Kaliforniýanyň ştat kazyýeti ýerli ulag departamentiniň şikaýaty esasynda, Tesla kompaniýasyna öz elektrik awtoulaglarynyň mümkinçiliklerini beýan edende "Autopilot" we "Full Self Driving" (Doly özbaşdak sürülýän) adalgalaryny ulanmagy gadagan etdi. The Wall Street Journal neşiriniň habar bermegine görä, kazyýet kararyny ýerine ýetirmek üçin kompaniýa 90 gün wagt berildi. Eger bu talap berlen möhletde berjaý edilmese, Tesla-nyň ştatdaky satuwlary togtadylar. Düzgünleşdiriji edara 2022-nji ýyldan bäri Tesla-nyň sarp edijileri aldawa salýan mahabat dilini ulanýandygyny anyklady. Bu mahabatlar alyjylarda "awtoulaglar sürüjiniň gatnaşygy bolmazdan hem hereket edip bilýär" diýen ýalňyş düşünjäniň döremegine sebäp bolupdyr. Agentligiň pikiriçe, beýle adalgalar sürüjä kömek ulgamynyň (ADAS) hakyky mümkinçilikleri barada sarp edijileri ýalňyşdyrýar. Tesla-nyň wekilleri bu aýyplamalary ret edip, funksiýalaryň nähili işleýändigini resmi web sahypasynda, awtoulagyň media ulgamynda we ulanyjy gollanmalarynda jikme-jik düşündirendiklerini bildirdiler. Olar her bir maglumatda sürüjiniň eliniň elmydama rulda bolmagynyň we yzygiderli gözegçilik etmeginiň zerurdygyny nygtandyklaryny aýtdylar. Kazyýet bu delilleri kabul etmedi we Kaliforniýada Tesla-nyň satuwyny 30 günlük togtatmak barada karar çykardy. Emma Ulag departamenti bilen gazanylan ylalaşyk esasynda, kompaniýanyň marketing materiallaryny kazyýetiň kararyna laýyk getirmegi üçin bu çäre 90 gün yza süýşürildi. Tesla tarapy kazyýet talaplaryny ýerine ýetirjekdigini we satuwyň bökdelmeginden gaça durmak isleýändigini mälim etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir