Hançžouwyň Sport komiteti Argentina bilen Nigeriýanyň arasyndaky ýoldaşlyk oýnunyň ýatyrylandygyny mälim etdi. Bu barada championat.com habar berýär. “Belli sebäpleri göz öňünde tutup, ygtyýarly edaralar Argentina toparynyň gatnaşmagynda oýun geçirmek üçin şert ýok diýen netijä geldiler. Bu çäräni ýatyrmak kararyna gelindi” – diýlip, resmi beýanda aýdylýar. Bu ýerde guramaçylar “belli sebäpler” diýip Gonkongda “Inter Maýaminiň” hüjümçisi Lionel Messiniň gatnaşmagyndaky dawaly ýagdaýy göz öňünde tutýarlar. Ol ýerde argentinaly oýunçy şikes sebäpli oýna gatnaşyp bilmedi, ýöne birnäçe günden soň Ýaponiýadaky oýna gatnaşdy, bu hem janköýerleriň nägileligine sebäp boldy. Belläp geçsek, Argentina bilen Nigeriýanyň duşuşygy mart aýynyň ikinji ýarymynda Hytaýda geçirilmelidi. Şeýle-de, häzirki dünýä çempionlarynyň Kot-d’Iwuar bilen duşuşygy meýilleşdirilýär. Bu oýun barada häzirlikçe maglumat ýok.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir