Soňky 20 ýylda ilkinji gezek. Tesla Model Y Toyota Corolla-dan öňe geçip, dünýäde iň köp satylan awtoulag boldy
Toyota Corolla soňky 20 ýylda ilkinji gezek dünýäde iň köp satylan awtoulag diýen adyny elden gidirdi. Täze lider soňky ýyllarda uly meşhurlyk gazanan Tesla Model Y elektrik krossoweridir.
Focus2move-nyň berýän habaryna görä, Tesla Model Y-nyň satuwy 2022-nji ýyldaka garanda 50,8 göterim artyp, 2023-nji ýylda 1,15 million ulag boldy. 2003-...
TikTok howpsuzlyk meseleleri boýunça maslahat bermek üçin “ýaşlar geňeşini” döretdi
TikTok dünýäniň dürli ýurtlaryndan 15 ýetginjekden ybarat “ýaşlar geňeşini” döretdi. Geňeş kompaniýa ýaş ulanyjylar bilen baglanyşykly howpsuzlyk we syýasat meseleleri boýunça maslahat berer. Bu barada gagadget.com habar berýär.
Geňeşiň döredilmegi TikTok-a gönükdirilen çagalaryň howpsuzlygyna abanýan töwekgelçilikler bilen baglanyşykly tank...
Çalik Enerji Türkmenistanda elektrik stansiýasynyň gurluşygy üçin 586 mln ýewro möçberinde maliýe kepilligini aldy
Türkiýäniň Çalik Enerji energetika kompaniýasy Türkmenistanda kuwwaty 1,574 MWt bolan birleşdirilen aýlaw elektrik stansiýasynyň gurluşygy üçin Germaniýanyň «Commerzbank» bankyndan we Şweýsariýanyň Eksport Karz Agentliginden (ECA) 586 million ýewro möçberinde maliýe kepilligini aldy. Bu barada Global Trade Review habar berýär.
Elektrik stans...
Aşgabatda syýahatçylygy ösdürmek boýunça halkara maslahat geçirilýär
Aşgabatda "Ýyldyz" otelinde «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat geçirilýär. Maslahatyň öz işine başlamagy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara Gutlag iberdi.
Döwlet Baştutany Gutlagynda bu maslahatyň dünýäniň syýahatçylyk guramalarynyň aras...
Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga aldy
26-njy martda Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy boldy.
Dabaranyň hormatly myhmanlarynyň hatarynda ýurdumyza gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň we onuň düzümine gi...
25-nji martda Ýeriň ýaşaýjylary ýarym kölegeli Aý tutulmasyny gördüler
2024-nji ýylyň 25-nji martynda şu ýylda bolmagy çaklanan iki Aý tutulmasynyň birinjisi bolup geçdi. Tutulma ýarym kölegeli boldy, ýagny Aý Ýeriň ýarym kölegesiniň demirgazyk böleginden geçdi.
Hadysa 4,5 sagatdan gowrak (Aşgabat wagty bilen 9:53-den 14:32-ä çenli) dowam etdi. Bu pursatda Aýyň ýagtylygy birneme peseldi, ýöne Ýeriň hemrasynyň d...
Türkmenistandan Azerbaýjana baran syýahatçylaryň sany 74% artdy
2024-nji ýylyň fewral aýynda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Azerbaýjana baryp gören syýahatçylaryň sany 2023-nji ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 95,31% artdy. Bu barada Day.az habar berýär.
Azerbaýjanyň Döwlet syýahatçylyk agentliginiň maglumatlaryna görä, Türkmenistandan gelen syýahatçylaryň sany 2 584 adam boldy, bu geçen ýyl bilen deňe...
Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda möwsümleýin işleriň barşy bilen gyzyklandy
25-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýew hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdy.
Maslahatyň barşynda wise-premýer we häkimler ýurdumyz...
Chevrolet Camaro köpçülikleýin öndürilen iň ýyndam awtoulag hökmünde saýlandy
HotCars portaly gözleg geçirdi we bahasy 30 müň dollardan az bolan iň ýyndam köpçülikleýin öndürilen awtoulaglaryň sanawyny düzdi.
Şeýlelikde, 2023-nji ýylda öndürilen we duran ýerinden 97 km/sag tizlige bary-ýogy 5,4 sekuntda ýetýän Chevrolet Camaro 1LT iň ýyndam köpçülikleýin öndürilen awtoulag hökmünde ykrar edildi. Onuň iň ýokary tizligi...
Huawei uly ekranly täze Band 9 akylly sagadyny tanyşdyrdy
Huawei kompaniýasy özüniň meşhur fitnes-trekeriniň iň soňky nesli bolan Band 9-y resmi taýdan tanyşdyrdy.
Huawei Band 9 egri displeý we amatly gapdal düwmesi bilen özünden öňki nusgalaryň gönüburçly şekiline eýedir. Şeýle hem ol örän ýeňil we inçe (agramy – 14 gram, galyňlygy – 8,9 mm). Akylly sagat 1,47 dýuýmlyk AMOLED ekran bilen enjamlaşd...
Žoze Mourinýu tomusda işe gaýdyp gelmegi meýilleşdirýändigini aýtdy
Italiýanyň «Roma» futbol klubynyň öňki baş tälimçisi Žoze Mourinýu tomusda işe gaýdyp gelmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.
«Roma» 16-njy ýanwarda portugaliýaly hünärmeniň işinden aýrylandygyny habar berdi. Ol «möjeklere» 2021-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edipdi, şertnama şu möwsümiň ahyryna çenli niýetlenendir. Şol gün toparyň eýeleri Den we R...
ABŞ-da diri adama ilkinji gezek doňzuň böwregi üstünlikli geçirildi
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda genetiki taýdan üýtgedilen doňuz böwregi ilkinji gezek diri adama üstünlikli geçirildi. Operasiýa Massaçusets hassahanasynda geçirildi we dört sagatlap dowam etdi.
Hassahananyň web sahypasynda habar berlişine görä, 62 ýaşly näsag Riçard Sleýman böwrek keseliniň soňky stadiýasynda ejir çekipdir. 2018-nji ýylda...
Serdar Berdimuhamedow Bangladeşiň ýolbaşçylaryny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Mohammed Şahabuddine hem-de ýurduň Premýer-ministri hanym Şeýh Hasina Bangladeş Halk Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutany Prezident Mohammed Şahabuddine we Pr...
Owganystan Türkmenistanda harytlarynyň ýene bir sergisini geçirmegi meýilleşdirýär
Owganystanyň Senagat we söwda ministrligi 1403-nji Gün hijrisi ýylynda (2024-nji ýylyň 20-nji martynda başlady) ýurduň içinde we daşary ýurtlarda 30-dan gowrak sergi guramagy meýilleşdirýändigini aýtdy.
Orient agentliginiň TOLO news-e salgylanyp habar bermegine görä, bu maksatnamanyň çäklerinde Owganystanyň Senagat we söwda ministrligi Türkm...
Türkmenistanyň DIM-inde TÜRKSOÝ-yň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
25-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultanbaý Raýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada diplomatik edaranyň metbugat gullugy habar berýär.
Taraplar Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine we Magtymguly Pyragyny...
2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagtyna bagyşlanan çäreler badalga alýar
Türkmenistanda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreler badalga aldy.
26-njy martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda çäreleriň açylyş dabarasy geçiriler. Dabaranyň çäklerinde konsert, sergi we beýleki çäreler geçiriler. Çärelere türki döwletleriň wekiller...
Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly gepleşik geçirdiler
25-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen onuň özbek kärdeşi Bagtyýar Saidowyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky çuňňur strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge aýratyn üns berdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda diplomatlar 2024-nji ýyl üçin baý mazmunly iş...
Serdar Berdimuhamedow Änewde geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşyjylary gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy bilen gutlady.
"Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda özboluşly orny eýeleýän Änew şäheri milli medeni we taryhy ý...
Şwarseneggere kardiostimulýator oturdyldy
Meşhur aktýor we Kaliforniýanyň öňki gubernatory, 76 ýaşly Arnold Şwarseneggere kardiostimulýator oturdyldy. Bu barada ol Arnold’s Pump Club podkastynda habar berdi diýip, Daily Mail ýazýar.
Şwarsenegger öz habarynda geçen duşenbe güni operasiýa geçirendigini, oňa kardiostimulýator oturdylandygyny aýtdy we özüni gowy duýýandygyny sözüniň üst...
24-25-nji martda Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda hatyra kitabyna ýazgy galdyryp bolar
Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2024-nji ýylyň 22-nji martynda Podmoskowýede bolup geçen terrorçylykly hereket sebäpli ilçihanada hatyra kitabyny döretdi.
Ilçihananyň habar bermegine görä, Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda (1941-nji köçe) 24-nji we 25-nji martda sagat 10:00-13:00 we 15:00-17:00 aralygynda hatyra kitabyna bolup geçe...