Kalbymda at salýar bezzat pikirler, Beýnimi gemirýär eýmenç gowşaklyk. Biz şonda-da abraý gözläp-ör galyp, Gül Watany ýar jemalna ogşatdyk. Gyşyndan, güýzünden geçmedik sowlup, Söýdük derýalaryn, dagyn, düzlerin. Sesine ses goşup gygyrdyk çyglyp, Bugardy ýürekden çykan sözlerim. Kerwenlere güjük bolup üýrýärkäm, “Ýok bolsun” diýp aýbygadym ogrulyk. Küti-küti kitaplary dörýärkäm, Gabat geldi barypýatan dogrulyk. Seni wasp ederden ejiz bolýaryn, Bagryña bas meni, aç sen gujagyñ. Eý, sen meniñ ata-baba diýarym! Giñden ýaz gadymky halal saçagyñ. Kepän teşneligmi gandyr sen meniñ, Bereketli ýaýlalañda ýaýnaýyn. Güýzän pikirlermi tändir sen meniñ, Arzuw-hyýallarym kändir soñ meniñ, Onsoñ galamymyñ güýjün synaýyn.

Köneler, atawatan tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir