Dünýäde häzirki günde dowam edýän we güýjini ýitiren jemi 10 müňe ýakyn din/ynanç bardyr.
Bu 10 müňe ýakyn ynanç arasyndan Yslam we Yslamyň hudaýy Allah barada kiçiräk ýöne kyn seljerme geçirjek.
Yslamda, ýagny Gurhandan, hadyslardan we Yslam alymlaryndan Allahyň sypaty barada maglumat edinmek mümkin. Allahy taryp edilende onlarça sypatlandyrmasy bardyr. Men bularyň ikisi barda gürrüň etjek.
1. Äl-Alym: Geçmişde bolan we geljekde boljak hemme zady bilýän.
2. Äl-Kadyr: Hemme zady üýtgetmäge, hemme zada (wakalara) täsir etmäge güýji ýetýän.
Bu iki sypat oksýumorondyr (Oksýumoron: Biri-birine gapma-garşy aýratynlyklara eýe bolan).
Bu iki aýratynlyk birlikde bolup bilmez.
Hemme zady bilýän Allah, eger hemme zady bilýän bolsa hiç-zat etmez, hiç-zady üýtgetmez, şeýlelikde hemme zady bilmek we hemme zady bilip başlan wagtyna çenli eden zatlaryndan başgasyna güýji ýetmeýän ýagdaýa düşýär.
Hemme zady bilýän Allah, geljekde özüniň etjek bir zadynam başda hemme zady bilmäge başlan pursatyndan beýläk bilýär diýmekdir. Eger muny bilýän bolsa ony başda bilen pursadynda etdi hem diýmekdir. Sebäbi ony indi üýtgedip bilmez. Eger üýtgedäýse, üýtgetmäge mejbur eden ýagdaýda ýa-da az-owlak sýurprize duş geldi diýmekdir we şeýlelikde ol üýtgeşikligi etjegini bilýär diýmekdir.
Munyň has düşnükli bolmagy üçin mysal bereýin:
Yslam dinine görä Allah owaldan bäri bardyr we ebedidir. Älemi, perişdeleri we kellämize gelýän-gelmeýän hemme zady ýaradandyr. Wagty gelende Adamy ýaratjagyny we perişdelere muňa sežde etmegini buýurjagyny ýöne bu emre şeýtanyň garşy çykyp özüne garşy baş göterjegini bilýärdi. Eger Allah muny bilýän bolsa, şeýtanyň başgaça hereket etmegi, mysal üçin; Adama sežde edip Allaha sýurpriz etmegi mümkin däldi. Şeýtan, Allahyň bilişi ýaly etmeli işini ýerine ýetirdi we şeýlelikde Adama sežde etmekden boýun gaçyrdy.
Bu ýagdaýda sorag şeýle:
Allah, şeýtanyň Adama sežde etmejegini bilip durka, şeýtanyň Adama sežde edip Allaha sýurpriz etmek mümkinçiligi barmydy? Eger şeýle etmek mümkinçilik bar bolsady, Allah hemme zady bilenok, öz şansyny barlap görýär diýmek bolýar. Eger-de şeýle etmek mümkinçiligi ýok bolsady, şeýtan Allahyň islegi bilen öz wezipesini/borjuny ýerine ýetiren bolýar. Allah, wagty gelende öz wezipesini/borjuny ýerine ýetirjek şeýtanyň bu herekedini şeýtany ýaradan pursadyndan başlap bilmek bilen bilelikde, geljekde bu herekedini üýtgedip bilmez, muňa güýji ýetmez ýagdaýa düşüren bolýar özüni.
Ýene-de bir zat, eger Allah soňky pursatda şeýtana sežde etdirdi diýeli, onda bolsa Allah, şeýtany ýaradanda onuň geljekde özüne baş galdyrjagyny bilenok diýmek bolýar we bu ýagdaýda-da Allanyň “Äl-Alym” sypatam manysyz bolýar.
Hudaýyň gapma-garşylygy
-
Jeksparro
4 years ago
- - Yslamda, ýagny Gurhandan, hadyslardan we Yslam alymlaryndan Allahyň sypaty barada maglumat edinmek mümkin. Allahy taryp edilende onlarça sypatlandyrmasy bardyr. Men bularyň ikisi barda gürrüň etjek.
2. Näme üçin diñe ikisi hakda imenno. Beýleki atlary ol atlarynyñ üstüni yetiryän häsiyetleri bar. Beylekilerem agzamaly ekeniñdä?
Sebäbi Gurhanyñ hem belli bir ayatyny tutaryk edip dowamyny yazmasañ manysy üytgeyar. Allatagalanyñ hem 99 adynyñ belli birini tutaryk edip sudit etjek bolsak yeterlik bolmayar. Aly hezrerleri @Pantürkist!
:-)
-
Panturkist
4 years ago
- Seň uroweniňde mowzuk däl Jeksparro, "kelläňi" agyrtma biderek!
Ýazanyň we indiki ýazjaklaryňam dogry.
Kamasutra, uçýan tarelka, ruhlary kamera düşürmek, magnitofona seslerini ýazdyrmak baradaky gürrüňleň bilen boluber!
-
Jeksparro
4 years ago
- -. Äl-Alym: Geçmişde bolan we geljekde boljak hemme zady bilýän.2. Äl-Kadyr: Hemme zady üýtgetmäge, hemme zada (wakalara) täsir etmäge güýji ýetýän.
3. Birinji bilen-ä han ogul oña Äl-Alym diýlenokda ''El (aýn) alymu'' diýilýär. Şeydip sen yaly hiç zady bilmeyänler arap dilindäki Allanyñ bir adynyñ birini yoyyarlar. Onsoñam onuñ manysyny aýdaýynmy? ''Ylmy onuñ giñdir'' diýmek!?
Ikinji ady hakda görkezen maglumatyñda Allanyñ atlarynyñ birini yene yoyupsyñ! (Bu hususda iñ gowsy başyñ çykmayan bolsa ile masgara bolup bilmeyan zadyña burnuñy sokup yörme).
Äl-kadyr diyip Allanyñ ady yok! ''El-Kadiru'' diýip bar. Oñam manysy ''Güýçli we Gudratly'' diymegi añladýar.
O näme üçin özüñçe bir zatlar toslap okyjylaryñ beynisini zäherleýäñ!?
:-)
-
Jeksparro
4 years ago
- Onuñ aly hezretleri @Panturkist şey diyyä maña: ''Seň uroweniňde mowzuk däl Jeksparro, "kelläňi" agyrtma biderek!Ýazanyň we indiki ýazjaklaryňam dogry.Kamasutra, uçýan tarelka, ruhlary kamera düşürmek, magnitofona seslerini ýazdyrmak baradaky gürrüňleň bilen boluber!''
- Şey diymek bilen sen öz temañ yzynda durup bilmeýändigiñi, zadna berip ugrandygyñy, üstelik hemme tarapdan baglanyp ugrandygyñy añladýar.
ŞaXmaT.
-
Jeksparro
4 years ago
- Galyberse-de men islesem uçyan tarelka ya kamasutra hakdaky mowzuklary açjak saña bildirip duryan zady yokdurlay hä?
:-D
-
Jeksparro
4 years ago
- Ondan soñra biziñ jenabymyz @Panturkist şey diyya: '' Bu iki sypat oksýumorondyr (Oksýumoron: Biri-birine gapma-garşy aýratynlyklara eýe bolan).Bu iki aýratynlyk birlikde bolup bilmez''.
Sen arapçadan okalyan Allanyñ adynyñ gapma-garşylyklary hakynda aydyañmy ya özüñçe toslap tapan manysy üytgeyan Allanyñ ady hakda yazyañmy?
-
Jeksparro
4 years ago
- Bu tayda şuny şu jenabymyz @Panturkist, iñ beynisine salyp-salyp, diymekden yaña dillerinden tüy çykandyr.
@Panturkist şey diyya: '' Hemme zady bilýän Allah, eger hemme zady bilýän bolsa hiç-zat etmez, hiç-zady üýtgetmez, şeýlelikde hemme zady bilmek we hemme zady bilip başlan wagtyna çenli eden zatlaryndan başgasyna güýji ýetmeýän ýagdaýa düşýär.''
- Howwo Allatagala hemme zady bilyär... hemme zady bilyän Alla hemme zadam edip bilyär. Hemme zadam üytgedyar ol islese. Onuñ özi hemme zady bilyän bolsa o näme üçin öz bilmeyän zatlaryndan daşardaky zatlara güyji yetmeyäray!
Näme Allatagalanyñ öz yaradan zatlaryndan başga öñ yaratmadyk zatlaram barmay!?
Aydyana jenap @Panturkist, bu zatlara burnyñy sokma! Luçşy sen öz pastafarianyñ bilen boluber. Spagetti makaronyñ ayratynlyklary hakda yazsana sen.
Bolmasa sen bir zady subut etjek bolup öz üstüñden adamlary ve men yalylary güldürýäñ!
:-D vuhahahaaaaaay
-
Jeksparro
4 years ago
- Galan yazan zatlaryñ hakda aydyp otyrjagam dällaý jenap onun hezretli mähriban @Panturkist! :-) :-D
Sen yslam dininiñ içi hakda bilyän zadyñ meñkiçe-de yok eken. Menem özüme alym ya professor diyemok. Señ IQ testiñden geçen movzugyña yarym yalta özüñden govurak jogap bermäge synanyşdym.
Öteräk geçen bolsamam keramatly spagettiña aydasyñ yoga jenap!
Aytmaýyñda. Bolmasa meni katlet gözli makaron hudaýyñ näletlär-dä aytma!?
:-D wuhhahahahahaaaaaaaaaaa
-
Gerceknazar
4 years ago
- Panturkist Allanyñ adyny ba$ harp bilen ÿazanyñ ûçin Alla razy bolsun.
-
Yzganttm
4 years ago
- yslam dinine ynanmayan dinin dushmany sen @panturkist . hakykatdanam sen ozunche perewot eden bolup ozunche bir zatlar yazayan
sen kurany achda "ihlas" suresinem bir oka.. wii okanda yone ozunche perewot etmedanim bir allaha ynanyan adamyn yanyna baryp perewot etdiray.. yogsam sen yene ozunche yalnysh dushunersin.
-
Jeksparro
4 years ago
- @Gerçeknazar, Allaha ynanmaýandan nädip Alla razy bolsun!?
-
IDEALLIDER
4 years ago
- @Jeksparro! Saňa maslahatym. Eýýäm nikini hem unutdym. Nämedir şu @Pankupit-e beýlebir gaty dawlenýada etme. Beýle adamlar soňynda özlerini heläkleýärler. Ujunda senbir çalajada bolsa günäli bolup galaýma!
-
Jeksparro
4 years ago
- @IDEALLIDER, ölümine sebap bolaýarmykam teswir yazyanym üçin!?
-
mirasymyz
4 years ago
- @Panturkist! Biziň bujagaz beýnijigimiz Allatagalaň Gudratyna, Ylmyna, Kadyrlygyna ýetip bilmez. Aýdylýan zatlar biziň düşünjek aňymyz üçin aýdylýandyr. Hemme zady göni manysynda almaly dälmikä diýýän.
-
mertogly
4 years ago
- mirasymyz gaty dogry aydyan
Jeksparro 4 years ago- -Dünýäde häzirki günde dowam edýän we güýjini ýitiren jemi 10 müňe ýakyn din/ynanç bardyr.Bu 10 müňe ýakyn ynanç arasyndan Yslam we Yslamyň hudaýy Allah barada kiçiräk ýöne kyn seljerme geçirjek.
1. Yslam we onuñ Allahynyñ güýjini yitirendigini subut etdiñmi? Yok.
Sen kim Yslamy we onuñ Allahyny sudit eder ýaly? Yslamdan habary bar professormy? Alymmy!?
Gynansakda yene yok! Jenap @Pantürksüpük!? :-)