Fransiýanyň Hökümeti 26-njy iýulda Parižde badalga aljak tomusky Olimpiýa oýunlary – 2024-iň açylyş dabarasyna janly tomaşa edip biljek tomaşaçylaryň sanyny ep-esli azaltmak kararyna geldi. Fransiýanyň içeri işler ministri Žerald Darmaneniň bellemegine görä, tomaşaçylaryň umumy sany 300 müň adam bolar. Bu 2022-nji ýyldaky garaşylandan ýarym esse azdyr, ýöne her niçigem bolsa, Parižde geçjek Oýunlaryň açylyş dabarasy taryhdaky iň iri we iň üýtgeşik dabara bolar: guramaçylar däp bolan stadiondaky dabaranyň ýerine, ony Sena derýasynda suw üstünde dabaraly ýöriş görnüşinde geçirmek kararyna geldiler. Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda beýle zat ozal bolmandy we bolup hem bilmezdi, sebäbi beýle köp adamy kabul edip biljek stadion ýok. Dogrusy, Pariždäki dabara stadionda geçirilmeýär. Toparlaryň stadiondaky adaty ýörişiniň ýerine, şol toparlaryň Sena derýasynda suw üstündäki dabaraly ýörişi guralar. Olar, takmynan, 170 gämide derýadan geçerler we ýörişiň ugry Parižiň Keramatly ene ybadathanasy, Luwr, Ylalaşyk meýdançasy we elbetde, Eýfel diňi ýaly meşhur ýerleriň üstünden geçer. Dabaranyň özi Trokadero baglarynda tamamlanar. Guramaçylar dabaranyň aýratynlyklaryny gizlin saklaýarlar, ýöne dabaranyň režissýory Toma Žolly munuň medeniýetlilik köp dürlüligi mowzugy boýunça özboluşly dabara boljakdygyny aýtdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir