Ançelotti milli ýygyndylaryň arasynda iň köp zähmet hakyny alýan tälimçi boldy
Karlo Ançelotti Madridiň “Realyndaky” tälimçi ygtyýarlyklaryny Habi Alonso berenden soň, tiz wagtdan Braziliýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçy boldy. Taraplaryň arasyndaky gepleşikler bir ýyldan köp dowam etdi.
KHBS-iň maglumatlaryna görä, Ançelotti Braziliýa toparynyň başyna geçenden soň, ähli milli ýygyndylaryň arasynda iň köp zähmet hakyny...
“Interiň” baş tälimçisi klubuň öňki goragçysy Kristian Kiwu boldy
Milanyň “Inter” futbol kluby Kristian Kiwuny toparyň baş tälimçisi wezipesine belledi. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär. 44 ýaşly rumyniýaly hünärmen bilen şertnama 2027-nji ýylyň tomsuna çenli hereket eder.
Kiwu “Interde” goragçy hökmünde 2007-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli çykyş etdi. Oýun karýerasyny tamamlandan soň, klubuň...
«Tottenhem» 17 ýyldan soň kluba ilkinji kubogyny gazandyryp beren tälimçisini wezipeden boşatdy
Enj Postekoglu Londonyň «Tottenhem» futbol klubunyň baş tälimçiliginden gitdi. 59 ýaşly gresiýaly hünärmeniň wezipeden boşadylandygy barada toparyň metbugat gullugy resmi taýdan habar berdi.
Postekoglu «Tottenhemiň» Ýewropa ligasynda ýeňiş gazanmagyndan iki hepde soň işden boşadyldy. Klubuň ýolbaşçylygy bu karary Angliýanyň Premýer ligasynda...
Fransiýa Germaniýany utup, UEFA Milletler ligasynyň bürünç medallaryny aldy
UEFA-nyň Milletler ligasynyň üçünji orny ugrunda geçirilen duşuşykda Fransiýanyň milli ýygyndysy Germaniýany ýeňlişe sezewar etdi. Oýun 8-nji iýunda Ştutgartda geçirildi we Didýe Deşamyň şägirtleriniň peýdasyna 2:0 hasap bilen tamamlandy.
Birinji ýarymyň soňky sekuntlarynda Kilian Mbappe hasaby açdy. Ol Çuameniniň diagonal pasyny ussatlyk bi...
Sinner soňky 15 ýylda ilkinji bolup Jokowiçi yzygider dört gezek utdy
Italiýaly tennisçi Ýannik Sinner soňky 15 ýylda Nowak Jowokiçi yzygider dört gezek utan ilkinji oýunçy boldy. Olaryň soňky duşuşygy 6-njy iýunda “Rolan Garrosyň” ýarym finalynda boldy diýip, Tennis.com habar berýär.
Ozal Sinner Jokowiçi 2023-nji ýylda Dewisiň Kubogynyň finalynda, 2024-nji ýylda Australian Open-de we Şanhaýda geçirilen ýaryşd...
Portugaliýa ikinji gezek Milletler ligasynyň finalyna çykdy. Ýarym finalda ol Germaniýany utdy
Portugaliýanyň milli ýygyndysy Milletler ligasynyň ýarym finalynda Germaniýanyň toparyny utdy.
Duşuşyk Mýunhende geçirildi we portugaliýalylaryň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde gollary Fransişku Konseýsau we Kriştianu Ronaldu geçirdi. Garşydaş topardan Florian Wirs tapawutlandy.
40 ýaşly Ronaldu milli ýygyndy...
Goal “Altyn topa” dalaşgärleriň sanawyny täzeledi: oňa Hwiça we Due goşuldy
Goal internet neşiri 2025-nji ýylyň “Altyn top” baýragyna esasy dalaşgärleriň sanawyny täzeledi. Ilkinji onlukda Çempionlar ligasynyň finalyna gatnaşan Milanyň “Interiniň” ýekeje-de oýunçysy ýok.
Ýaryşyň ýeňijisi “PSŽ” boldy. Klubuň sanawda dört oýunçysy bar.
“Altyn top” – 2025-e dalaşgärleriň ilkinji onlugy:
Usman Dembele (“PS...
IFAB penalti urgusynyň düzgünlerine täze düşündiriş girizdi
Halkara Futbol Assosiasiýalarynyň Geňeşi (IFAB) penalti urgusynyň düzgünlerini aýdyňlaşdyrdy. Olar guramanyň resmi saýtynda ýerleşdirildi.
Düzgünlere görä, eger 11 metrlik urgy wagtynda topa iki gezek deglen we şol bir wagtyň özünde top derwezä giren bolsa, emin urgyny ikilenç bellemeli. Eger top derwezä girmese, bu ýagdaýda garşydaşyň peýda...
Türkmenistanyň dürli ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary welosipedli ýörişleri geçirdiler
Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary sport çärelerini we welosipedli ýörişleri guradylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.
1-nji iýunda Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasy tarapyndan Daşkent şäherinde welosipedli ýöriş geçirildi. Çärä Özbegistanyň dürli ýokary okuw...
Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
3-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabatda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy.
Welosipedli ýöriş Aşgabatdaky Saglyk ýolundan badalga aldy. Ýörişe gatnaşyjylar Arçabil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen ýola düşdüler.
Ýörişiň dowamynda Serdar Berdimuhamedow...
UEFA 2025/26 möwsümiň öň ýanynda klublaryň täzelenen koeffisentli jedwelini neşir etdi
UEFA soňky bäş möwsümiň netijeleri boýunça täzelenen klub koeffisentleriniň reýtingini çap etdi. 2025/26 möwsüm başlamazyndan ozal bu sanawyň birinji basgançagynda Madridiň "Real" topary ýerleşýär.
UEFA-nyň koeffisentleri klublaryň soňky bäş ýylda Ýewropa kuboklarynda gazanan üstünliklerini görkezýär. Bu görkeziji Çempionlar ligasynyň we Ýew...
Türkmenistanda sport ýaryşlaryny geçirmegiň täze tertibi tassyklanyldy
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti sport çärelerini, şol sanda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny guramagyň täze tertibini tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berilýär.
Degişli 169-ö belgili karara 2025-nji ýylyň 21-nji aprelinde bu komitetiň başlygy A. Saparow gol...
“Maklareniň” sürüjisi Piastri Ispaniýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
“Maklareniň” awstraliýaly ýaryşa gatnaşyjysy Oskar Piastri “Formula-1” çempionatynyň dokuzynjy tapgyry bolan Ispaniýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Ýaryş Barselonada geçirildi.
Ikinji bolup pellehana Piastriniň topardaşy britaniýaly Lando Norris geldi. Ol ýeňijiden 2,471 sekunt yza galdy. Üçünji orny “Ferrariden” Şarl Lekler (+10,455) eýe...
Çempionlar ligasynyň iň gowy bombardiri we iň gowy asistenti şol bir oýunçy boldy
Fransiýanyň “Pari Sen-Žermeni” UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň finalynda Milanyň “Interini” 5:0 hasabynda utdy. 2024/2025 möwsüminiň tamamlanmagy bilen ýaryşyň iň gowy bombardirleri we iň gowy assistentleri (gol pasyny berenler) kesgitlendi.
Ýaryşda iň köp gol geçiren oýunçy “Barselonanyň” gyraky hüjümçisi Rafinýa we Dortmundyň “Borussiýasynyň...
UEFA “PSŽ-e” €148,4 mln möçberde rekord pul baýragyny berer
Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Çempionlar ligasy möwsüminiň netijesi boýunça “PSŽ” fransuz klubuna 148,4 mln ýewro tölär. Bu barada X sosial ulgamynda Football Meets Data habar berýär.
Bu mukdar 5:0 hasabynda tamamlanan “Inter” bilen final oýnundaky ýeňiş üçin 6,5 mln ýewrony öz içine alýar. Ýene 4 mln ýewrony klub UEF...
UEFA Çempionlar ligasy 2024/25-iň iň gowy oýunçylaryny we simwolik toparyny kesgitledi
“Pari Sen-Žermeniň” hüjümçisi Usman Dembele 2024/2025 möwsüminiň Çempionlar ligasynyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň (UEFA) resmi saýtynda habar berilýär. Meşhur braziliýaly futbolçy Ronaldinýo täze «Rematch» futbol simulýatorynyň ilçisi boldy. Ol oýny döreden studiýanyň edarasyna baryp, simulýatory hut özi synap gördi. Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” futbol kluby ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Mýunhendäki “Alýans Arena” stadionynda geçirilen final oýnunda Luis Enrikäniň topary “Interi” 5:0 hasabynda utdy. Madridiň “Realy” “Liwerpulyň” ýetişdiren oýunçysy we Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Trent Aleksandr-Arnoldyň topara geçendigini resmi taýdan yglan etdi. Futbolçy bilen şertnama 2031-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli möhlet bilen baglaşyldy. Football Benchmark Group agentligi Ýewropada bazar bahasy ýokary bolan klublaryň reýtingini düzdi. Sanawda öňdebaryjy Madridiň “Realy” boldy. Onuň bahasy 6,3 mlrd ýewro barabar.
28 ýaşly fransuz bu ýaryşda 15 oýna gatnaşyp, 8 gol geçirdi we 6 assist etdi. Finalda ol iki assist bilen tapawutlandy.
Ronaldinýo «Rematch» futbol simulýatorynyň ilçisi boldy
Taslamanyň topary Ronaldinýonyň saparyndan wideo paýlaşdy. Wideoda ol oýun baradaky täsirlerini gürrüň berýär.
Oýnuň döredijileri meşhur futbolçynyň saparynyň tutuş stud...
“PSŽ” “Interi” uly hasap bilen utup, ilkinji gezek Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy
Hasaby 12-nji minutda parižlileriň goragçysy Aşraf Hakimi açdy. 20-nji minutda ýarymgoragçy Dezire Due toparyň artykmaçlygyny iki esse...
“Real” Trent Aleksandr-Arnoldyň geçendigini resmi taýdan yglan etdi
Şertnama 2025-nji ýylyň 1-nji iýunynda güýje girer. Şeýlelikde, oýunçy 15-nji iýundan 13-nj...
Ýewropanyň iň gymmat futbol klublarynyň reýtingi düzüldi
Bloomberg “patyşalyk klubunyň” girdejileriniň “Bernabeu” stadionynyň durkunyň täzelenmegi netijesinde ep-esli artandygyny belleýär.
Ikinji orunda 5,2 mlrd ýew...