5-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we TÜRKSOÝ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Medeniýet we sungat ugurlary, bu ulgamda ylmy-barlaglary, özara bähbitli döredijilik alyşmalaryny höweslendirmek, bilelikdäki çäreleri geçirmek babatda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Medeni gatnaşyklaryň türki dilli döwletleriň arasynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakda ähmiýetli gural hökmünde çykyş edýändigi bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma tassyklanyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir