Germaniýanyň awiasiýa we kosmonawtika merkeziniň alymlary meşhur «Starship» raketasynyň iň jikme-jik we garaşsyz synyny çap etdiler. Bu ylmy iş hakynda CEAS Space Journal žurnalynda okap bolýar. Gözlegçi bilermenler «Starship» raketasynyň ilkinji dört synag uçuşynyň açyk maglumatlaryny seljerdiler we onuň mümkinçilikleri esasynda öz modellerini gurdular. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, häzirki wagtda dolulygyna köp gezek ulanylýan «Starship» Ýeriň ýanyndaky pes orbita takmynan 59 tonna peýdaly ýük çykaryp bilýär. «Raptor 3» hereketlendirijileri bilen üpjün ediljek indiki nesil raketalaryň bolsa, köp gezek ulanylanda 115 tonna, bir gezek ulanylanda bolsa 188 tonna ýük götermegine garaşylýar. Bu gözlegde alymlar «Starship-e» alternatiw hökmünde Ýewropanyň «RLV C5» atly täze taslamasyny hem hödürlediler. Onuň aýratynlyklaryny şeýleräk suratlandyryp bolar. Ganatly orbita gämisi raketa-göteriji gämini atmosferanyň dykyz gatlaklaryndan daşary çykarýar, soňra gämi özbaşdak orbita çykyp, bellenen wezipäni ýerine ýetirýär. Gämi Ýere gaýdyp gelende dikligine hereketlendiriji arkaly däl-de, aerodinamiki süzülme arkaly inýär. Iň gyzykly tarapy, Ýere gaýdyp gelýän gämi heniz gonmanka howada uly uçar tarapyndan tutulyp alynýar. Alymlar «Starship-iň» eýýäm synag uçuşlaryny amala aşyrýandygyny, Ýewropanyň «RLV C5» taslamasynyň bolsa, häzirlikçe diňe ylmy taslama görnüşindedigini-de belleýärler.