Tesla Seminiň netijeliligi hakyky synaglarda barlanyp görüldi
ArcBest logistika kompaniýasy tarapyndan geçirilen üç hepdelik synagda Tesla Semi elektrik ýük ulagy bir mile (1,6 km) 1,55 kilowat sagat energiýa sarp edýändigini görkezdi. Bu ulag 7230 kilometrden gowrak ýoly geçip, hakyky ýük daşamakda yzygiderli ulanylýardy.
Bu model üçin iň oňat netije: 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Tesla her mile 1,6...
Google-yň Gemini emeli aňy ulanyjynyň messenjerlerindäki ähli habarlara girip biler
Google-yň Gemini AI modeli, messenjerleri goşmak bilen, smartfonlarda üçünji tarap programmalaryna girip biler. Bu barada korporasiýa ýakynda AI ulgamyna täzelenme hödürlände yglan etdi.
Google täze funksiýanyň "ulanyjylar üçin peýdalydygyny" we Gemini-ä göni Android smartfonlaryndan habar ibermek we jaň etmek ýaly, gündelik işleri ýerine ýe...
Lanzante McLareniň Le-Mandaky ýeňşiniň hormatyna üç orunlyk 95-59 superkaryny çykardy
Lanzante kompaniýasy 1995-nji ýyldaky “Le-Manyň 24 sagady” ýaryşynda McLaren-iň ýeňşiniň 30 ýyllygynyň hormatyna döredilen üç orunlyk 95-59 superkaryny görkezdi. Bu model hersiniň bahasy 1 million funt sterling bolan (1,355 million dollar töweregi) 59 sany çäkli nusgada öndüriler.
Daşyndan seredeniňde 95-59 McLaren 720S/750S-e meňzeýär (onuň...
Range Rover ilkinji gezek logotip edindi
Range Rover 1970-nji ýyllarda döredilenden bäri ilkinji gezek öz logotipi bilen tanyşdyrdy. Dikligine deňleşdirilen altynsow reňkli R harpy görnüşindäki täze nyşan awtoulaglardaky däp bolan nyşanyň ornuny tutmasa-da, brendiň wizual stiliniň elementine öwrüler.
Logotip ilki maýa goýujylaryň tanyşdyryş dabarasynda görkezildi we soňra Range Rov...
NASA Parker enjamynyň Güne iň golaý aralykdan alan wideosyny çykardy
NASA Parker Solar Probe enjamynyň 2024-nji ýylyň dekabrynda Güne ýakynlaşanda alan ilkinji suratlaryny paýlaşdy. Enjam ýyldyzyň üstünden 6,17 million km uzaklykdan sagatda 687 müň km tizlik bilen uçup geçdi.
Görünýän we ýakyn infragyzyl diapazonlarda işleýän, giň burçly WISPR kamerasy tarapyndan düşürilen wideoda Gün ýeliniň akymlary, şeýle...
Jeýms Gannyň “Supermen” filmi soňky 8 ýylda DC-niň iň üstünlikli taslamasy boldy
Jeýms Gannyň režissýorlyk etmegindäki “Supermen” filmi dünýä prokatyna soňky sekiz ýylda DC Studios üçin iň gowy kassa ýygymlary bilen başlady diýip, The Hollywood Reporter habar berýär.
Premýera güni film, deslapky görkezişleri hasaba almazdan, 56,5 mln dollar gazandy. Deslapky görkezişlerde bolsa, film 22,5 mln dollar ýygnap, 2025-nji ýyly...
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň başlygyny çalyşdy
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 12-nji iýulda gol çeken kararyna laýyklykda, Serdar Agamyradowiç Baýramow Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.
Bu wezipä Döwletmämmet Ýazmämmedowiç Seýidow bellenildi.
Serdar Berdimuhamedow Emmanuel Makrony Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Fransiýanyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Soňky wagtda Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berildi. Biz netijeli döwletar...
Awazada geçiriljek halkara çärelere gatnaşjak meýletinçileriň lybaslary we ýolagçy awtobuslaryň ýazgylary gözden geçirildi
13-nji iýulda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk, guramaçylyk işlerine bagyşlanan maslahat tamamlanandan soňra, Gurbanguly Berdimuhamedow halkara çärelere gatnaşjak meýletinçiler üçin niýetlenen lybaslary synlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri meýletinçileriň lybaslarynyň häzirk...
Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada BMG-niň maslahatyna taýýarlyk boýunça maslahat geçirdi
13-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi.
Maslahatyň ba...
Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenary boýunça welosipedli gezelenç etdi
13-nji iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir säher bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän köpugurly sport toplumyna geldi we bu ýerde adaty endigine eýerip, irki sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Hazaryň kenary boýunça welosiped...
Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary çalşyryldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Halmyradowiç Ataýew Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Bu wezipä Şöhrat Begmyradowiç Mämmedow bellenildi.
Türkmenistanyň wekilleri "Ýüpek ýoly - 2025" halkara ralli ýaryşyna gatnaşýar
Irkutsk şäherinde (RF) «Ýüpek ýoly» atly 15-nji halkara rallisi-marafony başlandy. Bu ýaryşa Türkmenistanyň adyndan T2 seriýaly wnedorožnikler synpynda çykyş edýän üç ekipaž gatnaşýar.
Türkmenistanyň awtosport federasiýasyndan bu synpda şu aşakdaky ekipažlar wekilçilik edýär:
2022-nji ýylyň ýeňijileri we 2023-nji ýylyň kümüş medal eýe...
OpenAI düýpgöter täze kompýuter döretmek isleýär. Häzirki enjamlar emeli aň üçin döredilmedik
OpenAI kompaniýasynyň baş direktory Sem Altman häzirki kompýuterleriň emeli aňsyz dünýä üçin işlenip düzülendigini, olaryň emeli aň bilen işleşmäge laýyk däldigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, kompaniýa konteksti göz öňünde tutup, esasly kararlary kabul edip bilýän düýbünden täze enjamyň üstünde işleýär.
«Windows Central» neşirine ber...
Huawei kompaniýasy Pura 80 we Pura 80 Pro smartfonlarynyň global wersiýalaryny tanyşdyrdy
Huawei kompaniýasy Pura 80 we Pura 80 Pro smartfonlarynyň halkara wersiýalaryny hödürledi. Enjamlar displeý aýratynlyklary we kamera konfigurasiýasy bilen biri-birinden tapawutlanýar.
Esasy modeliň ekrany 6,6 dýuým, Pro wersiýasynyňky bolsa 6,8 dýuým. Iki enjamyň ekrany hem Kunlun Glass-yň ikinji nesil gorag aýnasy bilen örtülen we 1-den 120...
YouTube “Trendde” bölümini ýapýar. Ol tematiki çartlar bilen çalşyrylar
YouTube 2015-nji ýyldan bäri hereket eden “Trendde” sahypasynyň we “Häzir trendde” sanawynyň ýapylýandygyny habar berdi. Olaryň deregine platforma tematiki çartlary işe girizer, olarda kontent aýdym-saz wideolary, podkastlar we kinotreýlerler ýaly kategoriýalar boýunça bölner.
Kompaniýa bu çözgüdiň meşhur wideolary tapmak usullarynyň üýtgeme...
Tesla zarýad bermegi restoranly we awtokinoteatrly ýakymly güýmenjä öwürýär
Tesla Los-Anjelesde öz firma restorany we awtokinoteatry bolan, elektrik ulaglar üçin ilkinji çalt zarýad beriş stansiýasynyň gurluşygyny tamamlap barýar. Santa-Monika bulwaryndaky desganyň gurluşyk haýatlary eýýäm aýryldy we ýakyn günlerde açylmagyna garaşylýar.
Bu toplum 1950-nji ýyllaryň retro stilinde ýerine ýetirilipdir: neon yşyklandyr...
Alymlar ýaralary bitirmek üçin guşuň düwünçek dokumalaryny ulanmagy teklip edýärler
Demirgazyk-Kawkaz federal uniwersitetiniň alymlary ýara bitiriji dermanlary döretmek üçin guşuň düwünçek dokumalaryndan edilen peptidleri ulanmagy teklip etdiler. Işläp taýýarlama melhemleriň, gelleriň we suwuk plastyrlaryň bir toparynyň çykarylmagy bilen tamamlanar. Bu barada uniwersitetiň metbugat gullugy TASS-a habar berdi.
Uniwersitetiň...
Hytaýda Jeep öndürýän kompaniýa batdy
Hytaý kazyýeti ýerli bazarda Jeep awtomobillerini öndürmek üçin döredilen GAC Fiat Chrysler Automobiles (GAC FCA) kompaniýasyny batdy diýip yglan etdi. Stellantis konserni bilen hytaý GAC-yň bilelikdäki kärhanasy 2009-njy ýylda esaslandyrylypdy. Indi ol öz işini gutarnykly bes etdi.
Dolandyryjylaryň maglumatlaryna görä, munuň sebäbi kärhanan...
Kümüş gymmatlaýar. Onuň bahasy 2011-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine ýetdi
Kümüşiň sentýabrdaky fýuçersleriniň bahasy Nýu-Ýorkuň Comex biržasynda bir unsiýasy üçin 39 dollardan geçdi. Mundan öň, bu gymmatly metal şu nyrhda 2011-nji ýylyň sentýabrynda bahalanýardy.
Aşgabat wagty bilen 01:16-a çenli ýagdaýa görä, kümüşiň birža bahasy bir unsiýasy üçin 39,14 dollara ýetdi (+4,92%).
Iýul aýynyň başyndan bäri bu...