*** Senden näçe aýra düşsem, şonça-da Duşuşmagy umyt edip aýryldym. Bahar gördüm jemalyñy gunçada Ýüregimde aýdym bolup aýdyldyñ. Ýat illerde köp ýatladym waslyñy Ýöne “ýandym-köýdüm” diýip biljek däl. Taryplamda bir dilberiñ waspyny Şonam sençe söýdüm diýip biljek däl. Sözlerime ha ynan, ha ynanma Ýöne ynan: sen şu günim, geljegim. Islän wagtyñ saña gerek bolanda Gözüm gyrpman şirin janym berjegim. Saña köp zat berdim diýip bilmerin Ýöne senden gaty köp zat aldym men. Bahar bagda ýolum gyzyl gülleriñ Ine, indem huzuryña geldim men. Bilýän, meniñ näçe etmişim bolsa Şonçarak gezegem bagyşlarsyñ sen. Bäş barmagym ýaly geçmişim bolsa Diñe baş barmagy alkyşlarsyñ sen. Gulagymda ýañlanyp dur çagakam Enem janyñ aýdyp beren hüwdüsi. Henizlerem hapa bolup aglasam Gözýaşym süpürýär şol hüwdiñ sesi. Käte özüm bürgütdirin öýdemde Pyntyk bolup ýarylanda höwesim. Her galamda Mariannañ düýbünde Seni beýik Ewereste deñedim. Men juda bagtyýar seniñ saýañda Gözel sährasynda mekan tutanym. Bir ýaýnasam seniñ ýaşyl ýaýlañda Garagumda göge garap ýataryn. Watanym!