2025-nji ýyl üçin medeniýet ulgamynyň iş meýilnamalary makullanyldy
3-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa döwlet Baştutanyna medeniýet ulgamynyň şu ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.
Iş meýilnamalarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli ç...
Günde 2025-nji ýylyň başyndan bäri ilkinji ýokary derejeli alawlamalar ýüze çykdy
3-nji ýanwarda, anna güni Günüň üstünde iň ýokary X derejeli 2025-nji ýylyň ilkinji alawlamasy bolup geçdi diýip, TASS habar berýär.
Russiýanyň Amaly geofizika institutynyň berýän maglumatlaryna görä, 20 minut dowam eden X1.2 derejesindäki alaw Aşgabat wagty bilen sagat 16:39-da rentgen diapazonynda hasaba alyndy.
Ondan öň, 30-njy dek...
Dünýäniň iň baý 500 adamynyň umumy baýlygy 10 trln dollardan geçdi
Geçen ýyl dünýäniň iň baý 500 adamynyň umumy baýlygy 10 trln dollardan geçdi diýip, Bloomberg habar berýär.
Resmi taýdan dünýäniň iň baý ýaşaýjysy Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask hasaplanýar, onuň baýlygy 442,1 mlrd dollara ýetdi. Reýtingiň ilkinji üçlügine Meta-nyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg we Nvidia-nyň ýerine ýe...
Google ýylyň iň gowy programmalaryny we oýunlaryny atlandyrdy
Google platformada hödürlenen iň gowy programmalary, oýunlary we kitaplary ykrar edýän Google Play Best ýyllyk baýragynyň ýeňijilerini yglan etdi. Kompaniýa 2024-nji ýylyň netijesiniň Android ekoulgamyny elýeterli we innowasion eden işläp düzüjileriň tagallalaryny görkezýändigini belledi.
Iň gowy programmalar:
·Ýylyň programmasy: Part...
Türkmenistanda ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň iş meýilnamalary makullanyldy
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynyň 2025-nji ýyl üçin taýýarlanan iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.
Bu meýilnamalarda ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga gönükdiri...
Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasy tassyklanyldy
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullady.
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow döwlet Baştutanyna ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralar...
Serdar Berdimuhamedow söwda toplumynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullady
3-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Atagulyýew Türkmenistanyň Prezidentine söwda toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu meýilnamalarda:
ýurdumyzyň içerki bazarynda haryt bolçulygyny h...
2025-nji ýyl üçin medeniýet ulgamynyň iş meýilnamalary makullanyldy
3-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa döwlet Baştutanyna medeniýet ulgamynyň şu ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.
Iş meýilnamalarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli ç...
Alymlar eşidiş näsazlyklaryny bejermek üçin mikro iňňeleri çap etdiler
Kolumbiýa uniwersitetiniň barlagçylary dermany, içki gulagyň eşidiş perdesine zeper ýetirmezden, takyk ýetirip bilýän mikro iňňe bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem täze mikro iňňe Menýeriň keseli ýaly patologiýalary anyklamak üçin suwuklygyň nusgasyny almaga mümkinçilik berýär diýip, Interesting Engineering habar berýär.
Adam saçynyň tarynyň in...
Türkmenistanda 2025-nji ýylyň ilkinji bäbegi dünýä indi
2025-nji ýylda ilkinji çaga Arkadag şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde dünýä indi. Ata-enesi oglanjyga Parahat diýip at goýdular. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň ilkinji minutlarynda Arkadag şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylary — öý hojalykçy Orazjahan hem-de mekdep mugallymy Ý...
Maskyň hususy uçarlary bir ýylda 355 gatnaw edip, ýangyç üçin 2,5 mln dollar sarp etdi
2024-nji ýylda Ilon Maskyň hususy uçarlary asmanda, takmynan, 881 sagat sarp etdiler. Milliarderiň uçuşlary baradaky maglumatlary Business Insider neşiri JetSpy hyzmatynyň kömegi bilen seljerdi.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Ilon Maskyň iki sany Gulfstream uçary 2024-nji ýylyň ýanwar aýyndan dekabr aýynyň ortasyna çenli jemi 355 gatnaw amala...
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar Täze ýyl sowgatlaryny aldylar
1-nji ýanwarda Döwletliler köşgünde Täze ýyl dabarasy guraldy. Onuň barşynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy diýip, TDH habar berýär.
Dabara Mejlisiň, Halk Maslahatynyň hem-...
Türkmenistanda telekeçiler üçin pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hasaplaşyk döwri başlandy
Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere 2024-nji ýylyň II ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär.
«Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 23-nji maddasyna laýyklykda, telekeçiler pensiýa gatançlaryny 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 15-nji fewraly aralygynda tölemelidirler.
Pens...
NASA Ýupiteriň hemralarynyň ummanlarynda ýaşaýyş gözlemek üçin suwasty robotlary taýýarlaýar
NASA Ýupiteriň, Ýewropa ýaly, buzly hemralarynyň ummanlarynyň düýbüni öwrenmek üçin ýüzýän robotlary döretmegiň üstünde işleýär. Alymlar olarda Ýeriň ähli ummanlarynyň jemi suwundan hem köp suwuk suwuň bardygyny öňe sürýärler diýip, Telegraph neşiri ýazýar.
Mundan başga-da, Ýewropa deňizleri gyzdyryp, möhüm iýmit maddalaryny garyşdyryp we ýa...
Hazaryň düýbünden XVIII asyrda gark bolan gämini çykardylar
Arheologlar Eýranyň Mazenderan welaýatynda Hazar deňziniň günorta kenarynda XVIII asyryň ahyryna - XIX asyryň başyna degişli bolan agaç gämini tapdylar. Gämi çäge aňňadynyň aşagyna gömlüp galypdyr, deňiz derejesiniň ýokary galmagy bilen üsti bölekleýin açylypdyr diýip, Phys.org ýazýar.
Barlaglar gäminiň Russiýa imperiýasy bilen bagly söwda f...
Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylda geçiriljek sergi-ýarmarkalaryň, maslahatlaryň sanawyny tassyklady
Prezident Serdar Berdimuhamedow ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2025-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, şeýle hem olary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy.
Ministrliklere...
Maskyň xAI startapy millionlarça dollarlyk maýa goýumlaryny özüne çekdi. Ony nämä sarp etmek isleýärler?
Ilon Mask tarapyndan döredilen xAI başlangyjy soňky maliýeleşdiriş tapgyrynda 6 milliard dollar toplandygyny mälim etdi. Bu tapgyra gatnaşanlaryň arasynda ABŞ-ly wençura kapitalistleri, NVIDIA we AMD çip öndürijileri, şeýle hem Saud Arabystanynyň we Kataryň maýa goýum gaznalary bar diýip, Tech Xplore habar berýär.
Bu serişdeler kompaniýa AI...
“Kalmar oýnunyň” täze möwsümi 93 ýurtda Netflix-iň iň meşhur serialyna öwrüldi
Günorta Koreýanyň “Kalmar oýny” (“Игра в кальмара”) serialynyň ikinji möwsümi bu akym hyzmatynyň hereket edýän 93 ýurdunda Netflix-iň iň meşhur şüweleňine öwrüldi diýip, Flix Patrol portaly habar berýär.
26-njy dekabrda görkezilen gününiň ertesi, ikinji orny eýelän ýeri bolan Täze Zelandiýany hasaba almanyňda, serial 92 ýurtda öňdeligi eýele...
Ilon Mask: Ýer ýene 500 million ýyldan soň ýaşaýyş üçin ýaramsyz bolar
SpaceX-iň we Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask Ýeriň geljegi we kosmos taslamalary baradaky pikirini ýene bir gezek paýlaşdy.
Ol öz çaklamasyny X sosial ulgamyndaky teswirinde paýlaşdy. Ulanyjylaryň biri ýene 5 milliard ýyldan Günüň partlajakdygyny, şonuň üçin diňe Marsy özleşdirilmegiň adamzady halas edip biljekdigini ýazdy.
"Günüň giňe...
Täze ýyl gutlagy
Sizi Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!
Goý, 2025-nji ýyl size şatlyk, rowaçlyk getirsin! Iň bir arzyly maksatlaryňyza ýetmäge mümkinçilik bersin! Geçip barýan ýylda biziň platformamyz size has elýeterli hem has ýakyn bolmaga çalyşdy: bir milliondan gowrak ulanyjy bize ynam bildirip, her gün on müňlerçe bildiriş ýerleşdirýär. Bizde mil...