Eger-de sen ejeňden çekinýäniň üçin betlik etmeýän bolsaň,
eger-de kakaňdan gorkyňa ýalan sözlemeýän bolsaň,
eger-de mugallymdan gorkyňa ekzamende başgasyndan göçürmeýän bolsaň,
eger-de başlykdan gorkyňa tabşyrylan işi kemsiz ýerine ýetirýän bolsaň,
eger-de polisiýadan-türmeden gorkyňa jenaýat işi etmeýän bolsaň,
eger-de hudaýdan gorkyňa günä iş etmeýän bolsaň,
eger-de ilden gorkyňa ilden çykmaýan bolsaň;
-Onda sen ahlakly däl-de hakyky gorkak. Eger-de bu zatlary etmäge wyždanyň rugsat bermeýän bolsa, onda sen hakyky ahlaklysyň.
Ahlak näme?
-
12
4 years ago
- ylalaşýan
-
wagt
4 years ago
- Dogry sõze kim aýdanda-da dogry diýmeli. Gynansak-da biziñ ilde şeýle gorkakdan köp zat ýok. Ýöne hakykaty bu "gorkaklaryñ" içinde däl-de, el ýeterden uzaga çykyp sözlemegi-de her kes oñarýar. Mesele "gorkaklaryñ" öñüne çykyp diýmekde. Muny bolsa dogduk ilini "gorkaklykda" aýyplaýanyñ özü-de oñarmajagy görnüp duran zat...
-
Panturkist
4 years ago
- @wagt, ýazan zadyňa özüň bir düşünýäňmi?
-
wagt
4 years ago
- Señ ýaly kesä çykyp özüni ilden akylly saýýany köp gördük diýýän..
-
Panturkist
4 years ago
- @wagt, iki sözüň başyny çatyp normalny sözlem gurup bileňok welin maňa gep ýetişdirjek bolýaňmy ))
-
GaRa_TmyN
4 years ago
- Eger kim Alla we Onuñ ilçisine tabyn bolsa, Allanyñ azabyndan heder etse hem-de Ondan gorksa, üstünlik gazananlar şolar bolar. (Nur/52)
* * *
Allanyñ metjitlerini diñe Alla we ahyrete iman getiren, namazy doly berjaý edýän, zekat berýän we Alladan başgadan gorkmaýan möminler bina ederler. Ine olar dogry (hak) ýola ýetmäge umydygärlerdir. (Ýusup/18)
* * *
"... Ynsanlardan gorkmañ, Menden gorkuñ! ..." (Maide/44)
* * *
Olar (pygamberler) Allanyñ iberen zatlaryny halka ýetirerler, Alladan gorkarlar we Ondan başga hiç kimden gorkmazlar. Hasap soraýjy hökmünde Alla (hemmelere) ýeterlikdir. (Ahzab/39)
-
GaRa_TmyN
4 years ago
- Bir-ä Hudaýdan gorkandan gork, bir hem - gorkmadykdan.
* * *
Akylyñ bolmasa, Alladan gorkyny bilmersiñ, ynsabyñ bolmasa, ili sylamagy bilmersiñ.
* * *
Alladan gorkan ölümden gorkmaz, ilden çekinen nebisden gorkar.
* * *
Alladan gorkmadyk ölümden gorkar, ilden çekinmedik ryswalykdan gorkmaz
-
Jeksparro
4 years ago
- Şu tayda indi hemme agzalar gorkak, @Panturkist, simu kalpak, bet gorkanok şul oglan. @Panturkist sen çempion!
-
Panturkist
4 years ago
- @Jeksparro, saňa çaga ponýatiýa diýsemmi, kolhoz ponýatiýa diýsemmi, bilmedimdä... saýla birini!
-
Jeksparro
4 years ago
- Adamlary sylaglasamam şeyle-dä bular. Señ yeñdiñ diyyän dikdüşdiräkmiñ nämemiñ!? Çempion blat sen! Sen simu bet!
-
messibet
4 years ago
- @Panturkist tema açsa gyzyklanyp okaýan. Beýlekileňkä girmesemem şuňka girip okaýan. @Panturkist bilen ylalaşýanym üçin okamokdyryn (agzalardan çekinemsoň, gorkamsoň ylalaşmaýanymam ýazmaly bolýan. Wiiý, menem ahlaksyz bolaýdymmy).
-
mertogly
4 years ago
- Panturkist wyždan diyyami ?(tazelik)
Perhat Sabirovv 4 years ago- Hak aýdylan zatlar @Panturkist