Gurban Berdiýew “Soçiniň” baş tälimçisi wezipesinden gitdi
“Soçi” futbol kluby özüniň resmi Telegram kanalynda Gurban Berdiýewiň klubuň baş tälimçisi wezipesinden gidendigini habar berdi. Muny championat.com ýetirýär.
Klubuň baş tälimçisiniň wezipe borçlaryny ýerine ýetiriji hökmünde bolsa Dmitriý Hohlow bellendi.
“Soçi” futbol kluby Gurban Bekiýewiçe mundan beýläkki karýerasynda we durmuş ýo...
Zidan, Mourinýu we Ançelotti UEFA-nyň Futbol geňeşiniň düzümine girer
Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) 20 agzadan ybarat Futbol geňeşini döretmek kararyna geldi. Bu geňeşiň düzümine Zinedin Zidan, Žoze Mourinýu we Karlo Ançelotti hem girer. Geňeş oýny ösdürmek boýunça teklipleri düzmek bilen meşgullanar. Bu barada Frans Press habar berýär diýip, rsport.ria.ru belleýär.
Habar berlişi ýaly,...
Argentinanyň milli ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde birinji orny eýeledi
Argentinanyň milli futbol ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde birinji orna çykdy, reýtingiň täzelenen görnüşi guramanyň saýtynda ýerleşdirildi diýip, sport-interfax.ru habar berýär.
Häzirki dünýä çempiony mundan öň ikinji orny eýeleýärdi. Öňki lider, Braziliýanyň milli topary üçünji setire düşdi. Ikinji orna bolsa üçünji orundan Fransiýanyň milli...
Özbegistanda boks boýunça Dünýä çempionatyna 104 döwletiň wekili gatnaşar
104 ýurtdan türgenler Özbegistanda geçiriljek erkekleriň arasyndaky boks boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin hasaba alyndylar. Bu barada Halkara boks assosiasiýasynyň (IBA) metbugat gullugy habar berýär diýip, sport-interfax.ru belleýär.
Umumy alanyňda, 13 agram kategoriýasynda çykyş etmek üçin 640 türgen ýüz tutdy, şol bir wagtyň özün...
Türkiýe "Ýewro 2028"-i we "Ýewro 2032"-ni kabul etmek üçin arza berer
Türkiýe "Ýewro 2028"-i we "Ýewro 2032"-ni geçirmäge dalaşgärligini resmi taýdan yglan etdi.
Türk HBS-ne salgylanýan Trend Türkiýäniň Ýaşlar we sport ministri Mehmet Muharrem Kasapoglunyň degişli resminama gol çekendigini habar berýär. Arza 12-nji aprelde UEFA-a tabşyrylar.
Türkiýäni dalaşgärlige hödürlemek baradaky resminamada stadio...
Jokowiç dünýä reýtinginiň başyna gaýdyp geldi
Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç dünýäniň birinji raketkasy adyny gaýdyp aldy. ATP reýtinginiň täzelenen görnüşi guramanyň saýtynda ýerleşdirildi diýip, sport-interfax.ru habar berýär.
Jokowiç Maýamide geçirilen Masters ýaryşynyň ýarym finalyndan soň çykan ispaniýaly Karlos Alkarasdan öňe geçdi. Netijede, Alkaras ikinji setire düşdi. Üçünji...
AFP: Lionel Messi möwsümiň ahyrynda «PSŽ-ni» terk edip biler
«Pari Sen-Žermen» fransuz futbol klubunyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi möwsüm tamamlanandan soň, klubdan gidip biler. Bu barada sişenbe güni France Press agentligi klubdaky çeşmesine salgylanyp habar berdi.
"Iýun aýynda şertnamasy tamamlanandan soň onuň klubdan gitmek mümkinçiligi has ýokary, ýöne bu gutarnykly karar däl. Täze şertnama...
Nadal we Alkaras Monte Karloda geçiriljek «Masters» tennis ýaryşyna gatnaşmaz
Uly tuwulga ýaryşlarynda erkekleriň arasynda ýekelikde rekord gazanan ispaniýaly Rafael Nadal Monte Karloda geçiriljek Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) “Masters” seriýasynyň ýaryşyna gatnaşmaz. Sişenbe güni bu barada Twitter ýazdy.
Nadal: "Men entek iň ýokary derejede bäsleşmäge taýyn däl. Karýeramdaky iň möhüm ýaryşlaryň b...
Döwletjan Ýagşymyradow Bellator-yň täzelenen reýtinginde altynjy orna çykdy
Garyşyk söweş sungatynyň türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow Bellator-yň täzelenen reýtingindäki ornuny ýokarlandyrdy.
Ýarym agyr agram derejesinde çykyş edýän Ýagşymyradow bir orun ýokary galdy we reýtingde altynjy orny eýeledi.
10-njy martda San-Hose (Kaliforniýa, ABŞ) şäherinde geçirilen Bellator 292 ýaryşynyň çäginde türkmen pä...
Azar La Liganyň iň köp girdeji alýan oýunçylarynyň sanawynda birinji orny eýeledi
Madridiň “Realynyň” ýarym goragçysy Eden Azar Ispaniýanyň çempionatynyň iň ýokary girdeji alýan futbolçysy diýlip saýlandy. Fransiýanyň HBS-niň habar berşi ýaly, belgiýaly oýunçynyň zähmet haky salgytlar aýrylmazdan öň 2,25 mln ýewro barabar. Bu görkeziji boýunça ikinji orny “Barselonanyň” hüjümçisi Robert Lewandowski (2,17 mln ýewro) eýeleýär, ilk...
«Çelsi» Grem Potteri baş tälimçi wezipesinden boşatdy
Londonyň "Çelsisi" Grem Potteri baş tälimçi wezipesinden boşadandygyny mälim etdi. Bu barada klubuň resmi web sahypasynda habar berildi.
Baş tälimçiniň wezipesini Bruno Saltor ýerine ýetirer.
“Klubdakylaryň hemmesiniň adyndan Greme Çelsä goşan goşandy üçin tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys. Greme tälimçi we şahsyýet hökmünde iň uly ho...
FIFA klublara oýunçylary 2026-njy we 2030-njy ýyldaky DÇ-e ibermek üçin bellenilen mukdary aýtdy
Halkara Futbol federasiýasy (FIFA) klublara 2026-njy we 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatlaryna oýunçylary ibermek üçin 710 mln dollar tölär. Bu barada guramanyň saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.
Duşenbe güni Budapeştde FIFA-nyň ýolbaşçysy Janni Infantino bilen Ýewropa klublarynyň assosiasiýasynyň (ECA) başlygy Nasser Al-Helaifi...
Messiniň transfer bahasy 16 ýylda ilkinji gezek 50 mln ýewrodan aşak düşdi
«Pari Sen-Žermeniň» hüjümçisi Lionel Messiniň transfer bahasy Transfermarkt tarapyndan 45 mln ýewro diýlip hasaplandy, oýunçy 2007-nji ýyldan bäri ilkinji gezek 50 mln ýewrodan pes baha bilen bahalandyryldy. Bu barada sportrbc.ru habar berýär.
Portal Fransiýanyň çempionatynyň oýunçylarynyň bahalary baradaky maglumatlaryny täzeledi. Noýabr aý...
Kriştianu Ronaldu milli ýygyndysy üçin geçiren oýunlarynyň sany boýunça rekord goýdy
Hüjümçi Kriştianu Ronaldu penşenbe güni Portugaliýanyň milli futbol ýygyndysy üçin özüniň 197-nji oýnunda meýdança çykyp, milli topar üçin geçiren oýunlarynyň sany boýunça rekord goýdy. Bu barada TASS habar berýär.
Ronaldu 2024-nji ýylda geçiriljek Ýewropa çempionatynyň saýlama ýaryşynyň birinji tapgyrynyň Lihtenşteýn toparyna garşy oýnunda...
Tuhel Nagelsmana derek «Bawariýanyň» baş tälimçisi wezipesine bellendi
«Pari Sen-Žermen» we «Çelsi» klublarynyň öňki nemes tälimçisi Tomas Tuhel Mýunheniň «Bawariýasy» tarapyndan klubuň baş tälimçisi hökmünde resmi taýdan tanyşdyryldy. Bu wezipä ol Ýulian Nagelsmanyň deregine geldi.
«Bawariýanyň» birnäçe lideri bilen gatnaşyklaryny kynlaşdyrandygy aýdylýan Nagelsmany işden aýyrmak karary klubuň ýokary derejeli...
“Barselona” petek satuwyndan gazanan girdejisi boýunça klub rekordyny goýdy
“Barselona” futbol boýunça Ispaniýanyň çempionatynyň 26-njy tapgyrynyň “Real” bilen oýnunda petek satuwyndan gazanan girdejisi boýunça klub rekordyny goýdy. Bu barada RAC1 Twitterde habar berýär diýip, rsport.ria.ru belleýär.
Barselonada geçirilen ýekşenbe günündäki duşuşyk hojaýynlaryň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy.
“Real” bilen...
AFP: Mbappe Fransiýanyň milli futbol ýygyndysynyň täze kapitany boldy
Fransiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Didýe Deşam hüjümçi Kilian Mbappeni Fransiýanyň milli ýygyndysynyň täze kapitany edip belledi. Bu barada AFP sişenbe güni habar berdi.
9-njy ýanwarda milli ýygyndyda karýerasyny tamamlan, “Tottenhemyň” derwezebany Ugo Lýoris Fransiýanyň ýygyndysynyň öňki kapitanydy. Milli toparyň w...
WBA Usik bilen Fýurini 1-nji aprele çenli söweş şertnamasyny baglaşmaga borçlandyrdy
Bütindünýä boks assosiasiýasy (WBA) ukrainaly Aleksandr Usik bilen britaniýaly Taýson Fýurini 1-nji aprele çenli söweş üçin şertnama baglaşmaga borçlandyrdy. Bu barada guramanyň prezidenti Hilberto Mendosa Twitterde habar berdi diýip, rsport.ria.ru belleýär.
Öň, WBA 11-nji martda iki tarapdan hem söweşi geçirmek boýunça ylalaşylandygy barada...
FIFA-nyň prezidenti VAR ulgamynyň has ýönekeýleşdirilen görnüşiniň döredilýändigini anons etdi
Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) eminlere wideo kömekçi (VAR) ulgamynyň has ýönekeýleşdirilen görnüşini döretmegiň üstünde işleýär. Bu barada FIFA-nyň Ruandada geçirilen kongresinde eden çykyşynda guramanyň prezidenti Janni Infantino aýtdy diýip, sputnik.by habar berýär.
“Biz dünýäniň 100-den gowrak döwletinde VAR-y işe girizdik hem-de dör...
Çempionlar ligasynyň 1/4 final tapgyryna gatnaşyjylaryň ählisi belli boldy
15-inden 16-njy marta geçilýän gije Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň soňky oýunlary tamamlandy. Tapgyryň netijeleri boýunça ýaryşyň çärýek finalyna çykan 8 klub belli boldy.
Çempionlar ligasynyň 1/4 final tapgyryna çykan klublar: «Milan», «Inter» we «Napoli» (Italiýa), «Çelsi» we «Mançester Siti» (Angliýa), «Real» (Ispaniýa), «Bawar...