2025-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 1 milliard 64,4 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 33 million amerikan dollary möçberinde köpdür Özbegistanyň Milli statistika komitetiniň habar bermegine görä, şu ýylyň 11 aýynda Türkmenistanyň özbek bazaryna eksporty 926,2 million amerikan dollaryna barabar boldy. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistanyň importynda 8-nji ýeri eýeledi. Hasabat döwründe Türkmenistana goňşy ýurtdan import edilen hyzmatlaryň we harytlaryň bahasy bolsa 138,2 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27,8 million amerikan dollar ýokarydyr. Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal şu ýylyň 10 aýynda iki ýurduň arasyndaky özara söwdanyň 876,8 million amerikan dollaryna deň bolandygyny habar beripdik. Şunlukda, noýabr aýynda türkmen-özbek söwda dolanyşygynyň has-da artandygyny (187,6 million amerikan dollary) görmek bolýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir