MEN BU GÜN ÝUWAŞJA ÄDIMLÄP BARÝAN Men bu gün ýuwaşja ädimläp barýan… Elimi uzadyp, ýumup gözlerim. Ýerine gowuşsyn diýip gözlegim. Ýürek owazlarym süññüme ýaýrap, Men bu gün ýuwaşja ädimläp barýan… Ajysyndan dadyp, süýjüsin gädip, Çöpläp bagtyñ gizlin owuntyklaryn. Aýaklarmy süýräp, ysgynsyz ädip Ahyrsoñy ýarylyp pyntyklarym Men bu gün ýuwaşja ädimläp barýan… Ýaýlyp ýatyr dumanly tolkunlarym Gün bilen, gül bilen barha garyşyp. Jöwzalarym, añzaklarym, salkynlarym Kömelek bulutlar bilen ýaryşyp Men bu gün ýuwaşja ädimläp barýan… Gözýaşlarym, gülüşlerim gasylyp, Gyzyla gaplandy göwün göwejim. Gözýetimden gözlem bilen asylyp, Gözelligiñ gözleginde görejim. Men bu gün ýuwaşja ädimläp barýan… 04.05.11
Men bu gün ýuwaşja ädimläp barýan
-
def
13 years ago
- sizin dunya garayshynyza berekella
-
def
13 years ago
- soz baylygada sozum yok
-
bestsellermeret
13 years ago
- Doatlar hata dusunemok.
-
bestsellermeret
13 years ago
- gosga sozum yok.
-
atawatan
13 years ago
- sag boluň.
Abadan 13 years ago- Üýtge$ijek gosgy eken.
elimi uzadyp,ýumup gözlerim.
ýerine gowussyn diýip gözlegim.