46 ýaşly Pakýao ringe gaýdyp gelýär. WBC tituly üçin söweş 20-nji iýulda bolar

Alty agram derejesinde öňki dünýä çempiony Menni Pakýao ýakyn wagtda ringe gaýdyp geler. 20-nji iýulda Las-Wegasda (ABŞ) boks agşamy geçiriler we onda 46 ýaşly filippinli boksçy ýarym orta agramda (66,7 kg çenli) WBC titulynyň eýesi, amerika-meksikaly Mario Barrios bilen duşuşar.
Pakýao häzirki fiziki formasyny görkezip, 30 ýaşly garşydaşynd...

Dowamy »

76 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalaryň kabul ediljek ýerleri we wagty

Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgär ýaşlaryň resmi iş kagyzlary her orta hünär okuw mekdebiniň ýerleşýän ýerinde (öz binalarynda) kabul edilýär.
Resminamalary kabul edýän ýerleriň iş wagty: 14.07.2025 ý. – 18.08.2025 ý. aralygynda: (şol sanda dynç alyş günleri hem işleýär) 8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a ç...

Dowamy »

80 0
Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Belizde maýalaryň gadymy şäheriniň ilkinji hökümdary - Te Kaab Çaakanyň mazary tapyldy

Hýuston uniwersitetiniň arheologlary Karakolda (Beliz) maýalaryň bu gadymy şäheriniň ilkinji hökümdary we onuň şa nesilşalygynyň esaslandyryjysy Te Kaab Çaagyň mazaryny tapdylar.
Bu Merkezi Amerikanyň döwleti bolan Belizdäki iň uly maýa arheologik ýadygärliginde 40 ýyldan gowrak wagtlap geçirilen barlagda tapylan ilkinji şa mazarydyr. Gazuw-...

Dowamy »

65 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Alymlar bagry göçürmezden bejermek üçin sütün öýjüklerini döretdiler

Ýewropaly molekulýar biologlar organyň dokumalaryna netijeli ýapyşýan we çynlakaý zeper ýetmelerde onuň regenerasiýasyny çaltlaşdyrýan bagyr sütün öýjükleriniň ösdürilip ýetişdirilişini işläp taýýarladylar. Bu açyş sirrozyň agyr görnüşlerinde bagyr transplantasiýasyna alternatiwa bolup biler diýip, Birmingem uniwersitetiniň metbugat gullugy habar...

Dowamy »

62 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Windows 11-e operasion ulgam sazlamalary bilen işlemek üçin emeli aň kömekçisi goşuldy

Microsoft korporasiýasy Windows 11 operasion ulgamyna täze EA kömekçisini goşdy. Ol gönüden-göni “Sazlamalar” programmasyna gurnaldy. Onuň wezipesi ulanyjylara zerur parametrleri tapmaga we meseläni adaty dilde beýan etmek arkaly ulgamy sazlamaga kömek etmekden ybarat.
Copilot wirtual kömekçisinden tapawutlylykda, täze agent aýratyn serwis d...

Dowamy »

65 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Hytaýda arynyň beýnisini dolandyrmagy öwrendiler. Ol diýleni 90% ýerine ýetirýär

Pekin tehnologiýa institutynyň alymlary beýnä täsir edýän dolandyryjy arkaly dolandyryp bolýan dünýäde ilkinji kiborg aryny döretdi. Bu barada South China Morning Post neşiri habar berýär.
Enjamyň agramy 74 milligram bolup, bu arylaryň göterýän şireli haltasynyň agramyndan hem azdyr. Kontroller mör-möjegiň ganatynyň galyňlygynda çeýe polimer...

Dowamy »

63 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Merilin Monronyň pasport suraty 21 müň dollara satyldy

Bostondaky RR Auction auksionynda Merilin Monronyň 70 ýyl ozalky suraty 21 müň dollara satyldy. Surat 1954-nji ýylyň ýanwarynda aktrisanyň we onuň şol wagtky adamsy, beýsbolçy Jo Di Majionyň Ýaponiýa gezelenjinden öň pasport almak üçin ulanyldy.
Auksion öýüniň maglumatlaryna görä, 5×6 sm ölçegli surata Monro gyzyl syýa bilen gol goýupdyr: “J...

Dowamy »

66 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Samsung gulakhalka we monjuk görnüşinde akylly gajetleri çykarar

Samsung kompaniýasy dakylýan akylly gurluşlarynyň hataryny diňe bir sagatlar we ýüzükler bilen çäklendirmek islemeýär. Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi bu hatara täze gurluşlary – äýnekleri, gulakhalkalary we monjuklary hem goşar diýip, Samsung-yň mobil bölümçesiniň operasion müdiri Won-jun Çoýa salgylanyp, CNN habar berýär.
“Biz gajet ý...

Dowamy »

65 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Türkmenistan Ruanda Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

14-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň edarasynda Türkmenistan bilen Ruanda Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýanata gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Gol çekmek dabarasyndan öň Türkmenistanyň BM...

Dowamy »

65 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Türkmenistanyň DIM-nde BAE-niň ilçisi bilen Awazadaky halkara maslahata taýýarlyk maslahatlaşyldy

15-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.
Taraplar Türkmenistan bilen BAE-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp m...

Dowamy »

66 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Aziýanyň infrastruktura maýa goýum banky Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek meýlini beýan etdi

15-nji iýulda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi P.Durdyýew Aziýanyň infrastruktura maýa goýum bankynyň (AIIB) prezidenti, direktorlar geňeşiniň başlygy Szin Liçun bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşygyň başynda AIIB-nyň prezidenti Szin Liçun bankyň Türkmenistan bilen bagly tej...

Dowamy »

59 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

“Türkmenhowaýollary” Aşgabatdan Seula ilkinji yzygiderli ýolagçy gatnawyny ýerine ýetirdi

14-nji iýulda Koreýa Respublikasynyň Inçon halkara howa menzilinde Aşgabat-Seul-Aşgabat ugry boýunça ilkinji yzygiderli ýolagçy gatnawynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, çärä Koreýa Respublikasynyň Milli ýygnagynyň başlygynyň orunbasary Li Ha Ýon, Ýer serişdeleri, infrastruktura we ulag ministrliginiň...

Dowamy »

57 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Hindistanyň iň baý adamy Mukeş Ambani telewizorlary kompýutere öwürmek isleýär

Reliance Industries konglomeratynyň düzümine girýän Jio Platforms hindi kompaniýasy telewizion pristawkalary ulanyjylar üçin wirtual PK hyzmatyny işe girizdi. Başlangyç Hindistanda millionlarça telewizorlary şahsy kompýuterlere öwürmäge gönükdirildi diýip, TechCrunch ýazýar.
Taslama Reliance-iň dolandyryş başlygy Mukeş Ambaniniň başlangyjy b...

Dowamy »

59 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Angliýada Redýard Kiplingiň ýaşan jaýy 3,6 mln funt sterlinge satylýar

Londondan günorta-günbatardaky obada XIX asyryň ahyrynda iňlis ýazyjysy we şahyry Redýard Kiplingiň ýaşan we işlän jaýy satuwa çykaryldy. Gozgalmaýan emlägiň bahasy 3,6 mln funt sterlinge (takmynan, $4,8 mln) barabar diýip, Mansion Global habar berýär.
Kipling, beýleki eserleri bilen bir hatarda, Maugli atly oglan hakda nusgawy “Jeňňel kitab...

Dowamy »

56 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Ägirt uly aýsberg Grenlandiýanyň obasyna golaý ýüzüp bardy. Ol ýaşaýjylara howp salýar

Grenlandiýanyň günbatar kenaryndaky Innaarsuit obasynyň ýaşaýjylary ägirt uly aýsberg sebäpli ewakuasiýa edildi. Buz iki bölege bölündi we häzir balyk zawodyndan hem azyk dükanyndan birnäçe metr uzaklykda obanyň üstüne abanýar diýip, Bild ýazýar.
Aýsbergiň beýikligi 100 metrden geçýär, agramy bolsa, hünärmenleriň hasaplamagyna görä, 11 mln t...

Dowamy »

59 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Wengriýanyň iň köne kitaphanasynda agaç tomzaklary ýüz müňlerçe seýrek kitaplara hüjüm etdi

Wengriýanyň iň gadymy kitap toplumy bolan Pannonhalmadaky orta asyr monastyr kitaphanasynyň işgärleri agaç tomzagy zerarly zeper ýeten 100 000 töweregi seýrek kitaplary gyssagly dezinseksiýa etmeklige girişdiler. Bu tomzaklar diňe bir ýüň, sütük we deri önümlerine däl, eýsem kitaplara-da zyýan ýetirýär diýip, Independent neşiri ýazýar.
Tomz...

Dowamy »

57 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Ýaponiýanyň Tokara adalarynda 3 hepdäniň içinde 2000-den gowrak ýertitremesi bolup geçdi

Ýaponiýanyň uzakdaky Tokara adalarynda soňky üç hepdäniň dowamynda 2000-den gowrak ýertitremeleri bolup geçdi. Käbir ýer yranmalarynyň magnitudasy 5 baldan geçdi. Bu barada Ýaponiýanyň Meteorologiýa guramasy habar berdi.
Seýsmiki işjeňlik Akusekidzima we Kodakaradzima adalarynda 21-nji iýundan bäri dowam edýär. Şuňa meňzeş ýertitremeler tapg...

Dowamy »

59 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Apple wintaž we könelişen enjamlaryň sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy birnäçe Mac, iPhone we iPad modellerini goşmak bilen, wintaž we könelişen önümleriniň sanawyny artdyrdy diýip, kompaniýanyň beýanatyna salgylanýan MacRumors habar berýär.
Wintaž enjamlarynyň hataryna korpusynyň şekilinden hem tanalýan 2013-nji ýylyň Mac Pro-sy goşuldy. Bu modeliň satuwy 2019-njy ýylda tamamlanypdy. Şeýle he...

Dowamy »

70 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Hermés-den iň gymmat Birkin ýantorbasyny satyn alyjynyň ady belli boldy

Sotheby’s auksionynda Hermés Birkin ýantorbasy üçin kimiň rekord 8,58 mln ýewro (10 mln dollar) töländigi belli boldy. Bu torba indi Allu ýapon kompaniýasynyň başynda duran Valuence Japan kompaniýasyna degişlidir. Bu gurama ulanylan kaşaň predmetleri satyn almak bilen meşgullanýar.
Gürrüň aktrisa we Hermés brendi üçin ylhama öwrülen Jeýn Bir...

Dowamy »

52 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Grenlandiýada 3 km buzuň astyndan gadymy tundranyň galyndylary tapyldy. Ol ýerde haşhaş, moh we hatda leýlisaç ösüpdir

Grenlandiýanyň köp bölegi buz we gar bilen örtülendir, şonuň üçin adanyň ady şoňa ýaňzydylyp goýlan. Emma bu hemişe beýle bolmandyr. Alymlar üç kilometrlik buz gatlagynyň astyndan gadymy tundra ekoulgamynyň yzlaryny tapdylar.
Earth.com tarapyndan neşir edilen barlagyň netijesi adanyň merkezi böleginiň geçmişde diňe bir buzsuz bolmak bilen çä...

Dowamy »

45 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago