HBO teleýaýlymy sosial ulgamlarda ýaş jadygöý Harri Potter baradaky serialyň birinji möwsüminiň tizerini hödürledi. Ol «Harri Potter we jadygöýiň daşy» diýlip atlandyrylar we sekiz bölümden ybarat bolar. HBO Joan Ketlin Roulingiň meşhur kitaplaryna esaslanýan serialyň üstünde işlenilip başlanandygy barada ilkinji gezek 2023-nji ýylda mälim edipdi. Birinji möwsümiň premýerasynyň 2026-njy ýylyň Roždestwo baýramynda HBO Max striming platformasynda bolmagyna garaşylýar. Serialda Harri Potteriň keşbini Dominik Maklaflin, onuň dostlary Ron Wizli bilen Germiona Greýnjeriň keşplerini bolsa Alastar Staut we Arabella Stenton ýerine ýetirdi. Serialyň baş keşpleri üçin kastinglere 30 müňden gowrak çaga gatnaşdy.