atawatan
Göwrüm
GÖWRÜM
indi besdir, çak boldy.
kyrk katradan kak boldy,
yortuberdim- yol boldy.
bir ok atdym köl boldy,
naeme bolsa şonda boldy:
görümi göremde boldy.
yöredim- yörelge boldy,
göründim- görelde boldy.
atanym bir atym boldy,
bary garym-gatym boldy.
...
Guşa gitmäň, oglanlar!
penjireleň tutularyn
Gün dogsa-da, gabamady.
urşa giden atalaryň
guşa giden çagalary.
şuny unutmaň hergiz
awa giden awlanar.
guşlaň halyna yalňyz
ene kalby daglanar.
herki zadyň çägi bar,
aşa gitmäň, oglanlar!
il kalbynda agy bar:
guşa gitmäň, oglanlar!
Men bu gün ýuwaşja ädimläp barýan
MEN BU GÜN ÝUWAŞJA ÄDIMLÄP BARÝAN
Men bu gün ýuwaşja ädimläp barýan…
Elimi uzadyp, ýumup gözlerim.
Ýerine gowuşsyn diýip gözlegim.
Ýürek owazlarym süññüme ýaýrap,
Men bu gün ýuwaşja ädimläp barýan…
Ajysyndan dadyp, süýjüsin gädip,
Çöpläp bagtyñ gizlin owuntyklaryn.
Aýaklarmy...
Demir Döwsem
Demir Döwsem
Dilim ýalyn.
Gülüm-ýalym.
Ýaşaýyş çyn,
Ölüm ýalan.
Barymyz çyndan ýalana
Sary barýas.
Bir-birege görgi berýäs,
Bergi berýäs.
Aglaýarys.
Aldaýarys.
Gyýlýarys.
Söýülýäris.
Ýöne köpräk
Döwülýäris.
Döwülýäris.
Ö...
Mening Durmuşymda Sening Barlygyng
dek düynem pikirler daşyma üyşüp,
döwere getirip kelleçanagym
men sensiz geçiren gijelerimi
sensiz geçen günlem bilen sanadym.
yogsam ayagymy ykjam basypdym
gum üstünden öçüp gitdi yzlarym.
men şonda-da gara yele yan bermaen
öçüp giden yzlarymy yzladym.
bir yanymda Yer bar, b...
Ötä git!
Ötä git!
Örümiñ ören bolsañ,
Örimi dören bolsañ,
Öýümden ören bolsañ,
Öte geçme, ötegçi.
Ödüme gan öýdürip,
Ölendirin öýtdürip,
Öwran-öwran öwdürip,
Öte geçme, ötegçi.
Öwejimde öwzaýyñ,
Öwsüp barýar öwsaýyñ,
Öwelip dur öwzarym,
Öte geçme,...
Menem Bu Dünýeden Geçerin Bir Gün
*** *** *** Kalbymda at salýar bezzat pikirler, *** Gar ýagýar, däne-däne hemem ap-ak, Bagtym Bolup Gel
Kel kellämde kyrk müñ pikir göterip,
Gara ýere berip mejalsyz böwrüm.
Güni görüp bilmän dañy atryp,
Menem bu dünýeden geçerin bir gün.
Düşündirip bilmän, düşünip bilmän,
Düşündirjek borun çatýança gurbum.
Öz halyma gülip, özgäñkä gülmän,
Menem bu dünýeden geçerin bir gün.
"Bu seni belki-de soñky görşümdir..."
Bu seni belki-de soñky görşümdir
Ýatlamalañ dumanyna gir, ýarym.
Bir ýyllyk iýmitim gaýgydyr-gamdyr
Gaýgy-gamdan ýüküm tutup barýaryn.
Özem ýöne-möne tutmaklygam däl,
Bilýäñ: ýüregimde uly bir dert bar.
Daşa oýup ýazan deýin ýüregme
Adyñy nagyşlap ýazypdym, dildar.
B...
"Senden näçe aýra düşsem, şonça-da..."
Senden näçe aýra düşsem, şonça-da
Duşuşmagy umyt edip aýryldym.
Bahar gördüm jemalyñy gunçada
Ýüregimde aýdym bolup aýdyldyñ.
Ýat illerde köp ýatladym waslyñy
Ýöne “ýandym-köýdüm” diýip biljek däl.
Taryplamda bir dilberiñ waspyny
Şonam sençe söýdüm diýip biljek däl.
...
"Kalbymda at salýar bezzat pikirler..."
Beýnimi gemirýär eýmenç gowşaklyk.
Biz şonda-da abraý gözläp-ör galyp,
Gül Watany ýar jemalna ogşatdyk.
Gyşyndan, güýzünden geçmedik sowlup,
Söýdük derýalaryn, dagyn, düzlerin.
Sesine ses goşup gygyrdyk çyglyp,
Bugardy ýürekden çykan sözlerim.
"Birden oýanaýsañ eger gijäniñ bir ýarynda..."
Birden oýanaýsañ eger gijäniñ bir ýarynda,
Hem asmandan owadan Aý delmuryplar bakaýsa.
Bir düşünip bolmajak duýgy dömse ganyñda
Ýüregiñden ganly gözýaş gözleriñe akaýsa,
Bilgin: seni ýatlaýaryn...
Birden göçüp geläýse bagyñyza serçeler,
Gurbagalar wak-waklap çalsa iñ şirin sazyn...
Gar ýagýar
Gar ýagýar agaçlañ başyn agyrdyp,
Gar ýagýar şemalyñ öñünde tozap,
Gar ýagýar şar-gara saçym agardyp.
Gar ýagýar zemini basyp bagryna
“Seni söýýän” diýen bolup gar ýagýar.
Ýagýar haýran galyp suwuñ sabryna,
Suwy yryp bilmän juda az ýagýar.
Ö...
Bagtym Bolup Gel
Ak säher gülleri üwrände şemal
Sen meniñ şatlygym, bagtym bolup gel!
Mähirden ýugrulan eý, sahypjemal
Kalbyma nur çaýjak ýalkym bolup gel!
Damarlamda däli derýalar dyñzar,
Syýa saçlaryñyñ taryna men zar.
Her bir gamzañ ýürek sazyma meñzär
Goýny gülden doly tolk...