Men garañky pikirleriñ içinde, Isleýärin ýagtylyga çykmagy. Beýnimde müñ pikir, müñ hyýal bilen, Ba$arammok gaýgy dagyn ýykmagy. Ba$arammok dertlerimi aýtmagy. Çäresiz men, derde derman gözleýän. Go$gy düzenimde özüm duzemok, Asyl ýüregimdir sözi sözleýän. Ýatlap çagalykda geçen günlerim, Köp pursatlañ geçenine ökünýän. Indi aýnalardan ýüzümi gizläp, Iç ýüzümi görkezmäge çekinýän. Ýüregim isleýär baky söýgüni, Bu söýgüni saklamaga erkim ýok. Indi bakylygy islänim bäri, $u gaýgyly ýüzden özge gorkym ýok. Söýmek üçin söýülmäge gara$mañ! Söýüñ bütin ynsanlary, jandary! Aklym bilen pikir edip bilsemem, ýüregimdir bu derdiñ "howandary".
Içki oýlanma
-
Friendship
13 years ago
- Minnetdar, Enesh!
-
ADALATLY
13 years ago
- Sag bol dost.tüweleme gošgyňa gowy eken.
-
garypjan
13 years ago
- Friendship dostjan janyñ sag bolsun. Meniñ ýùregimdaki sözler, ýöne dashyna çykaryp bilemok. Söz baylygym yok. Señ gelejegiñ bar dost.
-
asiya
13 years ago
- sapa saña gozum gidya (belyy zawest)
mashalla hemme goshgularyñam super :-)
-
Yegen
13 years ago
- Sapa daýy molodes! Goshulañ höwri mundan beýlägem köpelsin, ylhamyñ josh alsyn!
-
vesna87
13 years ago
- sapa yuregimdakini aydaydyn. Berekella! Tuweleme sende zehin bar
-
lukss89
13 years ago
- yurekden cykan sozler sapa galamyn ujy yiti bolsun...
-
Friendship
13 years ago
- Minnetdar, dostlar!
-
Bilgi
13 years ago
- galamyn ujy yiti bolsun,zehinin dash yarsyn, gaty gowy goshgy ekeni!
-
makgush
13 years ago
- Gowja goshgy, sagbol.
-
maddow
13 years ago
- gowja goshgy dos.(aslynda gow rap sozleri bolardy gowja saz bln)hehe
-
Bravo
13 years ago
- kimkä aftor? =)
-
magnit
13 years ago
enesh91 13 years ago- Friendship ajayyp goshgy eken. men sizin acyan temalarynyzyn hayrany. sagbolun