Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory – wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewany Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly we ýadygärlik altyn nyşany bilen sylaglady. «Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanynyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Oguljahan Atabaýewa «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly we «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» ýadygärlik altyn nyşany bilen sylaglanyldy. Bu sylaglar Oguljahan Atabaýewa döwlet Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandy, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakdaky we halkara abraýyny beýgeltmekdäki hyzmatlary, ylym, bilim, medeniýet, sungat, saglygy goraýyş we beýleki pudaklary ösdürmek boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde gazanan üstünlikleri, ýaş nesli Watana bolan söýgi, wepalylyk, batyrgaýlyk, dogruçyllyk we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekdäki hyzmatlary, köp ýyllaryň dowamynda döwlet we jemgyýetçilik işlerinde çeken halal zähmeti üçin berildi.