Adamsy agşam işden gelse, öý görer ýaly däldi. Gap-çanaklar ýuwulmandyr, saçak ýygnalmandyr, eşikler tertiplenmändir, düşekler galdyrylmandyr, bar ýer buyr-bulaşyk eken. Üstesine agşam nahary hem taýýarlanmandyr. Bu ýagdaýy gören adamsy, gahar-gazaba atlanyp, öýüň içinde sermenip başlapdyr. Görse aýaly diwanda kitap okap otyr eken. Adamsy: - Bu gün saňa ne döw çaldy, beýle?- diýip sorapdyr. Aýaly bolsa äwmezlige salyp, oňa şeýle jogap beripdir: - Hiç, ýöne. Her agşam maňa “Uzynly gün öýde oturyp, edýän zadyňam-a ýok” diýýärdiň. Meniň uzynly gün öýde näme edýändigimi bileriň ýaly, men bu gün hiç zat etmedim- diýip jogap beripdir. ***oglanlar bizin ayal-masgalalarymyzyn name etyanini bilelin :)
Uzynly gun oyde
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Öyüñ ishi özünden uly diyilyara:-)
-
kelle
12 years ago
- ay shula hakykatlay . Men bir gun oyde galyp sheydip gordum Tas-dan olupdim
-
hakykygyz
12 years ago
- Ýetirenine sagja bol awtor gowy zat owretdinay gelejekde shu yagday menem ýadymda bolar :-)
-
virmenaard
12 years ago
- bolyar sag bolayyn
-
sahett
12 years ago
- gowy söwerdi beýle diýmän yöne bu hakykat
-
idealman92
12 years ago
- aýalyna "uzynly gün öýde oturyp hiç zat etmeýäň" diýýän erkek gaty samsyk bolmaly
-
Panturkist
12 years ago
- idealman92 öylen hany, senem göreris. ayaly işlemeyan erkekleň barynyňam agzyndan çykandyr şu söz, iň bolmanda bir gezek!
Ayyuzli 12 years ago- Hakyky :)