TikTok-y esaslandyran Çžan Imin Hytaýyň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji orna çykdy
TikTok wideo platformasyny esaslandyryjy Çžan Imin Hytaýyň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji orny eýeledi diýip, Sky News ýazýar.
“Hurun China Rich List”-iň maglumatlaryna görä, 41 ýaşyndaky telekeçi ilkinji gezek sanawda birinji orny eýeledi, girdejisi bolsa 49,3 milliard dollara ýetdi.
Çžan 2021-nji ýylda TikTok-yň esasy kompaniý...
Awtoulag duralgasyndan 20 dollar tapan amerikaly bir adam lotereýa petegini alyp, 1 million dollar utdy
Demirgazyk Karolinanyň (ABŞ) Banner Elk şäherinden agaç ussasy Jerri Hiks dükanyň awtoulag duralgasyndan 20 dollarlyk kagyz puly tapdy. Tötänlikde tapan puluna ol dessine lotereýa petegini satyn aldy, bu bolsa oňa uly utuş - 1 million dollar getirdi. Bu wakany CNN gürrüň berdi.
"Olarda meniň gözleýän petegim ýok eken, şonuň üçinem şuny satyn...
Hindi millioneri öz baýlygyny itine we hyzmatçy işgärlerine miras galdyrdy
Hindi senagatçysy Ratan Tata 91 million ýewro möçberindäki baýlygynyň esasy bölegini öz nemes owçarkasy Tito, şeýle hem aşpezine we baş hyzmatkärine miras galdyrdy. Daily Mail-iň habar bermegine görä, işewüriň soňky wesýeti öý haýwanyna çäksiz idegiň edilmegi boldy.
Ratan Tata 9-njy oktýabrda Mumbaýdaky keselhanada 86 ýaşynyň içinde aradan ç...
Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
30-njy oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi.
Döwlet Baştutany Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasarynyň Aşgabada şu gezekki saparynyň iki ýurduň ar...
Binagärlik ulgamynda 2024-nji ýylyň iň gowy fotosurat bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Her ýyl geçirilýän Architecture MasterPrize binagärlik suratlaryň bäsleşiginiň emin agzalary 2024-nji ýylyň ýeňijilerini yglan etdiler.
Suratlar dünýädäki binalaryň daşky we içki görnüşlerini öz içine alýan 10 kategoriýa bölünýär.
Kategoriýalar boýunça bäsleşigiň ýeňijileri:
Köprüler: Gonkong halkara howa menziliniň "Asman köpr...
Nýu-Ýorkda Şopeniň ozal näbelli eseri tapyldy
Nýu-Ýorkda Morgan kitaphanasynda we muzeýinde Frederik Şopeniň ozal näbelli walsynyň golýazmasy tapyldy. The New York Times gazetiniň habar bermegine görä, edaranyň kuratory Robinson Makklellan kitaphananyň ýygyndysynda meşhur kompozitoryň ady bilen gol çekilen notaly saralan sahypany tapdy.
Şopene mahsus elýazma hatdan we aýdym-saz stilinde...
Meksikada ýüzlerçe ýyldan soň, tötänden maýýalaryň iri şäheri tapyldy
Tuleýn uniwersitetiniň (ABŞ) aspirantlary Meksikanyň jeňňelliginden maýýa medeniýetiniň ýitip galan iri şäherini tapdylar.
Aspirant Lýuk Old-Tomasyň sözlerine görä, ol internete girip oturan wagty lidar maglumatlaryna duş gelipdir. Ol BBC beren gürrüňinde: "Google gözleginiň 16-njy sahypasyndakam Meksikanyň daşky gurşawa gözegçilik edýän gur...
Fudzi dagy 1894-nji ýyldan bäri ilkinji gezek oktýabr aýynda gar bilen örtülmedi
Ýaponiýanyň iň beýik nokady bolan Fudzi dagyna 130 ýyldan bäri ilkinji gezek oktýabr aýynda gar ýagmady diýip, CNN habar berýär.
Ýaponiýanyň Meteorologiýa agentliginiň habaryna görä, ozal gar aýyň başyndan, ýagny 2-nji oktýabrdan başlap, dagyň üstüni örtýärdi. Geçen ýyl ilkinji gar 5-nji oktýabrda ýagdy, ýöne ol çalt erdi.
Bu ýylky ad...
“Boeing” taryhda iň uly paýnama satuwlarynyň birini geçirip, 21 milliard dollar toplady
"Boeing Co." 112,5 million aksiýa satyp, takmynan, 21 milliard dollar toplady. Bu taryhda jemgyýetçilik kompaniýasy tarapyndan iň köp satylan paýnamalaryň birine öwrüldi diýip, Bloomberg ýazýar.
Uçar öndüriji kompaniýa paýnamalaryň her birini 143 dollardan satdy. Bäşinji günde ýapylýan her paýnama 155.01 dollar töweregi bahada, takmynan, 7,7...
ChatGPT türkmen dilini özleşdirýär
Emeli aň pudagynda öwrülişik döreden ChatGPT çat-boty bize eýýäm iki ýyl bäri tanyş. OpenAI kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan bu çat-bot häzirki wagtda bütin dünýäde işjeň ulanylýar. Ol iňlis, rus, fransuz, nemes, hytaý, arap, türk we ispan ýaly ýigrimiden gowrak dillerde “gürleşip bilýär”.
ChatGPT türkmen dilini bilýärmi?
Ha...
Merkuriýniň üstünden kükürt, alýuminiý we kaliý tapyldy
BepiColombo missiýasynyň MPO apparatyna oturdylan MGNS rus neýtron spektrometri Merkuriýniň üstünde kükürdiň, alýuminiýniň we kaliýniň bardygynyň yzlaryny tapdy. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň (IKI) uly ylmy işgäri Aleksandr Kozyrewiň sözlerine salgylanýan TASS habar berdi.
“Guralymyzyň esasy wezip...
Deep Blue Aerospace hytaý kompaniýasy kosmos syýahaty üçin 140 müň dollara petek satdy düýn 14:34 2.3k+
Hytaýyň Deep Blue Aerospace kompaniýasy 2027-nji ýyla meýilleşdirilýän kosmos syýahaty üçin ilkinji petekleriň satylandygyny aýtdy diýip, CNN habar berýär.
Petegiň bahasy 1 mln ýuan (takmynan, 140 müň dollar) boldy we ähli petekler millionlarça tomaşaçyny özüne çeken onlaýn ýaýlymda derrew satyn alyndy. Kompaniýa alyjylaryň adyny aýan etmeýä...
Ýerden daşynda ýaşaýyş mümkinmi? Garward uniwersitetiniň alymlarynyň gözlegi
Garward uniwersitetiniň astrobiologlar topary planetar jisimleriň daşyndaky ýaşaýşyň mümkinçiligi barada gözlegleri geçirdi. Gözlegleriniň netijelerini arXiv portalynda köpçülige hödürlediler diýip, womanhit.ru ýazýar.
Alymlar kosmosda ýerüsti ýaşaýşyň bolup biljek şertlerini simulasiýa etdiler.
Netijelere görä, gipotetiki kosmos orga...
Coca-Cola howply bölejikler sebäpli 28 mln çüýşäni satuwdan yzyna gaýtarar
Coca-Cola Awstriýada 0,5 litr göwrümli 28 mln plastik çüýşäni yzyna gaýtarýar. APA agentliginiň habar bermegine görä, çözgüt önümde metal bölejikleriniň ýüze çykarylmagy sebäpli kabul edildi.
Näsazlyk önümçilikde bolup geçdi: içgileri guýmak prosesinde bölejikleriň çüýşelere düşüp bilmeginiň sebäbi döwlen süzgüç boldy.
Yzyna gaýtarylý...
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (28.10 - 03.11)
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine +4... +6 gradusdan +9... +11 gradus aralygynda, gündizlerine +12... +14 gradusdan +18... +20 gradus aralygynda maýyl bolar.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine +3... +8 gradusdan +7... +12 gra...
“Volkswagen” ýitgileriniň öwezini dolmak üçin Germaniýada azyndan üç zawodyny ýapar
“Volkswagen” ýitgileri azaltmak boýunça çäreleriniň çäginde Germaniýadaky zawodlarynyň azyndan üçüsini ýapmagy meýilleşdirýär. Bu barada “Focus” neşiri ýazýar.
Kompaniýanyň iş geňeşiniň başlygy Daniel Kawallonyň sözlerine görä: "Direktorlar geňeşi Germaniýada azyndan üç sany VW zawodyny ýapmak isleýär". Bu karar Wolfsburgda geçirilen işgärle...
Nýu-Ýorkda aktýor Timoti Şalamä meňzeş adamlaryň bäsleşigi geçirildi. Ýeňiji $50 aldy
27-nji oktýabrda Nýu-Ýorkdaky Waşington-skwer seýilgähinde aktýor Timoti Şalamä meňzeş adamlaryň bäsleşigi geçirildi. Ýüzlerçe muşdaklar bilen birlikde bu çärä aktýoryň özi-de geldi.
Sentýabr aýynyň ahyrynda Nýu-Ýorkuň köçelerinde Timoti Şalameniň “taýlarynyň” bäsleşiginiň geçirilýändigi barada bildirişler peýda bolup başlady. Ýeňiş üçin 50...
Türkmen alymlary ýandagyň ekstraktyny almagyň innowasion usulyny işläp taýýarladylar
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologik parkynyň Biotehnologiýa bölüminiň hünärmenleri ýandakdan mikrokapsulirleme usuly bilen ekstrakt almak tehnologiýasyny patentlediler.Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Ýandak (Alhagi persarum) – köp sanly bejeriş häsiýetlerine eýe bolan dermanlyk ösümlikdir....
Saud Arabystanynda dünýäde iň uly binanyň gurluşygy başlandy
Saud Arabystanynda dünýäde kub görnüşli iň uly gökdiräniň gurluşygyna taýýarlyk işlerine girişildi diýip, «Bloomberg» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Bina Mukaab diýlip atlandyrylyp, onuň uzynlygy we boýy 400 metre deň bolar. Bina dünýäde tutuşlygyna ýapyk we gümmezli gökdirän bolmak bilen, onuň ýüzünde golografiki şekiller görkezil...
“Türkmenenergo” ýapon kompaniýasy bilen şertnamalary baglaşar
Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň “Energoüpjünçilik” kärhanasyna Ýaponiýanyň “Sumitomo Сorporation” kompaniýasy bilen Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň gaz turbina desgalarynyň, şeýle hem Türkmenistanda hereket edýän beýleki gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň maddy-enjamlaýyn bi...