Gadymy Olimpiýada Parižde geçiriljek 2024-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlarynyň alawyny ýakmak dabarasy geçirildi. RBK-nyň Halkara Olimpiýa Komitetiniň saýtyna salgylanyp habar bermegine görä, bulutly howa sebäpli fakel esasy taýýarlykda Gün şöhleleriniň kömegi bilen alnan otdan ýakyldy. Ýokary ruhany roluny gresiýaly aktrisa Meri Mina ýerine ýetirdi. Dabara Gresiýanyň Prezidenti Katerina Sakellaropulu, HOK-yň ýolbaşçysy Tomas Bah, Parižiň häkimi Ann Idalgo we beýleki resmi şahslar gatnaşdy. Ilkinji fakeli göteriji akademiki kürekleme boýunça Tokionyň Olimpiýa çempiony Stefanos Duskos boldy. Umuman alanyňda, alawy 600-den gowrak fakel göteriji göterer. Estafeta Gresiýada badalga alýar, 8-nji maýda bolsa alaw Marsele eltiler. Alawyň Lasko gowagyndan, Aleziýanyň arheologiki ýadygärliklerinden, orta asyr Karkasson şäherinden, Wersal köşgünden we Fransiýanyň beýleki köp sanly gözel ýerlerinden geçmegine garaşylýar. 2024-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy 26-njy iýulda Parižde geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir