Gar ýagýar, däne-däne hemem ap-ak, Gar ýagýar agaçlañ başyn agyrdyp, Gar ýagýar şemalyñ öñünde tozap, Gar ýagýar şar-gara saçym agardyp. Gar ýagýar zemini basyp bagryna “Seni söýýän” diýen bolup gar ýagýar. Ýagýar haýran galyp suwuñ sabryna, Suwy yryp bilmän juda az ýagýar. Özem şol ýagyp dur arman-ýadaman Tozgalar howlukman zemine düşýär. Bir şahada gybat kakýan şadyýan Öý-öwzarsyz ýetim serçe üşeýär. Soñ birden duýulýar bir güñleç seda Şahalar myhmansyz galýar bir sellem. “Ýene biraz wagtdan bolarlar peýda” Göwünlik berýärin özüme men hem. Gar bolsa ýagyp dur, şol ýagyp durşy Agajyñ ak donun biçipdir eýýäm. Sowuk bolup geçsin Ankarañ gyşy Ynan, gar, men seni ýürekden söýýän. 2000-nji ýyl

Köneler, atawatan tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir