Zidan arap kluby bilen 150 mln dollarlyk rekord şertnamadan ýüz öwürdi

Foot Mercato neşiriniň habar berşi ýaly, ýakynda ispaniýaly tälimçi Rudi Garsiýa bilen aýrylyşan “Al-Nasr” klubunyň ýolbaşçylygy Madridiň “Realynyň” öňki tälimçisi we taryhyň iň gowy futbolçylaryndan biri Zinedin Zidana rekord teklibi – jemi 150 mln dollara 2 ýyllyk şertnama hödürledi. Eger Zidan bu şertnama gol çekmäge razy bolan bolsa, onda futbo...

Dowamy »

367 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Pariždäki Olimpiada – 2024 wagtynda bir gezeklik plastik önümleri gadagan ediler

Fransiýanyň paýtagtynyň häkimi Ann Idalgo 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlary wagtynda şäherde bir gezeklik plastik önümleriniň ulanylmagyny gadagan etmegi wada berdi. Çäklendirme plastik çüýşelere, bulgurlara we beýleki predmetlere degişli bolar. Bu barada plus-one.ru habar berýär.
“Biz Olimpiýa oýunlaryny bir gezekl...

Dowamy »

335 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Amerikaly Krauzer ýadro zyňmakda täze dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Raýan Krauzer ýekşenbe gününe geçilýän gije ýadro zyňmakda dünýä rekordyny goýdy. Üstünlik Halkara ýeňil atletika federasiýalarynyň assosiasiýasynyň Los-Anjelesde geçirilen kontinental tapgyrynda gazanyldy. Bu barada TASS habar berýär.
Krauzer 23,56 metr netijäni görkezdi. Öňki dünýä rekordy (23,37) hem oňa degişli...

Dowamy »

342 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Messi gazanan kuboklarynyň sany boýunça Dani Alwesiň rekordyny gaýtalady

Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” futbol klubunyň we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi gazanan kuboklarynyň sany boýunça rekordy gaýtalady. Şenbe güni Messi “PSŽ” bilen bilelikde Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy. Bu kubok 35 ýaşly argentinaly oýunçynyň professional karýerasynda 43-nji boldy diýip, rsport.ria.ru habar berýär...

Dowamy »

364 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Werstappen Monakonyň Gran-prisiniň ýeňijisi bolup, Fetteliň rekordyndan geçdi

“Red Bull-yň” niderlandly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” çempionatynyň ýedinji tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Bu ýeňiş Werstappen üçin “Formula-1-de” 39-njy boldy. “Red Bull” üçin ýeňişleri boýunça ol dört gezek dünýä çempiony germaniýaly Sebastýan Fettelden (38) öňe geçdi.
Ýaryşda ikinji orny “Aston Martinden” F...

Dowamy »

361 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Ronaldu karýerasynda ilkinji gezek iki ýyllap möwsümde hiç baýrak gazanmady

«Al-Nasryň» portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu eýýäm ikinji ýyl bäri hiç hili baýrak gazanyp bilmedi.
«Al-Nasr» «Al-Ittihad» bilen deňme-deň oýnap, Saud Arabystanynyň çempionatynda ýeňiş gazanmak üçin ähli mümkinçiliklerini elden gidirdi. «Al-Ittihad» 69 utuk bilen Saud Arabystanynyň çempionatynyň birinji ornunda ýerleşýär. Ikinji ýer...

Dowamy »

360 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Angliýanyň çempionatynyň iň gowy oýunçysy saýlandy

«Mançester Sitiniň» hüjümçisi Erling Holand häzirki möwsümde Angliýanyň premýer-ligasynyň (APL) iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi. Bu barada ýaryşyň resmi Twitterine salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.
oland Angliýada ilkinji möwsümini geçirip, “Siti” üçin ýurduň çempionatynyň 35 oýnunda 36 gol saldy. Umuman alanyňda, Holandyň hasab...

Dowamy »

358 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Fýuri Joşua sentýabrda «Uemblide» duşuşmagy teklip etdi

WBC-niň wersiýasy boýunça super agyr agramda boks boýunça dünýä çempiony britaniýaly Taýson Fýuri öz Twitterinde watandaşy Entoni Joşua şu ýylyň sentýabr aýynda “Uemblide” söweşmegi teklip edendigini habar berdi. Muny sportrbc.ru ýetirýär.
“Birnäçe gün mundan öň men Entoni Joşua sentýabr aýynda “Uembli” stadionynda söweşmek üçin şertnamanyň...

Dowamy »

355 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Messi Ýewropanyň iň gowy 5 ligasyndaky gol sany boýunça Ronaldudan öňe geçdi

Fransiýanyň çempionatynyň 37-nji tapgyrynda «Strasbur» bilen geçirilen oýunda «Pari Sen-Žermeniň» hüjümçisi Lionel Messi bir gol geçirdi.
Argentinaly futbolçy Ýewropanyň iň gowy 5 ligasynda 496-njy goluny geçirdi. Şeýlelikde, bu görkezijä görä, Messi 495 gol geçiren portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldudan öňe geçdi. Messi bu möwsümde 16 g...

Dowamy »

353 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

3-nji iýunda Türkmenistanda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirmäge taýýarlyk görülýär

3-nji iýunda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistan boýunça köpçülikleýin welosipedli ýörişleri hem-de bedenterbiýe-sport çärelerini geçirmek boýunça taýýarlyk işleri görülýär. Bu barada wise-premýer N.Amannepesow Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy...

Dowamy »

323 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň II oýunlaryna 9 görnüş boýunça gatnaşar

Şu ýylyň 4-nji awgustdan 14-nji awgusta aralygynda geçiriljek GDA ýurtlarynyň II Oýunlarynda türkmenistanly türgenler birbada dokuz görnüşde ýurdumyza wekilçilik ederler. Türkmen türgenleri sportuň agyr atletika, sambo, karate, dzýudo, sport göreşi, boks, ýeňil atletika, ýüzmek we taý boksy ýaly görnüşleri boýunça çykyş ederler. Bu barada ORIENT ag...

Dowamy »

336 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Çimaýew Usman bilen söweşiniň nirede geçiriljekdigini aýtdy

Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) söweşijisi Hamzat Çimaýew özüniň YouTube kanalynda Kamaru Usman bilen söweşiniň Abu-Dabide geçiriljekdigini aýtdy. Muny gazeta.ru ýetirýär.
Söweş 21-nji oktýabrda UFC 294 turnirinde geçirilip, ýarym orta agram kategoriýasynda bolar.
Ýatlap geçsek, 11-nji sentýabra geçilýän gije Çimaýew Kewin Hollanda...

Dowamy »

352 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Ronaldu Saud Arabystanynyň çempionatynyň dünýäniň iň gowy bäş ligasynyň birine öwrüljekdigini aýtdy

«Al-Nasryň» portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Saud Arabystanynyň ligasynyň dünýäniň saýlama ligalarynyň hataryna goşulyp biljekdigine ynanýar.
“Men bagtly. Topar ajaýyp oýun görkezdi. 0:2-den soň ýeňiş gazanmak örän kyn, ýöne biz ahyryna çenli ynandyk we üç gol girizdik.
Saud Arabystanynyň ligasy barha güýçlenýär, geljek ýyl o...

Dowamy »

357 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Çehiýaly türgen 9,5 sagatlap plankada saklanyp, dünýä rekordyny täzeledi

Çehiýanyň ýaşaýjysy kese plankada 9,5 sagatlap saklanyp, dünýä rekordyny täzeledi diýip, UPI ýazýar.
Ýozef Şalek plankada dokuz sagat 38 minut 47 sekuntlap durmak bilen, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ozal bu ugurda rekord eýesi awstraliýaly Daniel Skali bolup, onuň wagty çehiýaly dalaşgäriňkiden sekiz minut az.
Boş wagtlarynda Şa...

Dowamy »

348 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

«Inter» yzly-yzyna ikinji ýyl futbol boýunça Italiýanyň Kubogyny aldy

Futbol boýunça Italiýanyň Kubogynyň final duşuşygynda «Inter» 2:1 hasabynda «Fiorentinadan» üstün çykyp, Kubogy aldy. Duşuşyk çarşenbe güni Rimde Olimpiýa stadionynda geçirildi.
Milan klubunyň düzüminde Lautaro Martines dubl etdi (29-njy, 37-nji minutlar). «Fiorentinadan» Nikolas Gonsales (3) gol geçirdi.
Martinesiň birinji goly onuň...

Dowamy »

347 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Mbappe «PSŽ-däki» geljegi babatda belli karara geldi

Fransuz futbolçysy Kilian Mbappe «Pari Sen-Žermendäki» geljegi babatda belli karara geldi. Bu barada L'Equipe habar berýär.
Neşiriň maglumatlaryna görä, hüjümçi Parižiň kluby bilen şertnamany 2025-nji ýyla çenli uzaltmak mümkinçiligini işjeňleşdirmekçi däl. Şeýlelik bilen, 24 ýaşly oýunçy 2023-nji ýylyň 31-nji iýulyna çenli pursatdan peýdala...

Dowamy »

349 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

FIFA Türkmenistanda futbol zehinlerini ösdürmek taslamasyny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) Türkmenistanda zehinleri ösdürmek taslamasyny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada şenbe güni Türkmenistanyň Futbol federasiýasy (TFF) FIFA-nyň sebitleýin tehniki geňeşçisi Gaýoz Darsadzeniň ýurda eden saparyndan soň habar berdi.
"Iki günlük iş sapary wagtynda FIFA-nyň tehniki geňeşçisi Türkmenistany...

Dowamy »

373 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

«Ýuwentusa» täze sanksiýalar howp salýar

Italiýanyň Futbol Federasiýasynyň prokuraturasy zähmet haklary bilen bagly aldaw sebäpli Turiniň “Ýuwentusyna”garşy aýyplama ýükledi. Bu barada “La Republica” habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.
Prokuraturanyň habaryna görä, “Ýuwentus” 2019/20-möwsüminde koronawirus pandemiýasy wagtynda klub gaznasy bilen bikanun “aýlyk hilesini” gurady....

Dowamy »

371 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

A Seriýanyň birbada üç kluby ýewrokuboklaryň finalyna çykdy

Italiýanyň çempionatynyň ýokary diwizionyndan üç klub UEFA-nyň üç ýaryşynyň finalyna çykdy.
Milanyň «Interi» Italiýanyň derbisinde Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda «Milany» 3:0 hasabynda ýeňdi. Birinji oýun 2:0, ikinjisi - 1:0 hasabynda tamamlandy. Klub kubok ugrunda ýarym finalda Madridiň «Realyny» ýeňen «Mançester Siti» bilen duşuşar.<...

Dowamy »

374 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Roland Garros-yň rekord eýesi Nadal 2023-nji ýylda ýaryşa gatnaşmaz

Ispaniýaly Rafael Nadal “Uly tuwulganyň” Roland Garros ýaryşynda çykyş etmez. Bu barada Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň saýtyna salgylanyp, sport-interfax.ru habar berýär.
Ýaryşdan aýrylmagyny Nadal ozal birnäçe ýaryşy sypdyrmagyna sebäp bolan şikesi bilen düşündirdi. Ol Roland Garros-y ilkinji gezek sypdyrar, bu ýaryşda Nadal il...

Dowamy »

381 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago