Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa amala aşyrýan saparynyň dowamynda şu gün Ermitaž muzeýine baryp gördi. Bu barada rus Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär. Türkmenistanyň Prezidenti bilen bilelikde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew dünýäniň iň uly muzeýleriniň biriniň ekspozisiýasyny synladylar. Eksponatlar bilen tanyşlykdan soňra Ermitažyň Georgiý zalynda GDA agza döwletleriň Prezidentleriniň resmi däl duşuşygy başlandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir