Türkmenistanly ýaş küştçüler 20-29-njy iýul aralygynda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen wagta klassiki gözegçilik ulgamy boýunça Merkezi Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler. Türkmenistanyň toparyna 15 küştçi wekilçilik etdi. Türgenler ýokary netijelerii görkezip, 2 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medal gazandylar. Bu netije bilen Türkmenistan umumy toparlaýyn sanawda ikinji orny eýelemegi başardy. Bäsleşige Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan jemi 425 ýaş küştçi gatnaşdy. Özbegistan topary 16 medal (6 altyn) bilen birinji ýeri eýeledi. Ýaryşyň ýer eýeleri - Gyrgyzystanyň topary 6 medal (2 altyn) gazandylar, ýöne kümüş medallaryň sany boýunça Türkmenistanyň toparyndan yza galdylar. Ondan soň Gazagystanyň (6 medal, 1 altyn) we Täjigistanyň (2 medal, 1 altyn) toparlary gelýär. Türkmenistanyň medalçylary: Çaryýew Çaryhekim (Küşt Älemi akademiýasy, Aşgabat) - 8 ýaşa çenli oglanlar derejesinde altyn (9 utukdan 8). Çaryýewa Anna (Mary welaýat) - 8 ýaşa çenli gyzlar derejesinde altyn (9 utukdan 7,5). Öwliýakuliýew Maksat (Lebap welaýat) - 10 ýaşa çenli oglanlar kategoriýasynda kümüş (9 utukdan 7,5). Batyrow Alyhan (Mary welaýat) - 12 ýaşa çenli oglanlar derejesinde kümüş (9 utukdan 7). Rejepowa Jahan (Lebap welaýat) - 16 ýaşa çenli gyzlar derejesinde kümüş (9 utukdan 7,5). Muradowa Nebahat (Lebap welaýat) - 14 ýaşa çenli gyzlar derejesinde bürünç (9 utukdan 6). Aýry-aýrylykda, baýrak ýerlerinden bir ädim uzakda durup, dördünji orny eýelän Läle Wepaýewany (10 ýaşa çenli) we Aly Ahmedowy (14 ýaşa çenli) bellemelidiris.