Arheologlar Italiýanyň günortasynda gladiatorlaryň söweş pursatlary çekilen gadymy rim ýadygärlik guburynyň galyndylaryny tapdylar. Olaryň çaky boýunça gubur biziň eýýamymyzyň I asyrynyň başlaryna degişli bolmaly. Täsin tapyndy Apolloza munisipalitetinde, belli Appiý ýolunyň golaýynda ýüze çykaryldy. Ýadygärlik ilki bir meýletinçiniň gözüne kaklyşdy. Sil joşgunyndan soň ýeriň üstüne çykan hek bölekleri göze ilmezçe-de däl eken. Olary gören batlaryna taryhyň ysyny duýan arheologlar ur-tut gazuw-agtaryş işini geçirýärler. Dykgatly barlanandan soňra hek daşlarynyň ini takmynan 12 metr bolan tegelek binanyň bölekleridigi belli bolýar. Söweşijileriň şekilleri çekilen 20-den gowrak daşyň bir gubur ýadygärliginde tapylmagy mydam bolup durýan hadysa-da däldir. Ýöne täsinlik munuň bilen hem gutarmaýar. Ondan soňra alymlar diwarlary suratlar bilen bezelen ýerasty otagyň girelgesiniň hem üstünden barýarlar. Şularyň özi-de guburyň öz wagtynda diýseň baý we kaşaň bezelendigini aňladýar. Indi alymlar ýadygärlikde gladiator söweşleriniň şekillendirilmegi guburda ýerlenen adamyň il içindäki derejesi ýa-da onuň ömürboýy meşgullanan işi bilen baglydyr diýjek bolýarlar. Edil häzir ýadygärligiň bölekleri Benewento şäherine äkidilip, şol ýerde başga-da birnäçe hünärmenler tarapyndan has içgin öwrenilýär.