salam talyp oglanlar we gyzlar.gyzgynjak we peydaly maslahatlardan yene biri... Gaharymyz gelende, bolar-bolmaz hereketlerimiz bilen özümizi hem-de gowy görýänlerimizi çykgynsyz ýagdaýa salmagymyz ahmaldyr. Gahar adamy öz eline alsa, soňundan puşman etdirjek derejä eltýär. Şol sebäpli hem gaharymyz gelende özümizi ele almak üçin dürli usullary ulanmalydyrys. Gazaba atlananymyzda, sesimizi gataltman, saňňyldap durman, aýtjak sözlerimizi has ünsli ulanmalydyrys. Gahar gündelik durmuşymyzda ýygy-ýygydan ýüze çykyp durýan duýgylarymyzyň biridir. Ol dürli görnüşde ýüze çykyp biler. Gaharyň ygtyýarsyz gelen duýgudygy hem-de ony gözegçilikde saklap bolmaýandygy baradaky gürrüňler nädogrydyr. Barlaglar, gahar-gazabyň düşünjelerimiziň netijesinde döreýändigini we ýene-de öz-özümizi köşeşdirmek bilen ondan saplanyp biljekdigimizi orta çykardy. Başgaça aýdanymyzda, gaharyň joşmasy bilen wagtyny “özümiz” taýynlaýarys. Gahar üç sany esasy bölekden ybaratdyr: şahsy derejämizi, nämedir bir zadymyzyň ýetmeýänliginiň öwezini dolmak we ynançlarymyzy gözegçilik astynda saklamak islegimizdir. Bular, aslynda, şuny görkezýär: ýagny, gaharyň esasy sebäbi özümizi goramak islegimizdir. Gaharyň nämedigine düşünmek we näme üçin gelýändigini duýmak, ony köşeşdirmegimize ýardam berer. Gahar-gazabyň aşa derejede betbagtlyga eltýändigi barada bolsa şulary aýtmak bolar: gahar siziň kalbyňyzy eýeländen soň, ony saklamak kyndyr, sebäbi, “Gahar gelse, akyl gaçar”diýipdirler. Ümsüm oturan wagtyňyz gaharyňyz bilen bagly özüňize näme diýýän bolsaňyz, gazaba müneniňizde, şol diýýänleriňizi özüňiz eşitmeýärsiňizem. Gaharlanan dostuňyzy köşeşdirmegiň, aslynda, nähili kyndygy barada pikirleniň. Siziň gaýratyňyz biderek bolýan ýalydyr. Ol sizi diňlemegem isleýän däldir. Şeýle ýagdaýda özümizi hem-de gowy görýänlerimizi oňaýsyz ýagdaýda goýýandygymyzy göz öňüne getirmelisiňiz. Nädip baş alyp çykmaly? Gahardan saplanmak gazaba münmekden, onuň manysyny düşündirmekden, ýuwutmakdan we basmakdan ybarat däldir. Bu ýagdaýa köp taraply we hakykatçyl seretmäge çalyşmak iň dogry gaýtargydyr. Gahary bilen bir hatarda beýleki duýgy-düşünjelerimizi “tanamagy” öwrenmelidiris. Şunda gaharymyzy jylawlap bileris. “Nämä, näme üçin gaharlanýarys?” soragyny özümizden soramagymyz hem-de jogabyny göwnüňe jaý bolaýjak derejede tapmagymyz ýeterlikli bolar. Gaharyň aňyrsynda nämäniň ýatandygy barada pikir etmek, meseläniň çözgüdinem tapyp biler. Şeýle edilse, gahar bilen ýitirjek wagtyňyzy başga meseleleriňizi çözmek üçin ulanarsyňyz. Töwerek bilen gatnaşyk saklamagy oňat öwrenmeli. Gaharyňyzy ýuwdup, oňat sözler bilen düşünişmek oňaýly netijelere getirer. Gaharly wagtyňyz näme etmeli? Bir ädim yza süýşüp, uludan dem alyň. Geplejek wagtyňyz ýuwaşjadan we uludan dem alyň. Sesiňiziň badyna üns beriň. Sesiňiz ýumşak bolsun! Ýuwaş gepleşiň we diýýän zatlaryňyzyň düşnüklidigine ynamyňyz bolsun. Beden hereketleriňize üns beriň. Haýbat atmanyň ýerine rahat gepleşiň we her dürli soraga taýyndygyňyzy görkeziň. Jogap bermänkäňiz, garşyňyzdakynyň näme aýtmak isleýändigi barada pikirleniň. Şeýtmek bilen onuň diýjek bolýan zatlaryna anyk düşünip, gerekli we peýdaly jogaby berip bilersiňiz. Gahar bilen alynjak gala bolmaz, diňe ýykyljak “gala” bolar. Şonuň üçin ganatly sözlere eýerip, gaharyň gelen mahaly dik duran bolsaňyz oturmaly, bulam peýda etmese ýatmaly. Ýa-da iň gowusy geplemezlikdir. Ata-babamyzyň “Gahary ýuwutsaň, gant bolar” diýen sözleri juda jaýdardyr.
Gaharyňyz gelende...
-
sahett
13 years ago
- maslahat yaltanman basyndan sonuna cenli okan gaharynyz gelende aydynyza salyp sahetjan dogry yazypdyr diyer yaly xd (xddddd)
-
Abadan
13 years ago
- Yaltanman okadym sahett. Birinjidena bu sen özune esasy gerek maslahat,sebabi su saytda kabir yadayda sen özuni saklap bilenok.
Ikinjidenem dogry maslahat,yöne gaharyn gelenden bu maslahatlar yadymyza dusse gowyzat . Ondanam muhammet pygambermizden(a.s.w.) in akylly adam nahili adam diyip soranlarynda,"gahary gelende,gaharyny saklap bilyan adamdyr"diyip jogap beripdir.
-
Abadan
13 years ago
- Bagy$lan yokarda yalnys yazypdyr Muhammet pygabermiz (s.a.w)bolmalydy.
-
Tilkijik
13 years ago
- 5 lik Abadan
-
enesh91
13 years ago
- sahet dogrudanam gowy maslahat. yone gaharly wagtyn bujagaz ajayyp setirle yadyna dushermikaa abadanynam yazanlaryna goshulyan...
-
Kuraldyshy
13 years ago
- Ah sahet,sahet.operasyz girýän wagtym bolsa gowjasyny ýazardym okaman...su bilipjik duran zadyñ bolsa-da,praktikada yerine yetirmek kyn.(erkim ýetir öz özüme azmazym ýaly)
-
sahett
13 years ago
- abadan menem adam senem adam olaram adam hemmamizde nervy bar.men gahar edyan bolsam onda sebap bardyr.mysal ucin din barada taryh barada mowzuk acyp burnuny dorjelap sumuguni iyip yorenler bilmani yazyalar.
Asuda yasajak bolsan sowese tayyn bol.bir alyma aydypdy.ak jujeleri ketekdaki towuklar garalaya sol towuklary oldurmeli
-
Abadan
13 years ago
- Sahett mena yöne dusundirjek bolamda,eyyam senin gaharyn gelyara.
-
sahett
13 years ago
- gelin ses berelin onda yokda men teswirim gaharlanyp yazypdyrynmy ya beyle dal bolyamy abadan.oyun edyan gahar dal men sana name ucin gaharlanyanlygymyn sebabi dusundurdum
-
Abadan
13 years ago
- Seytde aram-aram oyun edipdur sahett,gaharlanyp yörsen durmu$yn hezildiginden galarsyn.:-D )))hany onda ses beri$lige ba$layas hahaha
-
p0e0r0i0j0i0k
13 years ago
- sahett sag bol maslahatyñ ucin!
-
sahett
13 years ago
- men sahett agza ses beryan men on jan yaly dostdy kir2
Perijik senem barmy bu talyplan kartasynda yitdinde gidin ya kartany gineldyanmi!
-
littil
13 years ago
- sahett gowy maslahat. bizem synanşars.
-
Tourist
13 years ago
- Sähett gowy maslahat menem synan$aryn
-
sahett
13 years ago
- synansyn belki men yaly gaharjak bolmarsynyz azyndan
-
Mody
13 years ago
- gaharjan bolmak gowy zatmy erbet zat?
-
Abadan
13 years ago
gaharjan bolmak gowy zatmy
erbet zat?
mody | 2011-07-07 01:49:38
elbetde erbet. Köpi gören uly adamlar gowy bilyar,$olardan sorap görayerler.
-
turkmenntug
13 years ago
- gaharjan bolmak gowy zatmy erbet
zatmy?
mody
elbetde erbet. köpi gören uly adamlar
gowy bilyar,$olardan sorap
görayerler.
abadan
"köpi gören uly adamlar",t û r k m e n aga, -"gahar kapyr"diyyändir...
-
Abadan
13 years ago
- Ylala$yan. Önde biri aytmy$layyn:obamyzda bir yarak it bardy,danyp saklaymasan,isini görjek. Gahar hem edil so it yalydyr,danyp saklamasan....
-
sahett
13 years ago
- gahar kapyr yone bu kesel brejnyvy mysal gorkezip bilerin
sahett 13 years ago- malahat yaltanman basyndan sonuna cenli okan gaharynyz gelende aydynyza salyp sahetjan dogry yazypdyr diyer yaly xd