Bagtym Bolup Gel Ak säher gülleri üwrände şemal Sen meniñ şatlygym, bagtym bolup gel! Mähirden ýugrulan eý, sahypjemal Kalbyma nur çaýjak ýalkym bolup gel! Damarlamda däli derýalar dyñzar, Syýa saçlaryñyñ taryna men zar. Her bir gamzañ ýürek sazyma meñzär Goýny gülden doly tolkun bolup gel! Şatlykdan uçgun bar tämiz gussamda, Daglar-daşlar eñrär ýürek gyssanda, Dañ ýyldyzym bolup dog sen asmanda, Yşk mülküne gurjak tagtym bolup gel! Huş bugarar köñül közi körese, Söýgiñ bilen başym arşa direse, “Sen bagtlymy, hany bagtyñ nirede?” Sowalyna berjek nagtym bolup gel Sungat Gurbangeldi

Köneler, atawatan tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir