16-njy aprelde Aşgabadyň Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda Halkara hokkeý ýaryşynyň çäklerinde oýunlar dowam etdi. “A” toparçada türkmen kluby “Galkan” Omanyň “Oman Nationals” klubuna mümkinçilik goýman, 15:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Toparçanyň beýleki bir oýnunda Eýranyň “Ice Box Iran Mall” kluby Bahreýniň “Bahrain Ice Hockey Club” klubuny 8:1 hasabynda utdy. B toparçada Gazagystanyň “Aqmola” kluby Gyrgyzystanyň “Dordoi” klubuny 5:3 hasabynda utdy. Belorussiýanyň “Volat” kluby bolsa Türkiýäniň “Team Turkiye” klubundan 3:0 hasabynda üstün çykdy. Şeýlelik bilen, ýaryşyň iki gününden soň “Galkan” (Türkmenistan) we “Aqmola” (Gazagystan) 6 utuk gazanyp, öz toparçalarynda öňdebaryjy boldular. Aşgabatda Hokkeý boýunça halkara ýaryşy 20-nji aprele çenli dowam eder.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir