Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça 2026–2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi. Resminama lukmançylyk ylmyny ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Şeýle hem Karar bilen Strategiýany amala aşyrmak boýunça 2026–2030-njy ýyllar üçin niýetlenen çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, şeýle hem welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir