17-nji aprelde Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryşda üçünji tapgyryň oýunlary tamamlandy. A toparçada 9 utuk bilen “Galkan” (Türkmenistan) öňdebaryjylygy saklaýar. Bu gezek ol “Ice Box Iran Mall” (Eýran) klubundan 13:1 hasabynda üstün çykdy. Ikinji orunda 6 utuk bilen “Feniks” (Özbegistan) gelýär, ol “Bahrain Ice Hockey Club” (Bahreýn) klubuny 13:3 hasabynda utdy. “Ice Box Iran Mall-yň” hasabynda 3 utuk bar. “Oman Nationals” (Oman) bilen “Bahrain Ice Hockey Club-yň” hasabynda entek utuk ýok. “B” toparçada ýiti göreş gidýär. Toparçada her biri 6 utuk bilen “ADIHIC-Kazan” (Tatarystan Respublikasy, RF), “Volat” (Belarus) we “Aqmola” (Gazagystan) öňdebaryjylardyr. “ADIHIC-Kazan” üçünji tapgyrda “Team-Turkiye-den” (Türkiýe) 5:1 hasabynda üstün çykyp, ýaryşda ikinji ýeňşini gazandy. “Volat” “Aqmola-ny” 6:4 hasabynda utdy. “Dordoi” (Gyrgyzystan) bilen “Team-Turkiye-niň” hasabynda heniz utuk ýok.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir