Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) ermenistanly söweşijisi Arman Sarukýan ýeňil agramda UFC-niň iň gowy söweşijileriniň reýtinginde birinji orny eýeledi. Täzelenen reýting promouşeniň saýtynda ýerleşdirildi. Bu agramda çempion russiýaly Islam Mahaçewdir. 14-nji aprelde UFC 300 ýaryşynda Sarukýan emin agzalarynyň tapawutly karary bilen ýeňil agram derejesinde promouşeniň eks-çempiony braziliýaly Çarlz Oliweýradan üstün çykdy. Söweşden öň Sarukýan ýeňil agramly söweşijileriň reýtinginde dördünji orny, braziliýaly birinji orny eýeleýärdi. Oliweýra ikinji orna düşdi. Sarukýan ýeňşiniň netijesinde Mahaçewe garşy titul söweşi üçin hukuk gazandy. 27 ýaşly Sarukýanyň hasabynda MMA-da 22 ýeňiş we üç ýeňliş bar. Ýarym ýeňil agramda UFC-niň eks-çempiony Maks Holloueý BMF tituly üçin göreşde watandaşy Jastin Getjini nokauta gidirip, ýeňil agram reýtinginde 9-njy orny eýeledi. Agram derejesine garamazdan iň gowy söweşijileriň reýtinginde Holloueý birbada alty setir ýokary galyp, sekizinji orna çykdy. Bu reýtingde hem lider Mahaçewdir.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir