilyar??
-
Panturkist
4 years ago
- 1) Sünnet aslynda ýewreýlerden yslama geçen däp, edil aýallaryň gara örtgüji ýaly. Sünnediň peýdasy barada heniz ünse alar ýaly ylmy makala gabat gelmedim, gabat gelip okanlarymyň hemmesem bolar-bolgusyz habarlar. Heniz onuň peýdalary barada çap edilen ylmy makala ýok. Sünnediň, ýagny penisiň ujynyň tebigy goragyny (hamyny) kesip aýyrmak onuň uzak wagtyň dowamynda duýgurlygyny ýitirýändigi barada-da aýdylýanlar bar. Bular entek ylmy taýdan subut edilip çap edilmedik gürrüňler.
2) Häzirlikçe elimizde adamyň toprakdan döredilendigi barada subutnama ýok, ýöne onuň maýmyn sypatly (ape) haýwandan ewolýusiýa geçirip häzirki akylly adam derejesine ýetendigini delillendirýän fossil tapyndylar bar.
Adam maýmyndan döränok, adamlar we maýmyndal şol bir atadan gelýän aýra-aýra jandarlar. Bizdäki maýmyn sözi ýalňyşdyrýar., iňlisçedäki ape (eýp) sözi has dogry, adam=human, maýmyn=monkeý, bularyň ikisi ape toparyna degişli.
3) Bu zatlaryň din bilen baglanşygy ýok, taryhy ýazgylara bagly. Aleksand Makedonskiý we Gitleriň ölen wagtlary belli.
Ýöne goşmaça bir zat soraýyn, Muhammet pygamber öleninden soň jesediniň üç gün gömülman galanyny bilýärmidiň? Sahabylar haliflyk dawasyny edip jesede üç gün eýe çykmaýarlar we jynazasyna-da sanaýmaljak adam gelýär.
-
Jeksparro
4 years ago
- Sowatsyz @Panturkistiñ düzen gepleşikleri bular. Okar yaly däl. Şo bok bulaşyk jedelleriñ turmagy üçin elinde baryny gaygyrmayan işlsizlerden tamada şeyle...
-
soho
4 years ago
- mamam pahyr: "eshek bilen den bolsan, eshekche-de bolmarsyn" diyerdi...
-
ETIKA
4 years ago
- @Jeksparro @Soho bu yerde sogushmegiñ geregi yok eger ozunizkini dogry etmane soz tapmasanyz dymyp otyryñ...
-
ETIKA
4 years ago
- @panturkist sana soragym adam iki sany barlykdan durya maddy barlyk yagny onuñ teni ruhy barlyk onun jany ruhy ikisi biri birinden ayra yashap bilmez shu barada pikiriñ nahili??
-
Panturkist
4 years ago
- @ETIKA, "barlyk" sözüni haýsy manyda ulanýanyňa bagly. Mysal üçin men "barlyk" sözüni bir zadyň bardygyny dürli testler arkaly subut edip bolýan bolsa ulanýaryn. Teniň bardygyny göz bilen bilip bolýar, eger jandaryň ýaşaýyş funksiýalary ýerbe-ýer bolsa, gany aýlanyp, dem alyp duran bolsa ýönekeýlik bilen janynyň bardygyny aýdyp bileris. Ýöne ruhyň bardygy häzire çenli subut eden tapylmady. Eger ruh diýilýän zadam gerekli testler bilen subut edilse ol barada-da diskussiýa etsek bolar.
-
ETIKA
4 years ago
- @panturkist adam hem ruhy barlyk hem maddy barlayk ! Huday hem iñ yokary kamil ruh yaradyjy...
Eger ruhy barlyk bolmadyk bolsa onna maddy barlykdan hic hili netije yok!
-
Panturkist
4 years ago
- OK.
-
Jeksparro
4 years ago
- @ETIKA, bular yaly yubanutylara dogryny ayda ayda gelyaris.
Dymylyp oturlan yerlerde dymman diskussiya atan yerlerimde sen niredediñ!?
-
soho
4 years ago
- it uyrer, kerwen gecher...
-
Yzganttm
4 years ago
- @panturkist sorag? 1400 yyl mundan ozal faraon patyshanyn ahyrzamana chenli mazary hakykatdan durar diyip yazylgy YANY yakyndada tapyldy bu barada name diyersin?
-
Yzganttm
4 years ago
- @panturkist oleninden sonra name bolya hemme zat gutoryamy? oldigin yitdiginmi? umuman oleninden sonra name barada maglumat berjek?
esasy soragym.... sen ateist ozem yslam dininden, dunye ylymyny gaty yokarda guychli goryan dogrymy?
bolya onda ine kuranda ahyrzamanyn hachan boljagy toshna yazylmadyk we aydylmadyk ... gel sen shony ylymyn usti bilen 2+2=4 bolushy yaly anyk subut et we hemmeler shona ynansynlar...
yonekey bolar bolgusyz yalan yashryk sozlerin gerek dal.
-
Jeksparro
4 years ago
- Ateist - samalyotdan yere gaçyança ateist bolup galyar.
Kapitalist - pul tapyança kapitalist bolup galyar diyilşi yaly @Panturkistiñki yönekey boş panika!
-
fireprince12345
4 years ago
- Din - bilimiñ yetmezligidir. @Panturkist 17nji asyrda Galileo hem Dunya tekiz dal togalak diyende , şol wagtky adamlar garaýşyna, Hramlaryň (Hristiyan metjit) propagandasyna garşy gitmekde gunalenip zyndana atylyar. Bilim siziň diniňizi çüyretmek ucin dal. Bilim bilmeyan hakykatlarymyzy owrenmek ucin.
-
fireprince12345
4 years ago
- Hakykaty inkar etmek bn hakykat uytganok. İr giç biliner.
-
Panturkist
4 years ago
- @Yzganttm,
1) Tapylan bolsa gowy zat, muzeýe tabşyrsalar gowy bolar )
2) Hawa
3) Azajyk astronomiýa barada makala, kitap oka. Universe-iň işleýişi barada azajyk pikir edinseň bu soragyňa özüňem jogap taparsyň. Ýöne men saňa gysgaça aýdaýyn, eger ahyrzaman diýip Universe-de ýaşaýyşyň soňy barada aýdýan bolsaň ony entek bilim anyk bilenok, ýöne gözlegde. Bilimiň entek bilmeýän zady köp, ýöne ýuwaşjadanam bolsa öwrenmegi, tapmagy dowam edýäs.
-
Panturkist
4 years ago
- @fireprince12345, +1
-
fireprince12345
4 years ago
- @Yzganttm, bilim ahyrzamany hasaplamak ucin dal. Ahyrzaman her hili yagdayda gelip biler. 1)Klimat uytgap ahyrzaman gelip biler
2)Bir astroidiň biziň yer şarymyz bn çakyşma ahtimallyga bar, edil 65 mln ýyl öň bolşy ýaly.
3) Adamzadyň oz ozini yok etmek ahtimallygy bar. 1945de Hiroşima we Nagasaki atylan atom bombamalarynyň ýüzlerçe esse güýçli atom bombalarynyň müňlercesi ba yer yuzunde. Uruş bolsa name boljagy belli dal.
4) Başga siwilizasiýalaryň bizi yok etmek ahtimallygy azam bolsa bar. Başga siwilizasiýalaryň bardygy subut edilmedik. Yone subut edilmedik zada yok diymegem bilime ters geler. Yagny soragyna jogap kan.
Bir gun biri cykyp ahyrzamany ozuce hasaplap şunça yyldan ahyrzaman bolya diyse ynanjakmy şoňa???
-
Amanmyratgeldisapargulynazardurdymuhammet
4 years ago
- :D
-
Adalat19
4 years ago
- Her kime öz ynamyna görä-de bererin, —diýýär Hudaý. Eger sen ölümden soň direlmegiň we Hudaýyň bardygyna ynanmaýan bolsaň, diýmek bar zat seň ynamyňa göräde bolar. Sen ölerseň we tümlige düşersiň, sebäbi seniň üçin "ol dünýe" ýok. Aljyrap Hudaýy çagyrjak bolarsyň, ýöne seň düşünjäňe görä ol hem ýok...)))
-
fireprince12345
4 years ago
- Oleniňden soň pikirlenip bilmeyan, duymayan, gormeyan. Oleniňden son gutarya ahli zat. Hudayam bilmersiň garaňkylygam
-
Panturkist
4 years ago
- @Adalat19, ölümden soňky ýaşaýyş pikiri (jennet, dowzah) adamlaryň duýgularyny kontrol etmek üçin toslanyp tapylan pikir. Ölümden soňky ýaşaýyşy hiç-haçan subut edibem bolmaz. "Hä, onda biz ölenimizden soň näme bolar?" diýip sorasaň şuny aýdyp bilerin; "dogulmankaň näme bolan bolsa şolam bolar".
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- Bäh "Dogulmankaň näme bolan bolsa şolam bolar!"
-
Adalat19
4 years ago
- @Panturkist, eger sen subutnamalar bilen ylyma uýýan bolsaň onda sen ölümden soň ýaşaýyşyň bardygyny bir mahal subut edilendigini bilerdiň. Ýöne sen ylymdan bilimden hem daş adam bolaýmasaň? Manro diýen bir adamyň işleri adam ruhynyň öz başdak ýaşap bilýänini subut etdi. Piterde bir lukman adam meýdini gijelerine ýörüte tehnika bilen ölçäp ölümden soň ýaşaýşyň bardygyny subut etdi. Ondan başga gepnozdan gowy başy çykýan käbir lukmanlar adamlar adam ruhynyň täzeden bu dünýä gelýändigini sunut etdiler. Her döwür we her tüýsli adamlar ol dünýäň bardygyny öz başdak subut etdiler. Elbetde ol ylymlaryň hiç birini mekdep programmasyna goşmadylar. Ýöne ynanýan adam üçin hiç hili subutnama gerek däl, ynanmaýan üýin bolda asmandan Hudaýyň özi ýere düşsede ýeterlik subutnama bolmaz. Men pikirimçe sen hiç hili ateistam däl we gürleýän zatlaryňa öziňem düşineňok. Seň pikiriňçe ateist bolmak başgalardan üýtgeşik bolmak ýaly bolup görünýär. Hakykatda bolsa ýollaryň bary Hudaýa alyp barýar. Ateizm Hudaýa ylymyň üsti bilen alyp barýar. Ýöne sen ylym bilenem araň bar adama meňzäňok...
-
Panturkist
4 years ago
- @Adalat19,
1) "Subut etdi" diýen zatlaryňa jogap berip wagt ýitirip oturjak däl, aýdýan zatlaryň jahyllykdan aňkap dur.
2) Ateizm sözüniň manysyny öwrenmegi maslahat berýärin.
-
Panturkist
4 years ago
- 4000 ýyl mundan ozal Müsürlilerem öz taňrylarynyň hakykydygyna ynanýardylar, 3000 ýyl mundan ozal Greklerem Olympos hudaýlarynyň hakykydygyna ynanýardylar, indi olar diňe Hollywoodyň kinolaryny bezeýärler.
-
Adalat19
4 years ago
- @Panturkist. Gaýrat etde wagtyňy ýitirde maňa düşünduräýdä...başga zada wagtyňy ýitirip jogap ýazypsyň...ýa-da çyndanam seň bilýän zadyň ýokmy? Bilýän bolsaňa seni saklap bolmazdy...aýratyn bir tema açardyň...)))
-
Adalat19
4 years ago
- Müsüriň we Greklaryň taňrylary barada aýdamda bir ýazyjyň sözleri ýa-da düşýär: Köne Hudaýlar bir ädim yza süýşip, täze diniň Arwahlaryna öwrüldiler. Onsoňam sen Kurany okap gören bolsaň bir zada gabat gelen bolmaly: Allah biz kime ynanan bolsak şony ahyrýetde bize duşurmagy söz berýär. Zewsy, Rany, Afroditany, Osirýusy, we ýenede bir topar arwahlary. Şonuň üçin şu wagtky Golliwydyň ýyldyzlary ýok diýip kim saňa aýtdy?
-
Adalat19
4 years ago
- Onsoňam sen ýaly adamlar näme üçin real durmuşda gabat gelenok bilýäňmi? Sebäbi sen ýalylar dilini götüne sokup oturýar. Diňe şu ýerde hiç kim tananok diýip paňlap otyr. Real durmuşda öz aýdan sözleriň birjiginede jogap berip bilmejegiňi bilýän...
-
Panturkist
4 years ago
- @Adalat19,
bir zat ylymy taýdan subut edileninde ol iň bolmanda meşhur bilim žurnallarynyň birinde çap edilerdi. Sen şeýle neşirden okadyňmy bu barada? Okan bolsaň link ber gaýrat et-de. Borlaý, çeşme berip bilmejegiňem bilýänle, şonda-da gepiň gerdişine diýäýdim.
-
Adalat19
4 years ago
- @Panturkist:
Роберт Алан Монро, Окончателные путишествия (ýene 2 sany kitaby bar, olaram okap gör, meň ýazanym iň soňky)
Р. Моуди, жизнь после жизни
Şu wagtlykça şulary okap göräý...ýene üstini goşaryn.
-
Adalat19
4 years ago
- доктор Хелен Вамбах diýen adamyňam işlerini okap gör.
Ýokarda agzan adamlaryň işleri öz wagtynda gowja goh turuzdy we öz döwürinde we öz ýurdynda ylymy žurnallarda çap edildi. Ýöne elbetde mekdep programmasyna goşulmady seň isleýşiň ýaly.
-
Adalat19
4 years ago
- Роберт Алан Монро diýen adam öz döwründe ýörüte keselhana açyp sen ýaly hiç zada ynanmaýan adamlaryň ruhyny bedenden daşyna çykaryp görkezdi. Ýurdyň bar kritiklary we ateistlary şol Manroň keselhanasyndan geçdi...
-
Adalat19
4 years ago
- Diňe Ylmyň subut eden zatlaryna ynanýan bolsaň saňa subutnama tapmak kyn däl. Ýöne sen uly iliň ynanýan zadyna "ynanamok" diýmegi bir tüýsli dereje bilýäňmi nämemi? Hamala Men siziň baryňyz ýaly däl, men üýtgeşik adam, men Hudaýada ynanmok.
-
Adalat19
4 years ago
- Onsoňam sen näme üçin ylyma beýle bil baglaýaň? Men 4 klas taryh kitabymda adamzadyň döränine bary-ýogy 60 müň ýyl boldy diýip ýazylgy durdy. Indi welin adamzat dinozawrlar bar döwrü bar diýjek bolýarlar. Ylym diýen zat bir ýerde duranok, ylym günde diýen ýaly täze bir açyş edýär. Özem täze açyş köne açyşy inkär edýär. Mysal üçin agyz beklemegiň peýdasy barada ylmy iş ýazan bir Ýapon alymy diňe 2015-nji ýylda Nobel baýragyny aldy. Ondan öň agyz bekleme zyýan diýýärdi dünýä ylymy. Ylym edil jelep heleý ýaly günde üýtgäp dur. Ol şu gün Hudaý ýok diýýär, ol dünýe ýok diýýär. Belki ýene 100 ýyldan ylym Hudaý bar diýer? Elbetde mukaddes kitapdaky Hudaý diýmez. Belki Informasiýon merkez diýer, älemiň beýnisi diýer, super kompýuter diýer. Diýjek bolýanym ylyma bil baglama, ylymyň mäläp durýan ýeri kän. Bary ýogy 100 ýyl mundan öň resmi ylymyň dogry hasap edýän zatlaryny olap görseň däliň samramalarymyka öýdersiň...
-
Panturkist
4 years ago
- @Adalat19,
1) Robert Monro hakynda gowja düşünipjik oka, onyñ hiç-hili ylym işi alyp baran adam däl we bilim işgärem däl. Türklerdäki Adnan Oktar ýalyñ biri, mysal edip görkezýänleñem bara, bolýada ))
2) "Bilim bir diýenini ertir ýalanlaýa" - ynha bilimiñ iñ gowy tarapam şuda. Bilimde bir teoriýa orta çykyp degişli synaglardan üstünlikli geçen wagty ol tää ýalñyşlanýança dogry kabul edilýär. Mysal üçin Nýutonyñ grawitasiýa teoriýasy 3 asyr töweregi dogry diýip kabul edildi haçan-da Eýnşteýn çykyp ýalñyşlap başga teoriýany orta atýança. Ondan soñ ylym göni Nýutonyñ grawitasiýa teoriýasyny terk edip Eýnşteýniñ teoriýasyny kabul etdi. Ylymyñ we teoriýalaryñ ýalanlanyp has dogrysynyñ olaryñ ýerini almagy adamzadyñ ösüşi diýmekdir. Bilim üýtgäp, öz-özüni täzeläp durmagy tersine gowy zatdyr.
-
Adalat19
4 years ago
- @Panturkist, Robert Monro hakynda seň özün gowja oka...ýöne Wikipediýadan okama...kitaplaryny oka...ýöne okyw nire sen nire? Başga ugradan kitaplarym barada wikipediýadan hiç zat tapmadyňmy?
-
Adalat19
4 years ago
- Borlaý...seň bilen jedelleşip ýadadym...öňem dostluk saýtynda seň bilen jedelleşemde meni kamitet bilen gorkuzdyňmy, ýa-da başga bir soňa meňzeş bir edara bilenmi...))))
-
Panturkist
4 years ago
- @Adalat19, ilki bilen paranoýalaryňdan gutyl, dostluk saýtyny bilemok, giribem göremok. "Ruhym" bilen jedelleşen bolaýma ))
-
Yzganttm
4 years ago
- @panturkist! sen hakyky kor garanky chukurdaky adam eken! @adalat dostymyz seni chuylap gurlemez yaly edipdirem welin sen yene bashga chukura gachyan.
@adalat bellap gechipdir. sen yalylar hakykatdanam hich hili durmushda gornenok diyip. hakyky shol
Perhat Sabirovv 4 years ago- Bäh