*** Bu seni belki-de soñky görşümdir Ýatlamalañ dumanyna gir, ýarym. Bir ýyllyk iýmitim gaýgydyr-gamdyr Gaýgy-gamdan ýüküm tutup barýaryn. Özem ýöne-möne tutmaklygam däl, Bilýäñ: ýüregimde uly bir dert bar. Daşa oýup ýazan deýin ýüregme Adyñy nagyşlap ýazypdym, dildar. Bäş ýyl bäri göterýärin adyñy Enäñ balasyny göterşi ýaly. Belki, artygragam bolmagy ahmal (Bäş ýyl dokuz aýdan bäşisi dälmi?!) Indi bäş ýyl bäri gamly gijeler Seni ýatlap, gama batmak hünärim. Şadyýan gijelem galmagyn derde – Şonda-da, men seni... Seni söýýärin. Eger, göwün içre bir ünji düşse, Şaýat bolar maña syrdaş depderçäm. Ýöne ýürek tarlaryñyñ owazyn— Ýakymly owazyn haçan eşderkäm? Her bakamda soñky gezek gözlerñe Men mydama şular hakda oýlandym. Gije gözel gözleñ bilen ukladym Ertir süýji sözleñ bilen oýandym. Bu-da, belki seni soñky görşümdir, Ýatlamalañ dumanyna gir, ýarym. ...Saña basymrajyk gowuşmak üçin Senden barha uzaklaşyp barýaryn.
Novcha 13 years ago- Oran gowy goshgy