Toyota Demirgazyk Amerikanyň bazary üçin awtomobil hataryny düýpli täzelemegi göz öňünde tutýar. Hususan-da, 2028-nji ýylda kompaniýa täzelenen Camry, Land Cruiser 250 (ABŞ-da model diňe Land Cruiser diýlip atlandyrylýar) we 4Runner ulaglaryny hödürlär diýip, Automotive News ýazýar. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, üýtgeşmeler, esasan, daşky dizaýn bilen bagly bolar, hereketlendirijiler bolsa öňküligine galyp biler. 2027-nji ýyla çenli Toyota düýbünden täze Corolla-ny hödürlär. Wodorod ýangyjynda işleýän Mirai 2028-nji ýyla çenli häzirki dizaýnyny saklar. 2026-njy ýylda täzelenen Crown fastbegi hödürlener, 2027-nji ýylda bolsa Tesla Model S bilen bäsleşip biljek, ýöne arzan boljak uly elektrik sedany çykar. Ol hytaý bazary üçin bZ7 modeliniň esasynda gurlup bilner.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir