«Al-Nasr» Kriştianu Ronaldunyň Saud Arabystanynda düşen ilkinji suratlaryny görkezdi
«Al-Nasr» futbol kluby resmi Twitterinde Kriştianu Ronaldunyň Saud Arabystanyna geleninden soň düşen ilkinji suratlaryny görkezdi.
Ronaldu howa menziline gelip düşen pursady özüne we aýaly Jorjina Rodrigese gül sowgat beren ýaş janköýerler bilen surata düşdi.
Ronaldunyň «Al-Nasr» bilen şertnamasy 2025-nji ýyla çenli dowam eder. Şeýle...
«Al-Nasr» Kriştianu Ronalduny resmi taýdan tanyşdyrdy
Portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu «Al-Nasr» saud futbol klubunyň oýunçysy hökmünde resmi taýdan tanyşdyryldy.
Ronaldunyň tanyşdyryş dabarasy sişenbe güni «Al-Nasryň» öý stadionynda doly münberlerde geçdi.
25 müň sany janköýer 4 ýewro sähel ýetmeýän pula petek satyn alyp, ýyldyz oýunçyny janly synlamak üçin «Mrsul-park» stadionyn...
Marca: Ronaldu “Al-Nasra” geçmäge ýakynlaşdy
Portugaliýaly oýunçy Kriştianu Ronaldu ýakyn wagtda Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” futbol kluby bilen şertnama baglaşyp biler. Bu barada “Marca” habar berýär diýip, sport-interfax.ru belleýär.
Şertnama iki ýarym möwsüm üçin niýetlener we şertlere görä 37 ýaşly futbolçy möwsümde 200 mln ýewro alar. Bu mukdara zähmet töleginden başga-da, mahabat...
DÇ-2022: Belgiýa ýaryşdan gaýtdy, Horwatiýa we Marokko pleý-off-da
Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň üçünji duşuşygynda Horwatiýa bilen Belgiýa deňme-deň oýnadylar. Al-Raýanda geçen duşuşyk 0:0 tamamlandy.
F toparyň beýleki duşuşygynda Dohada Marokkonyň ýygyndysy Kanadadan 2:1 hasabynda üstün çykdylar. 4-nji minutda Hakim Ziýeş marokkolylary öňe çykardy, 23-nji minu...
DÇ-2022: Germaniýa pleý-off tapgyryna çykyp bilmedi
Futbol boýunça dünýä çempionatynda Germaniýa 1/8 final tapgyryna çykyp bilmedi.
E toparda üçünji duşuşykda nemes topary 4:2 hasabynda Kosta-Rikadan üstün çykdy we 4 utuk toplady. Emma bu hasap olara diňe toparda üçünji orny eýelemäge mümkinçilik berdi.
Şeýlelikde, Germaniýa eýýäm ikinji dünýä çempionatynda pleý-off tapgyryna çykyp bil...
DÇ-2022: Ýaponiýa Ispaniýadan üstün çykdy, olaryň ikisi hem pleý-off-a çykdylar
Katarda futbol boýunça dünýä çempionatynyň E toparynyň üçünji oýnunda Ýaponiýa 2:1 hasap bilen Ispaniýadan üstün çykdy.
Ýaponiýadan gollary Risa Doan (48) we Ao Tanaka (51) geçirdi. Ispaniýadan Alwaro Morata (11) geçirdi.
Ýaponiýa 6 utuk bilen E toparda birinji orny eýeledi. Ispaniýa 4 utuk bilen ikinji orny eýeledi. Ispanlar 4 utugy...
Dünýä çempionaty — 2022-niň 12-nji oýun gününiň netijeleri
Dünýä çempionaty — 2022-niň 12-nji oýun güni tamamlandy. 1-nji dekabrda Katarda toparlaýyn tapgyryň 3-nji tapgyrynyň 4 sany duşuşygy geçirildi.
E topar
Doha, «Halifa» stadiony
Ýaponiýa – Ispaniýa – 2:1 (0:1)
Gollar: 0:1 – Morata (11), 1:1 – Doan (48), 2:1 – Tanaka.
El-Haur, «Al-Baýt»
Kosta-Rika– Germaniýa...
Serdar Berdimuhamedow TÜRKSOÝ guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
28-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewi kabul etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Sultan Raýewi bu jogapkärli wezipä saýlanmagy bilen gutlap, alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda däp bolan hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýun...
Braziliýa Şweýsariýany ýeňip, dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyryna çykdy
Braziliýanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary Katarda geçirilýän dünýä çempionatynyň ikinji tapgyrynda Şweýsariýadan 1:0 hasabynda üstün çykdylar.
Dohada geçirilen duşuşykda braziliýalylara ýeňşi 83-nji minutda Kazemiro getirdi.
Bu ýeňiş Braziliýanyň ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykmagyny üpjün etdi.
Braziliýa 6 utuk bilen G topar...
DÇ-2022: Portugaliýa Urugwaýdan üstün çykyp, pleý-off tapgyryna çykdy
Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Portugaliýa Urugwaýdan üstün çykdy.
Lusailde geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy. Gollaryň ikisini hem Brunu Fernandeş geçirdi (54-nji minut, 90+1 pen.).
Portugaliýa 6 utuk bilen H toparda birinji orny eýeleýär. Ikinji ýerde Gana (3 u...
Dünýä çempionaty — 2022-niň 9-njy oýun gününiň netijeleri
Dünýä çempionaty — 2022-niň 9-njy oýun güni tamamlandy. 28-nji noýabrda Katarda toparlaýyn tapgyryň 2-nji tapgyrynyň soňky 4 sany duşuşygy geçirildi.
G topar
El-Wakra, «Al-Janub» stadiony
Kamerun– Serbiýa – 3:3 (1:2)
Gollar: 1:0 – Kastelletto (29), 1:1 – Pawlowiç (45), 1:2 – Milinkowiç-Sawiç (45), 1:3 – Mitrowiç...
Futbol boýunça dünýä çempionatynda Germaniýa Ispaniýa bilen deňme-deň oýnady
Katarda dünýä çempionaty — 2022-niň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Germaniýanyň futbolçylary Ispaniýa bilen 1:1 hasap bilen deňme-deň oýnady.
El-Haurda geçirilen duşuşykda Ispaniýadan Alwaro Morata (62-nji minut), Germaniýadan Niklas Fýullkrug (83) tapawutlandy.
Ikinji oýundan soň, E toparda Ispaniýa birinji ýerde ýerleşdi (...
Apple "Mançester Ýunaýtedi" satyn almak mümkinçiligini öwrenýär
Apple Inc. amerikan kompaniýasy Angliýanyň iň üstünlikli futbol klublarynyň biri bolan "Mançester Ýunaýtedi" satyn almak mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, The Daily Star tabloidi ýazýar.
Neşiriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň baş ýerine ýetiriji müdiri Tim Kuk klub üçin 5,8 mlrd funt sterling (7 mlrd dollardan gowrak) tölemäge taýýar...
Gurban Berdiýew «Soçi» futbol klubuna baş tälimçi bellendi
Gurban Berdiýew Russiýanyň «Soçi» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu habary klubuň prezidenti Boris Rotenberg tassyklady.
«Şu gün Gurban Bekiýewiç topara tanyşdyryldy. Onuň baý futbol tejribesi bar. Berdiýew klubuň ösüşiniň häzirki döwründe oňat ýardam edip biler diýip berk ynanýaryn. Geljekki meýiller barada aýdylanda,...
Fransiýa Daniýany ýeňip, ilkinji bolup dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyryna çykdy
Fransiýanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary Katarda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Daniýadan üstün çykdylar.
Dohada geçirilen duşuşyk 2:1 hasap bilen tamamlandy. Fransiýanyň düzüminde Kilian Mbappe dubl etdi (61-nji we 86-njy minut). Daniýadan Andreas Kristensen (68) gol geçirdi.
D toparda çyky...
Messi dünýä çempionatynda Argentina ilkinji ýeňşini getirdi
Argentinanyň milli ýygyndysy Katarda dowam edýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Meksikadan üstün çykdy.
Lusailde geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy. Argentinalylar 64-nji minutda Lionel Messiniň geçiren goly bilen öňe saýlandylar. 87-nji minutda bolsa, Messi Enso Fernandese netijeli pas be...
Dünýä çempionaty — 2022-niň 7-nji oýun gününiň netijeleri
Dünýä çempionaty — 2022-niň 7-nji oýun güni tamamlandy. 26-njy noýabrda Katarda toparlaýyn tapgyryň 2-nji tapgyrynyň 4 sany duşuşygy geçirildi.
С topar
Doha, «Edýukeýşn siti stadiony»
Polşa – Saud Arabystany – 2:0 (1:0)
Gollar: 1:0 – Zelinski (39), 2:0 – Lewandowski (82).
Lusail, «Lusail stadiony»
Argentina...
Argentinanyň ýygyndysy we FIFA Diego Maradonany hatyralady
Argentinanyň futbol boýunça ýygyndysy we Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) ýolbaşçylary Katardaky dünýä çempionatynyň çäklerinde Diego Maradonany hormat bilen ýatladylar diýip, Associated Press agentligi habar berýär.
"Diego baky ýaşaýar, ol henizem biziň aramyzda" - diýip, FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino Katardaky çärede Maradonany...
Ronaldu bäş sany dünýä çempionatynda gol geçiren ilkinji futbolçy boldy
Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu bäş sany dünýä çempionatynda gol geçirmegi başaran taryhda ilkinji futbolçy boldy.
Dünýä çempionaty — 2022-niň çäginde Gana garşy duşuşykda Ronaldu 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirmegi başardy.
Öň, 37 ýaşly futbolçy 2006, 2010, 2014, 2018-nji ýyllaryň dünýä çemp...
Messi taryhda dört dünýä çempionatynda gol geçiren ilkinji argentinaly oýunçy boldy
Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi dünýä çempionatlarynda milli toparyň rekordyny goýdy.
Katarda DÇ-2022-niň Saud Arabystanyna garşy oýnunyň birinji ýarymynda ol jerime urgusyny geçirip, dört DÇ-de gol salmagy başaran ilkinji argentinaly oýunçy boldy.
Mundan öň Messi 2006, 2014 we 2018-nji ýyllarda geçirilen dünýä...