Gün energiýasynyň kömegi bilen işleýän uçarmansyz uçýan enjam Skydweller ilkinji gezek 73 sagatlyk gonuşsyz uçuşy amala aşyrdy. Bu barada ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleriniň Söweş hereketleri merkeziniň awiasion bölümçesiniň ýolbaşçylygynda Missisipi ştatyndaky Stennis aerodromyndan geçirilen synaglaryň netijesi boýunça habar berildi. Synag uçarmansyz uçýan enjamyň ulanylyş mümkinçiliklerini we onuň gözleg ukyplaryny görkezdi. Enjam diňe Gün energiýasynyň hasabyna işleýär. Skydweller dört propeller we ganatlarda oturdylan Gün batareýalary bilen enjamlaşdyryldy. Batareýalar daşyndan zarýad bermek zerurlygy bolmazdan, uçuş wagty energiýany üpjün edýär. Enjamyň ganatlarynyň gerimi 72 metre, agramy, takmynan, 2550 kilograma barabar. Skydweller Aero kompaniýasy geljekde bu enjamyň üznüksiz uçup biljekdigini aýdýar.