6-njy martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Esen Muhammedowiç Aýdogdyýewi Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky (Waşington şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky Permana gol çekdi. Döwlet Baştutanynyň beýleki bir Permany bilen, Aýdogdyýew başga işe geçmegi sebäpli Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky, Sloweniýa Respublikasyndaky, Serbiýa Respublikasyndaky we Bolgariýa Respublikasyndaky ilçisi wezipelerinden boşadyldy. Ol bu wezipeleri Moskwa şäherindäki rezidensiýasyndan alyp barýardy. Waşingtondaky ilçi wezipesinde Aýdogdyýew Meret Baýramowiç Orazowyň ornuny eýelär. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen, Orazow Türkmenistanyň ABŞ-daky, Meksikadaky we Kanadadaky ilçisi wezipelerinden boşadyldy. Mundan başga-da, başga işe geçmegi sebäpli Orazow Türkmenistanyň Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň ýanyndaky wekili wezipesinden hem boşadyldy.