“Aglama, ýürek, aglama”

“Aglama, ýürek, aglama”
Italmaz Akmyradow

Duşar entek kötel ýollar,
Aglama, ýürek, aglama!
Uzajak bo:r uzyn gollar,
Aglama, ýürek, aglama!

Her tüýslüdir ynsan içi,
Gözüňe ilerden kiçi
Bir teňňelik adam üçin
Aglama, ýürek, aglama!

“Görnüşine göräsi” ýok,

Dowamy »

1042 1
Edebiýat, Pegas tarapyndan 4 years ago

Arym alan durmuş (hekaýa) #8

"Kyrkyna çenlä gidiber, täze gelin bolup bärde gezip ýörme. Il gün näme diýer. Çiledenem çykaňok" diýip, ejem gaýynlarym bilen menini şol zannyýamanlaryň öýüne ugratdy...
Baryp hiç kime üns bermedim. Öz jaýyma girip, çykman oturdym. Nahar üçin işdämem ýokdy başga zada-da höwäsim ýokdy. Ykbalyň maňa beren almytyna gynansamda, kakamyň bu düný...

Dowamy »

1604 19
Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 4 years ago

Arym alan durmuş (hekaýa) #7

Hakykatdan hem haýady açan adamy görüp, başyma apy-tupan turdy.
 (Aslynda obadan Begenjiň agasy gelmelidi. Ony öňem görmändim, toýdada-da görmedim.) "Şoldur" diýip, ýaşmagymy agzyma alanymam şoldy welin, haýady açan adamy görüp başyma apy tupan turdy. Dilim gurap, agzym kepedi. Işikde edil Begenje meňzeş oglan durdy. Begenjiň öýdeligini bilm...

Dowamy »

1420 1
Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 4 years ago

Saňa duşyp.

Tükeniksiz pikirlerim ýat boldy,
Gözlerime düşeninde nazaryň.
Saňa duşyp,hasratlarym unytdym,
Unutdym dünýäniň derdin azaryn.

Saňa duşyp,giňedi bir dar gursak,
Meniň was wasylyk derdim ýok boldy.
Ýyrgyrdy,ýylgyrşy unudan ýüzim,
Kem kemden şatlykly günlem köpeldi.

Saňa duşyp,meň...

Dowamy »

1245 2
Edebiýat, sammy.kakabay tarapyndan 4 years ago

Syke dali Bular meni bilenok eje

Garyldy su gunumiz ertir
Bu yerler garañky yok tertip
Dasymdakylan arasyndan tapmadym yakyn
Aladan bar bolsa ic suny gel dyn

Bir yerde duranok aylanya yer tiz
Hic kimi tanamok dasyma seredip
Gunami olceyan aklymda terezi
Elimi alamok aylaryn ertir

Hic kim bilen gurlesemok eje
Etmed...

Dowamy »

1197 1
Edebiýat, Zalymm tarapyndan 4 years ago

“Meni söýgiň üçin bagyşla, eje!..”

Men bezzatdym.
Ýok, kezzapdym.
Kejirdim.
Ne gündiz, ne gije dynç aldyň menden.
Öwütlerňi — söýgi bilen ýugrulan
Gulagymyň ýelesinden geçirdim.
Sen hiç y:njalmadyň,
Ynjaldyň menden.

Goňşy çagalaryň eden etmişin,
Asla kakamda-da geçirmedigňi,
Üstüne abanyp özge dogrulaň,

Dowamy »

1215 9
Edebiýat, Pegas tarapyndan 4 years ago

Seň üçin

Seň üçin
Men aşyky perwana
Diňe seň üçin.
Yşkdan ýaňa diwana
Diňe seň üçin.

Ýürek hasta, bimar-a
Lukmanym tapmaz çäre.
Köňül guşum awara
Diňe seň üçin.

Gaşlarym keman eýläp,
Kaddy-kamatym bezäp,
Çekerin derd-u-azap
Diňe seň üçin.

Bolsa...

Dowamy »

1043 6
Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 4 years ago

Arym alan durmuş (hekaýa) #6

Ne "Turdyňmy" diýip, soramana adam geldi ne-de salamlaşdyrmak üçin alyp gitmäne adam.
 Kürtede-de ýadapdym, çykaryp bir gyrada goýdum. Adaty öý eşikleriniň birini geýip, ýaglyk bilen bürendim. Günortan golaýlady. Öýüň içine aýlanybersem gelşiksizdi. Çykalgasyz ýagdaýda boljak zatlara garaşmakdan başga alaç ýokdy.
 Ahyrynam gapy açyldy...

Dowamy »

1645 17
Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 4 years ago

Arym alan durmuş (hekaýa) #5

+Läle- diýip, adymy tutmasyndan, birzadyň bolanlygyny aňdym.
 -Dur, demiňe dürse. Näme boldy?
+Läläm, garaşylan günümiz geldi.
-Açyk aýtsana, näme boldy?
+Öýdäkilere aýtdym, ertirki dynç günde size barjaklar.
Dogurdanam, köpden bäri şu güne garaşypdyk. Gelnejemem öňden ähli zady bilensoň arkaýyn, ertir geljekdikl...

Dowamy »

1634 11
Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 4 years ago

Arym alan durmuş (hekaýa) #4

Sakga durdym, yzyma öwürlip, "Näme boldy diýen şekilinde" seredip durdym.
-Läle, dogrysyny aýtsam sözümi nirden başlajagymy bilemak. Men seni ilkinji gezek göremde, göz çenime tutupdym. Merdandan seni soradym. Ilki başdan nädip habar atjagymy bilmedim. Seniň internet sahypalarynda gezýänligiňi bilenimdem soň, şol ýerlerde seni yzarlap başlad...

Dowamy »

1515 2
Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 4 years ago

Arym alan durmuş (hekaýa) #3

+Läleeee! Saňa bara, gowja habarym barda.
-Näme habar?
+Bugün üýşüp aýlanmaga gidäýeli
-Hmm... Aý ýok bu habaryň-a erbet. Bilýäñ-ä öýdäkiler göwnäp, barmaýar.
+Men bar-a. Men diýseň ugratýarlar.
-Howwa, onyňam dogry...
+Gitýäsmi onna?!
-Bilemak, öýdäkilerdenem, gyzlardanam soraýyn olar razymyka?!...

Dowamy »

1295 2
Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 4 years ago

Garaşsyzlyk- halkyñ bagt guşy

Türkmenistan geçen gysga taryhy döwürde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň saýasynda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan parahatçylygyň, durnuklylygyň, hyzmatdaşlygyň we bagtyýarlygyň mekany hasaplanýan döwlete öwrüldi. Ine, bu gün bolsa «Garaşsyzlyk» diýen mukaddes söz biziň her birimiziň asuda we azat durmuşda arkaýyn ýaşamagymyzyň kepili bolup ýaňlanýar.

Dowamy »

1384 0
Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 4 years ago

KÖNE HEŇ

Birden tanyş heň ýaňlandy radioda:
"Aglama, Mahym jan, gitsem, geler men!"
Oňa hiňlenerdi tanyş-bilişler
Hökman, meni görerine mähetdel.

Irkilen deý süýji düýşüň içinde,
Gözüm ýumup gönügerdim hyýala.
Gadymy dessanda galan köne heň
Özüm üçin ýazylan deý hamana.

Senem hiňleneňde...

Dowamy »

1178 5
Edebiýat, Pegas tarapyndan 4 years ago

Arym alan durmuş (hekaýa) #2

Begenjem ýüzüme gaharly seredip dur, gepem goşanak. Menem gyz halyma ilki habar atmana utandym. Sekiniň galdyrylan ýeriniň bir tarapyna geçip, süpürip başladym. Gitdigiçe Begenç tarapa ilerleýärdim. Süýşmese üstüne süpürip tozan etjekdim. Olam "Sen meni akmak saýýaňmy" diýen şekilde gaharly seredip durdy. Ony görüp aljyraýadym, gorkyp başladym. Ýer...

Dowamy »

1326 2
Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 4 years ago

Arym alan durmuş (hekaýa) #1

Her ýylyň tomus aýlarynda "Awaza" üçin Balkanabat şäherden bir oglan goňşymyza myhmançylyga gelerdi. Her ýyl üns bermeýärm, ýöne geçen ýyl birhili ünsümi çekýärdi. Gelşikli, syratly, edepli, uzyn boýly, gür gara saçlydy. Öý eýesem synpdaşym bolansoň onuň bilen salamlaşanymda olam öwran-öwran maňa seredip durýardy. Iki günden soň gitdi. Azajygam bo...

Dowamy »

1360 2
Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 4 years ago

“Mundan artyk başaramok...”

Mundan artyk başaramok,
Haýyş, indi igeleme!
Goý, ýalňyşdym hasap edäý,
Duşdum diýip bigeleňe.

Bolmaz indi artyk zarym,
Ýykmaryn gyz göwüniňi.
Düşün, ertirleriň üçin
Pida edýän şu günümi.

Bir-birekden uzaklara
Öňde-soňda gitmeli biz.
Ýa-ha bile bagtsyz bolup,

Dowamy »

1083 2
Edebiýat, Pegas tarapyndan 4 years ago

“Ölmänkäm ölmese bolýa!..”

AÝDYMYM

Messana düşen melekmiň?
Entek joşmadyk ýürekmiň?
Nämüçin beýle seretdiň:
Meňem ýüregim gerekmi?
Al, ýüregim seňki bolsun,
Erkimi almasaň bolýa!
Meň ýüregmiň sygan ýerne
Hiç kimi salmasaň bolýa!

Çeşmemiň derýa goşulan,
Ýalpak derýany joşduran?
Doldur...

Dowamy »

1156 4
Edebiýat, Pegas tarapyndan 4 years ago

Goşgyjyk📖😂

ilki başda özün söydün galam gaşly gyza köydüm düýşüme giren gara möydüň ýüregimiň töründe öýdüň gel gözelim sözleşeli chatta! nete gel gyz apaçan mail ýollarkaň haçan ýüregime wirus goýup
gaçan ekranymda otlar saçan gel gözelim

sözleşeli chatta! sörfdekäm saňa duşdym seniň bile chatta uçan guşdym imageiňi göremde çaşdım sen...

Dowamy »

1032 2
Edebiýat, Crazy boy tarapyndan 4 years ago

Dünýädeş üçin

Seň sözleriň aram berdi kalbyma,
Derdini dep etdi dertli göwüniň.
Dünýäm älemlerde ganat ýaýyp ýör,
Meňzeş dünýä tapynanna öwünip.

(Meniň şygra aşyk, poeziýa aşyk
Köňlüm täze yşka rowan göründi...)
Men kalbymda başlatdym bu “söweşi”,
A seniň kalbyňda “dowam” göründi.

Gözlerime...

Dowamy »

1218 7
Edebiýat, Pegas tarapyndan 4 years ago

Ÿas yigidiñ arzuwy

Peredokly bolsun gumda batmasyn,
3 aylap aç goysam gepim çekmesin,
Uran wagtym gaynatama yakmasyn,
Soñ yaly blatnoy gyz gôziñde bolsun.

Hasapdan hesipden opys nol bolsun,
Pul kagyzy tanamayan mal bolsun,
Biriniñ yekeje gyzy bolsun,
Gaynatam bay bolsun soñ bayyñ gyzy gôziñde bolsun.

Gayna...

Dowamy »

1298 7
Edebiýat, Zalymm tarapyndan 4 years ago