Kataryň paýtagty Doha şäherinde suw sporty boýunça dünýä çempionaty geçirilýär. Erkekleriň arasynda 4x100 erkin ýüzmek boýunça estafetada Hytaýyň milli ýygyndysy altyn medal gazandy. Estafeta gatnaşyjy dörtlügiň biri Pan Çžanle 100 metr aralyga ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy. Öňki üstünlik bir ýarym ýyl saklanypdy. Pan Çžanle birinji bolup ýüzdi. Ol ýüz metr aralygy 46,80 sekuntda geçdi. 19 ýaşly hytaýly ýüzüji 2022-nji ýylyň awgust aýynda Ýewropa çempionatynda goýlan rumyniýaly Daniel Popowiçiň gazanan üstünliginden bir sekundyň ýüzden 6 bölegi ýokary netije görkezdi. Geçen ýyl Pan Çžanle kombinirlenen estafeta boýunça dünýä çempionatynda kümüş medal gazanypdy. Hytaýyň milli ýygyndysy estafetada 3 minut 11,08 sekunt netije bilen ýeňiş gazandy. Ikinji orny italýan ýüzüjileri eýelediler. ABŞ-nyň milli ýygyndysy bürünç medallara eýe boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir