5-nji awgustda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde Awazada ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekmek dabarasy geçirildi. Çäräniň dowamynda Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň hem-de halkara guramalarynyň arasynda diplomatik, ykdysady we ösüş ugurlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda şulary görkezmek bolar: Türkmenistan bilen Burkina-Faso döwletiniň arasynda syýasy geňeşmeler hakynda protokol; Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýmak baradaky protokol; Türkmenistan bilen Malawi Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler hakynda protokol; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Slowakiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky şertnama; Türkmenistanyň hem-de BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) arasynda sanly özgertmeler arkaly sebitleýin gatnaşyklary we “akylly” gümrük ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen tehniki kömek taslamasy hakynda resminama; Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak maksady bilen durnukly jemgyýetleri goldamak boýunça BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (UNDP) bilen Türkmenistanyň arasynda 2025-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy. Bu çäre Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy we sebitleýin gatnaşyklary berkitmäge ygrarlydygyny ýene-de bir gezek görkezdi.