Gazagystan sebitde 70 ýyldan gowrak wagt ozal ýitip giden gaplaňlary yzyna gaýtaryp getirmäge taýýarlanýar. Häzirki wagtda olaryň ýaşaýyş gurşawyny dikeltmek üçin Günorta Balhaş sebitinde 37 müňe golaý agaç nahallaryny oturtmak we sapmak işleri geçirildi. Bu ýerlerde ýolbarslar 1940-njy ýyllaryň ahyrynda uzak dowam eden awçylyk, tebigy gurşawyň bozulmagy we iýmitlenýän haýwanlaryň sanynyň azalmagy sebäpli ýitip gidipdi. Indi bolsa häkimiýetler we ekologiýa guramalary bu haýwanlary taryhy mekanlaryna gaýtarmak isleýärler. Häzirki wagtda Gazagystanda ýörite şertlerde gaplaňlaryň her jynsyndan biri saklanylýar. Olar göni tebigata goýberilmese-de, alymlar olaryň nesilleriniň geljekki populýasiýanyň bir bölegi boljakdygyna umyt edýärler. Mundan başga-da, 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda Russiýadan ýabany ýolbarslary getirmek meýilleşdirilýär. Balhaş kölüniň golaýynda agaçlaryň ekilmegi bu ýyrtyjylaryň dolanmagy üçin möhüm taýýarlyk tapgyrydyr. Ösümlik dünýäsiniň köpelmegi ekoulgamy dikeltmäge, gizlenmek üçin amatly ýerleri döretmäge we gaplaňlaryň iýmitlenýän beýleki haýwanlarynyň ýaşamagy üçin hem şertleri gowulandyrmaga kömek eder. Bu çäre Gazagystany bagy-bossanlyga öwürmek bilen bagly milli maksatnamanyň hem bir bölegidir. 2021-nji ýyldan bäri ýurtda 1,4 milliard töweregi agaç ekildi, 2027-nji ýyla çenli bolsa bu sanyň 2 milliarda ýetirilmegi meýilleşdirilýär. Ekologiýa guramalarynyň wekilleriniň bellemegine görä, dikeldilen meýdançalarda eýýäm ýabany toýnakly haýwanlar peýda bolup başlady. Şunuň özi-de, tebigatyň kem-kemden dikelýändiginiň we geljekki gaplaňlar üçin oňaýly gurşawyň emele gelýändiginiň subutnamasydyr.